Bathyzda ýabany haýwanlaryň gözegçiligi we sähra pişiginiň täsin aýratynlygy
34 Türkmenistan döwletimiziň faunasynda duş gelýän ýabany haýwanlaryň, şol sanda ýabany pişikleriň görnüşleriniň goralyp saklanmagy dünýä ýüzüniň biodürlüliginiň goralyp saklanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýabany pişikleriň seýrek duş gelýän hem-de dünýäniň faunasynda ýitmek howpy abanýan görnüşleriniň ylmy tarapdan öwrenilmegi we goralyp saklanmagy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň döwlet tebigy goraghanalarynyň ýyllyk iş meýilnamalarynyň esasynda tebigy meýdanlarda iş saparlary gurnalmak bilen yzygiderli ylmy gözegçilikler ýerine ýetirilýär.
2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda ýabany haýwanlar boýunça Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ylmy-barlag işleri geçirildi. Iş saparynda goraghananyň ýolbaşçysy Yhlas Çaryýew hem-de döwlet gözegçileri geçirilen meýdan barlaglaryna gatnaşdylar, şeýle ylmy hem-de gorag işleri boýunça hünärmenler özara tejribe alyşdylar.
Sähra garaguşy Türkmenistanyň täsin tebigatynda, dürli landaştlarda ýabany pişikleriň 7 görnüşi duş gelýär. Olardan alajagaplaň (Panthera pardus), garagulak (Caracal сaracal), geçigaplaň (Lynx lynx), köwük (Felis margarita), manul (Otoсolobus manul) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024), Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) gyzyl sanawuna hem-de Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasynyň (CITES) sanawuna girizilen görnüşlerdir. Şeýle hem ýurdumyzda ýabany pişiklerden sähra pişigi (Felis libica) we gamyş pişigi (Felis chaus) giňden ýaýran görnüşlerdir. Birnäçe ýurtlaryň faunasynda bu görnüşleriň ýaýrawy örän çäkli hem-de seýrek duşýanlygy üçin TGHB-niň gyzyl sanawuna hem-de CITES –iň sanawuna hem girizildi.
Depe syçançy Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ýabany pişikleriň 4 görnüşi: alajagaplaň, garagulak, gamyş pişigi, sähra pişigi gabat gelýär. Ylmy iş saparynda 2022-nji ýylda ene alajagaplaňyň pişijekleri bilen surat enjamyna düşen ýerlerinde, şeýle hem syrtlanyň, möjegiň yzlarynyň anyklanan derelerinde surat enjamlary gurnaldy. Goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Nurmuhammet Hudaýgulyýew goraghanada birnäçe ýyllar bäri işleýär. Ol Bathyzyň pisselik tokaýlyklarynda, dürli derelerinde ýabany haýwanlaryň yzlaryny dykgatly öwrenýär hem-de hereket duýujy surat enjamlaryň üsti bilen goraghananyň meýdanlarynda ýaşaýan ýabany haýwanlaryň ekologiýasy we biologiýasy barada köp maglumatlary toplaýar. Ol goraghananyň meýdanlarynda alajagaplaňa duşan ýerleri barada bize täsirli gürrüňleri hem berdi. Bathyzyň Ýeroýulanduz çöketliginde goýlan surat enjamyndaky garagulagyň hem-de aýraklaryň sürüsiniň wideo ýazgylary goraghananyň ylmy işgärlerini örän begendirdi. TGHB-niň ýabany pişikler boýunça bilermeni T.Rozen iş saparynda soňky ýyllarda Bathyz goraghanasynyň meýdanlarynda alajagaplaň boýunça, ýagny ene alajagaplaňlaryň köpelýändigi barada takyk ylmy maglumatlaryň bardygyny hem-de ýabany haýwanlaryň goralyp saklanmagy babatda Türkmenistanda köp işleriň ýerine ýetirilýändigini aýratyn belledi.
Baýguş Hemişe dag-derelerde barlaglary geçirýän pursadymyz tebigy meýdanlarda dürbüniň kömegi bilen aýraklary, jerenleri synlamaga bize köp mümkinçilikler döreýär. Ýabany haýwanlary ýakyndan görmek we surata düşürmek tebigaty öwrenijiler üçin üstünlikli pursat hasap edilýär. Meýdanlarda ýabany haýwanlaryň yzlary surata düşürilýär we ölçegleri dykgatly alynýar. Iş saparynda guşlardan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen sakgally garaguş (Gypaetus barbatus), sähra garaguşy (Aquila nipalensis), bürgüt (Aquila chrysaetos), gajar (Aegyplus monachus), şeýle hem depe syçançy (Buteo ruffinus), göwenek (Falco tinnuculus), baýguş (Athene noctua), çöl pit-pitisi (Bucanetes githagineus), uly gaýa daşdeşeni (Sitta tephronota), dag süleçiçi (Emberizia сia), gögerçin (Columbia livia), mollatorgaý (Galerida gristata), gara çekeýik (Oenanthe piсata) hasaba alyndy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen sähra garaguşy uçup geçýän, gyşlaýan görnüş, ýurdumyzda ýazyna martda-aprelde, güýzýne sentýabr-noýabr aýlary uçup geçýär. 