Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri tebigaty goramakda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny özleşdirýärler

35
  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda 2136 karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzda “SMART-gözegçilik” ulgamyny ornaşdyrmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Uly Landşaftlary goramak merkeziniň arasynda Özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaş guramasy bilen bilelikde guramaklarynda, 2025-nji ýylyň 2-4 dekabrynda Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda tebigaty goramakda “SMART-gözegçilik”  ulgamyny ornaşdyrmak we peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny öwrenmek boýunça okuw-maslahaty geçirildi.
“SMART-gözegçilik” ulgamyny ornaşdyrmak boýunça ýerli  bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde gözegçiligi güýçlendirmek we biologik köpdürliligi, seýrek duş gelýän we adaty bolan landşaftlaryň abat saklanylmagyny hem-de dikeldilmegini üpjün etmekde şeýle hem, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny yzygiderli öwrenmekde we ösdürmekde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
  Maslahatyň birinji güni “SMART-gözegçilik” ulgamyny peýdalanmagyň usullaryny öwrenmek boýunça okuw çärelerine bagyşlandy. Gorag we ylymy bölümleriň işgärleri tebigaty goramak pudagynyň halkara standartyna laýyk gelýän “SMART-gözegçilik” (Spatial Monitoring and Reporting Tool) ulgamynyň peýdalanşy we ulanylyşy bilen doly tanyş boldular. Maslahatyň dowamynda ministrligiň wekili ýurdumyzda biodürlüligi gorap saklamak boýunça öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmekde şunuň ýaly usulyýetleri ornaşdyrmagyň wajyplygyny belläp geçdi. Ministrligiň hyzmatdaş guramasy bolan Conservation X Labs tarapyndan “SMART-gözegçilik” ulgamyny ornaşdyrmak we goraghananyň hünärmenleriniň peýdalanmaklry üçin ýörite enjamlar (smartfonlar, kompýuter) bilen üpjün edildi.
Okuw maslahatyň soňky günleri döwlet gözegçileri meýdan şertlerinde “SMART-gözegçilik” ulgamyndan peýdalanmagyň tärlerini öwrenmäge sarp etdiler. Döwlet gözegçileri “SMART-gözegçilik” ulgamynyň tejribeli hünärmenleri bilen bilelikde meýdan şertlerinde ýol ugry boýunça hereket edip, geçirilen gözegçililk okuwynda  “gabat gelen” haýwanlaryň yzlarydyr, bikanun awçylaryň duzaklary ýaly maglumatlary, wakalary öz smartfonlarynda resmileşdirmegi öwrendiler. Mundan başga-da olar takyk GPS nokatlaryny, wakalary bada-bat fotosurata düşürmegi hem-de ýol ugrunyň has zerur meýdanlaryny smartfonda bellige almagynyň aýratynlyklaryny öwrendiler. 
  “SMART-gözegçilik” ulgamyny özleşdirmek – Türkmenistanyň Daşky gurşawyny goramak ministrliginiň edara kärhanalaryny sanly ulgama geçirmek işlerini ýola goýmakda zerur ädimleriň biridir. Şeýle tehnologiýalary daşky gurşawy goramak çärerlerini alyp barmakda ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak ulgamynyň häzirki zaman ösen tehnologiýaly pudaga öwrülmek boýunça maksatlara ýetmekligine jogap bolýar. Şeýlelik bilen, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy ajaýyp tebigatymyzy netijeli gorap saklamakda, gorag işlerini has-da güýçlendirmekde aýdyň we jogapkärli ugry bolan täze ýokary hilli derejäni eýelär.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary
M.Dosow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04