ÝERLERDEN PEÝDALANMAK — DURNUKLYLYK WE TOPLUMLAÝYN DOLANDYRYŞ

34
  Türkmenistanda häzirki wagtda “Ýerleriň zaýalanmagynyň  bitarap deňagramlylygy” diýilýän döwrebap çemeleşmäniň durmuşa geçirilmegi boýunça howa-klimat şertleri baradaky maslahatlaşmalar dowam edýär. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Global Ekologiýa Gaznasynyň bilelikde amala aşyrylýan Aral taslamasynyň çäklerinde ýurduň demirgazyk-gündogar sebitlerine degişli bolan pilot zolaklarynda — Türkmenistanyň Aral ýakasynda — ekerançylyk maksatly ýerleriň, ýagny ekin meýdanlarynyň we öri meýdanlarynyň häzirki ýagdaýyna baha bermek boýunça usulyýet boýunça işler alnyp barylýar. Maksat — “Ýerleriň degradasiýasynyň bitarap deňagramlylygyna” ýetmek üçin toplumlaýyn (integrirlenen) ýerlerden peýdalanyş meýilnamasyny taýýarlamakdyr.
  Bu global çemeleşmäniň esasynda ýörelgeleri halkara eksperti Kanyş Nuryngereýew taslamanyň synag sebitlerinde – Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda — geçirilen meýdan barlaglarynda we tematik seminarlarynda düşündirdi. Onuň bellemegine görä, bu ýörelge ýerleriň ýitgi proseslerini azaltmak, başgaça aýdanyňda, degradasiýany (ýerleriň zaýalanmasy) “nol” derejä çenli peseltmek we soňra ýerleriň ýagdaýyny kem-kemden gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, Çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýanyň Sekretariaty tarapyndan işlenip düzlen halkara esas ýerli ýerlerden peýdalanmak däplerine uýgunlaşdyrylmagy, tebigy we howa şertlerine laýyklaşdyrylmagy talap edýär. Bu bolsa ýurt tarapyndan aýratyn landşaftlara laýyk öz milli çemeleşmesiniň, öz garaýşynyň we täsirli çäreleriniň toplumynyň işlenip taýýarlanylmagyna getirýär.
  Aral taslamasy bilen bilelikde işleýän K.Nuryngereýew ilki bilen synag sebitlere baryp, güýzlük dänä ekilen meýdanlary, pagta ekinlerini, bag-bakçalary hem-de tokaý we öri zolaklaryny synlady. Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýer gullugynyň etrap we welaýat bölümleriniň wekilleri, ýerli dolandyryş, daýhanlar, ekerançylar we maldarlar bilen duzlaşan we duzlaşan-dadar ýerleriniň rekultiwasiýasy boýunça maslahatlara gatnaşdy.
  Taslamanyň Aşgabatdaky merkezinde gazete beren interwýusynda ekspert häzirki wagtda klimat şertleriniň aridizasiýasyna degişli tutuş Merkezi Aziýa giňişliginde ekerançylygyň esasynyň täze bilimleriň we tehnologiýalaryň özleşdirilmegine, agrotehnikanyň täzeden gözden geçirilmegine, ekin aýratynlyklarynyň üýtgedilmegine hem-de suw tygşytlaýjy usullaryň gözlenmegine baglydygyny belledi. Ýerleriň önümçilik derejesinde saklanylmagy aýratyn möhümdir, sebäbi oba hojalygynyň ösüşi döwlet goldawyna, dürli pudaklaryň özara hyzmatdaşlygyna we hökümet, ýerli dolandyryş hem-de gönüden-göni daýhanyň sinergiýasyna daýanýar.
  Bilermeniň aýtmagyna görä, ol ilkinji gezek Türkmenistana 1994-nji ýylda gelipdi we şol döwürden bäri türkmen daýhanlary ekerançylyk öndürijiliginiň derejesini düýpgöter ýokarlandyrdylar, ösdürilýän ekinleriň sanawy giňeldi. Daýhanlaryň ýere bolan aýawly çemeleşmesini belläp, ekspert ýurduň birnäçe onýyllyklardan bäri ulanýan çärelerine täzeçe garaýşy hödürleýär. Bu çäreler häzirki wagtda ýerleriň degradasiýasynyň bitarap deňagramlylygyna laýyk gelýär. Olar: zeýkeş ulgamynyň gurlup saklanylmagy, gorag tokaý zolaklarynyň döredilmegi, öri meýdanlarynda duza we guraklyga çydamly ekinleriň, şol sanda ýolum we galofitleriň ösdürilip ýetişdirilmegi, tokaýlaryň täzeden dikeldilmegidir. Maldarlar üçin goşmaça goldaw hökmünde her bir pilot zolakda birnäçe mal suwarýan gidrotehniki desgalarynyň — guýularyň hem-de sardobalaryň — düýpli abatlaýyş işleri we öňki ulanyş derejesine getirilmegi meýilleşdirilýär.
  Myhman saparyň dowamynda hereket meýilnamasyny (ýol kartasyny) taýýarlamak üçin möhüm maglumatlaryň toplanandygyny aýtdy. Ýeňil düşnükli öwüşgin bilen aýdylsa, bu ýerleriň ýagdaýyna örän oňyn täsir ýetirip biljek iň netijeli çäreleriň sanawydyr. Şeýle hem ýerli ekerançylaryň nusgalyk ýagdaýda oňyn garaýşyny, täzeçilere açyklygyny, tejribe paýlaşmaga taýynlygyny, häzirki gidrologik şertlere uýgunlaşmaga, oba hojalygynda täze suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga taýýardygyny belledi.

Ýelena DOLGOWA

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04