Garagulak
51 Garagulak haýwanat dünýäsiniň ýyrtyjylar otrýadynyň pişikler maşgalasyna degişlidir. Onuň bedeniniň uzynlygy bir metre golaý, uzyn aýakly, uzyn boýly, gaty çalasyn, orta ululykdaky jandardyr. Ol biziň ýurdumyzyň düzlik meýdanlarynda we daglaryň aşaky guşaklarynda ýaşaýar.
Garagulaklar guşlary, süýrenijileri, gemrijileri, süýdemdirijileri awlaýarlar. Olaryň esasy iýmiti towşanlardyr. Garagulaklar esasan ýekelikde ýaşaýarlar. Aprel, maý aýlarynda 2-3 sany çaga dogurýarlar. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda ýabany haýwanlaryň gije-gündiziň dowamyndaky işjeňligini, olaryň sanyny, jyns aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça uzak ýyllaryň dowamynda ylmy-barlag, gözegçilik işleri dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarmymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzda gözel tebigatymyzy, daşky gurşawy ylmy taýdan öwrenmekde dünýäniň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda goraghananyň haýwanat dünýäsini öwrenmekde hem häzirki zaman ösen tehnologiýalar ulanylýar.

Herekede täsir edýän fotogapanlaryň ulanylmagy ýabany haýwanlar barada gymmatly maglumatlar alynýar. Olaryň özlerini alyp baryşlary, gylyk-häsiýetleri sany, jyns aýratynlyklary, köpelişi barada anyk maglumatlar alynýar. Fotogapanlaryň ýyrtyjylary öwrenmekde ähmiýeti örän ulydyr. Goraghanada alajagaplaňlar, syrtlanlar, sähra pişigi, gamyş pişigi, möjek, tilki ýaly ýyrtyjy haýwanlar barada gyzykly maglumatlar ýygnamak gazanyldy. Beýleki ýyrtyjy haýwanlar bilen bir hatarda köp ýyllar bäri garagulagy surata düşürmek üçin işler geçirildi. Ahyr 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 5-ne Ýeroýlanduzyň kert gaýalarynda garagulak gije fotogapana düşdi. Bu bolsa garagulagyň Bathyzda ýaşaýşynyň dowam edýändigine şaýatlyk etdi. Garagulak Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu owadan we ajaýyp haýwany gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy
Nurmuhammet Hudaýgulyýew