2019-nji ýylyň aprel aýynda hem Bathyzda geçirilen ylmy barlaglarda sähra garaguşynyň hem-de depe syçançynyň Saragtdan Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanyna çenli ýol ugur aralykda köp sanlysy hasaba alyndy. Şeýle hem iş saparynyň dowamynda depe syçançynyň gabat gelşi boýunça maglumatlar toplandy, ol oturymly görnüş, gyşyna käbir bölegi göçüp-gonýar, günorta taraplar süýşýär. Tebigy meýdanlarda guşlaryň esasy iýmiti bolan gemrijiler giňden gabat gelýär. Gyzyljarda barlaglar geçirilende deräniň beýikliklerinde ýyrtyjy guşlar, ýol ugurda 1 kepjebaş hasaba alyndy. Tebigat kalendary boýunça alnanda gyş pasly ýylanlaryň uka gitmeli wagty, emma 2025-nji ýylyň noýabr aýy bolsa hem howanyň gündizlerine örän gyzýandygyny belledik. Gün ýaşmaga az wagt galan bolsa hem Gyzyljardan Kepeledäki düşelgä yzymyza gaýdanymyzda ýol ugurda 2-3 ýerde tilki gabat geldi. Tilkini hemişe surata düşürmek amatly bolýar, bu jandaryň özüniň hem bilesigelijilik häsiýeti bar, ol duşan wagty bir az salym gaçýarda, göz ýetesi aralykda saklanyp yzyna seredip durýar. Şonuň üçin hem pissäň aşagyna baryp ýatan pursady, guran uly çomuçlaryň aralaryndan seredýän pursatlary surata düşürildi. Gün ýaşmazynyň öň ýanynda duşan tilkini hem surata alýan wagtymyz çöp-çalamlaryň arasynda ýatan pişige gözümiz düşdi, “çep tarapda pişik bar”- diýip biri-birimize habar berip dessine surata düşürip başladyk. Çöp-çalamyň içine bukulýan pişigiň görnüşini saýgarmak kyndy, birden hem kellesini çykaryp biz tarapa seredende oňa sähra pişigidir - diýen pikirimiz ters boldy. Ol gür otluga bukulyp kellesini galdyryp bize tarap seredende hem-de ýapyrylyp hereket edip başlan pursady “başga pişige meňzeýär, alajagaplaňmy” - diýip çaltlyk bilen ulagy geçmesi kyn ugurlara aýlap bu pişigi görüp anyklamaga hem-de ýakyndan suratyny almaga başladyk. Ýyldyrym çaltlykda ýabany pişik gözden ýitdi. Düşüren suratlarymyzy uly gyzyklanma bilen görüp başladyk. Tebigatymyzyň täsinligini, guşlaryň we ýabany haýwanlaryň dürli görnüşleriniň suratlaryny düşürip goraghanalaryň surat arhiwlerine uly ýardam berýän tebigaty söýüji, suratçy Atamyrat Weýisowyň surat enjamyndaky suraty we wideo şekilleri görüp bu pişigiň sähra pişigidigine göz ýetirdik. Sähra pişiginiň düşürilen suratyny we wideo ýazgydaky hereketini görseňiz berýän gürrüňlerimiz bilen ylalaşarsyňyz diýip belleýärin. Bize köp raýatlar sähra pişigini görüp “alajagaplaňy ýa-da onuň pişigini gördük” diýip habar berýärler. Sähra pişiginiň hem başga haýwanlara mahsus bolan özüniň daşky hereketlerini üýtgetmegi ýa-da beýleki haýwanlara meňzemek häsiýetleri (mimikriýa) tebigatda ýaşaýan jandarlarda bar aýratynlykdyr. Ýabany haýwanlaryň arasynda biri-birine daşky meňzeşligi edýän häsiýetlerini - britaniýaly biolog, jahankeşde, tebigaty söýüji Genri Uolter Beýts (1825-1892) ilkinjileriň hatarynda öwrenipdir. “Ýabany haýwanlaryň meňzemek, öýkünmek häsiýetleri (mimikriýa)” – baradaky adalga bu janly-jandarlaryň başga ýabany haýwanlara öz daşky ululygyny, görnüşini we reňklerini üýtgetmek, meňzetmek bilen aldawa düşürip, özlerini gorap bilmek başarjaňlygydyr.
Tilki Sähra pişigi - Afrikada, Ortaýer deňziniň käbir ýerlerinde, Hytaýda, Azerbeýjanda, Ermenistanda, Eýranda, Merkezi Aziýada we başga ýurtlarda gabat gelýär. Onuň bedeniniň ululygy 63-70 sm, guýrugynyň uzynlygy 23-33 sm ýetýär. Bedeniniň reňki çal-sary, köplenç goýy sary reňkdäkileri daglyk ýerlerde gabat gelýär, bedeninde köp sanly tegmilleri bar. Guýrugyndan gara halkalar geçýär. Biziň ýurdumyzda daglyk ýerlerde, Garagum sährasynda, dagetek medeni zolaklarda, derýa jeňňeliklerinde gabat gelýär. Ýurdumyzyň goraghanalarynda sähra pişiginiň ýaşaýyş aýratynlygy barada köp maglumatlar toplandy. Olaryň köpelýän ýerleriniň kordinatlary hasaba alyndy. Taryhy ylmy maglumatlara salgylananymyzda 1929-1950-nji ýyllarda bu ýabany pişigiň hem derisi köp mukdarda alnypdyr. Ýöne derisiniň gymmatlylygynyň ýokdugy we önümçilikde hiliniň pesdigi üçin pişikleri tutmak bes edilipdir. Şeýlelikde bu ýabany pişigiň ýurdumyzda ýaýrawy giň we olaryň goralyp saklanmagy, ylmy tarapdan ekologik aýratynlygynyň öwrenilmegi örän wajyp. Şeýlelikde her bir ylmy gözegçiliklerde tebigatymyzda ýaşaýan ýabany haýwanlaryň dürli görnüşleri boýunça gyzykly, täsirli wakalara gabat gelýäris, geljekde hem janly tebigat barada toplan maglumatlarymyzy okyjylarymyza ýetireris.
AKNABAT POTAÝEWA
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň, Ylmy bölüminiň başlygy