YLYM DÜNÝÄSINDE TÄZE GÖRNÜŞ - RUSTAMOWYŇ ASTRAGALY
16 Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň W.L.Komarow adyndaky Botanika institutynyň "Ýokary ösümlikleriň sistematikasynyň habarlary" atly ylmy ýyllyk neşirinde Kiçi Balkan gerşi bilen Garagumy aýyrýan dag etegi düzlüginde aşaky alamatlar boýunça ýakyn görnüşlerden tapawutlanýan astragalyň täze görnüşiniň tapylandygy barada habar çap edildi: daşky görnüşi, gülýapraklaryň we ýapraklaryň ölçegleriniň gatnaşygy, reňki we ýapraklaryň şekili. Bu kiçijik ösümlik ylym üçin täze, Kiçi Balkanyň dag eteklerine we Günbatar Köpetdagyň demirgazyk eteklerine endemik (bir ýere mahsus) görnüş bolup, häzirki wagta çenli başga ýerlerden mälim däldir. Uly neşirde şeýle bir makalanyň çap edilmegi, görnüşiň we onuň adynyň dünýä ylmy üçin resmi taýdan tassyklanmagy we ykrar edilmegi bolup durýar.
Bu ösümlik Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aýratyn howply ýokançlyklaryň öňüni alyş merkeziniň Gyzylarbat bölüminiň işgäri, biologik ylymlaryň kandidaty – botanik-sistematik Aleksandr Pawlenko, şeýle hem Astrahan döwlet uniwersitetiniň professory A.P.Laktionow tarapyndan beýan edildi. Awtorlar endemik ösümligiň adyny Türkmenistanyň çäklerindäki çölleri öwrenmäge ömrüni bagyş eden biologik ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, geobotanik Ynkylap Gowşowiç Rustamowa (1929–2013) bagyşladylar. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň dekany bolup, geljeki alymlaryň birnäçe nesliniň ylmy ýolbaşçysy hökmünde, ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri ýerli geobotanikleri we sistematikleri taýýarlamak bilen meşgul boldy.
Ösümlik ilkinji gezek on ýyl mundan ozal, tötänden tapyldy. Şondan soňky köp ýyllyk gözegçilikler we geň otjumak köpýyllyk ösümlik boýunça edebi çeşmeleriň gaýtadan işlenilmegi, ylymda entek näbelli täze bir zat bilen iş salşylýandygy baradaky pikiri döretdi. Onuň ýagty-sireň, käwagt gülgüne gülleri, ýere ýaýran inçe, galyň tüýjümekligi sebäpli kümüşsow sütünleri we ýapraklary göze ilýärdi. Birnäçe ýylyň dowamynda doly gerbariý materialy ýygnanyldy we floristik täzeligi beýan edýän makalany neşir etmäge mümkinçilik döredi. Täze görnüşiň ýaýrawyna degişli gaty köp edebiýatyň gaýtadan işlenilmegi bilen birlikde, köp wagtyň dowamynda şol ýerlerden ýygnanan köp sanly gerbariý nusgalary öwrenildi, bu materiallar bolsa bütin dünýäde ýaýran eken.

Munuň sebäbini Kiçi Balkanyň we Günbatar Köpetdagyň dag etekleriniň botaniki barlaglarynyň taryhyna ser salyp düşündirmek mümkin. Balkan welaýatynyň barlaglary, diňe bir botaniki barlaglar däl-de, XIX asyryň ikinji ýarymynda işjeňleşdi we Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydy. Kiçi Balkana ilkinji bolup gelen barlagçy, Sankt-Peterburg şäheriniň uniwersitetiniň goldawy bilen işlän A. A. Antonow (1859 – 1904 ýý.) boldy. 1889-njy ýylyň maý aýynda, Türkmenbaşy şäherinden Gyzylarbada barýan wagtynda, ol her bir stansiýada, şol sanda Balkan welaýatynyň Perewal (häzirki Altyn asyr) stansiýasynda gysga wagtlyk saklanýardy. Ol golaýdaky ýerlere bir günlük gezelenç edip, Kiçi Balkanyň demirgazyk eteklerinde biziň täze görnüşimize gaty meňzeş ösümlikleriň kiçijik gerbariý ýygyndysyny ýygnady.
Birnäçe ýyl soňra Gyzylarbatdan Türkmenbaşy şäherine çenli demir ýoluň ugrunda gerbariý ýygnan belli nemes farmasewti we tebigaty öwreniji P. Sintenis (1847 – 1907 ýý.) boldy. Ol häzirki Magtymguly we Etrek etraplarynyň çäklerinde hem işlemek başartdy. Ol iki ýylyň dowamynda uly material ýygnady, soňra ol Awstriýa alnyp gidildi we şol ýerden köp Ýewropa ýurtlarynyň dürli gerbariý ýygyndylaryna düşdi. Onuň materialy esasynda, onda köp astragal nusgalary bardy, birneme soňrak awstriýaly botanik I. Freýn (1845 – 1903 ýý.) tarapyndan onlarça täze görnüş beýan edildi. Sintenisiň ýygyndysynda biziň täze ösümligimiz hem bolup biljekdi. Näbelli astragala salgylanmalary Beýik Watançylyk söweşi ýyllarynda Kiçi Balkanyň ösümlik örtügini düýpli öwrenen R. P. Tarasowyň (Sankt-Peterburg ş.) neşirinde hem duş gelmek mümkin.
Eýýäm belli bolan görnüşiň gaýtadan beýan edilmeginden çekinip, ýokarda agzalan öňküler tarapyndan ýygnanan materiallary öwrenmek, Daşkendiň (Özbegistan), Moskwa we Sankt-Peterburg (Russiýa Federasiýasy), şeýle hem Berlin (Germaniýa) we Brno (Çehiýa) gerbariý gaznalaryna ýüz tutmak zerur boldy. Meňzeş ösümlikleriň hödürlenen wirtual sanly nusgalaryna görä, Rustamowyň astragaly – düýpden täze görnüş diýen netijä gelmek mümkin boldy. Täze ösümlikleriň açylmagy – bir ýylyň we bir adamyň zähmeti däl-de, irginsiz we zähmet talap edýän işdigini bellemek isleýärin. Onuň netije gazanmagy üçin, giň ylmy jemgyýetçiligiň hemmetaraplaýyn goldawy zerur bolup durýar, munuň netijesinde türkmen florasy ýene bir görnüş bilen baýlaşdy.
Nikolaý PAWLENKO
Moskwa halkara uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň III ýyl talyby