Türkmenistanyň wekiliýeti Braziliýanyň Belem şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatyna (COP30) gatnaşdy.
25 Hormatly Prezidentimiz Halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, ekologik durnukly ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär.

Şu günki gün ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatyna gatnaşmagy hem şol giň gerimli döwlet syýasatynyň nobatdaky üstünlikli dowamy boldy.
Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Belem şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahaty (COP30) öz işini tamamlady. Bu iri halkara forumy dünýäniň dürli ýurtlarynda howanyň üýtgemegi, ekologik meseleler, tebigaty goramak we durnukly ösüş boýunça iş alyp barýan döwlet wekillerini, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de ekologik jemgyýetiň agzalaryny birleşdirdi.

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti 17–19-njy noýabr aralygynda bu maslahata gatnaşdy. Wekiliýetiň başynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Ö.Goşjanow boldy. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy we taslamalary utgaşdyryjy müdirliginiň esasy hünärmeni S.Mämmetmyradow hem gatnaşdy.
Maslahatyň 17–18-nji noýabr aralygynda geçirilen Ýokary derejeli segmentinde (High-Level Segment) dürli ýurtlaryň ministrleri, hökümet wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Türkmenistanyň wekiliýeti bu möhüm çärede tebigy serişdeleri goramak, zyňyndylary azaltmak, global ekologik hyzmatdaşlyk, dünýäde howanyň üýtgemegi boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan esasy çäreler barada ýokary derejeli çykyşlary diňlediler.

BMG-niň howa babatdaky gün tertibiniň häzirki ugurlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Maslahatyň dowamynda wekiliýetimiziň agzalary Belem şäherindäki COP30-yň sergi meýdançalaryny hem gezip gördüler. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryň, halkara guramalaryň, ylmy merkezleriň we ýöriteleşdirilen institutlaryň meýdançalary görkezildi. Bu sergiler ýurdumyzyň gelejekdäki halkara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri babatda gymmatly maglumatlary we tejribeleri berdi.
Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatyna (COP30) gatnaşmagy ýurdumyzda alnyp barylýan ekologik syýasatyň halkara derejesinde pugta orun eýeleýändigini, ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde işjeň orny eýeleýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.