LEAP: ADAM BILEN TEBIGATYŇ TÄSIN BAGLANYŞYGY

72
  Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy maksatnamasynyň (FAO) goldawyna eýe bolan "Mallaryň daşky gurşawyň netijeliligini bahalandyrmak we gowulaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyk" atly giň gerimli LEAP maksatnamasy S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin öz gapysyny açdy.
  Uzak aralyk okuwlaryň yzygiderli geçirilmeginden soň, bilimlerini synagdan geçirmek üçin, maksatnamanyň soňky tapgyrynda Aşgabatda uly duşuşyk guraldy. Bu ýere Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Maldarçylyk we weterinariýa lukmançylyk institutynyň alymlary, şeýle-de uniwersitetleriň wekilleri ýygnandylar. Olar oba hojalygyň esasy ugurlaryny, pikirleri, kesgitlenen ölçegleri we netijelilik esaslaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda sessiýa Italiýadan, Türkiýeden we Hytaýdan gelen FAO-nyň halkara derejeli hünärmenleri ýolbaşçylyk etdi.
  Olar dünýäniň dürli sebitlerinde durmuşa geçirilip, häzirki wagtda bolsa Merkezi Aziýada öňe sürülýän bu maksatnamanyň esasynda "ekosistemanyň hyzmatlary" adalgasynyň ýatandygyny we tebigy gurşawy goramagyň ykdysady bähbitlerine baha bermegi öz içine alýandygyny nygtadylar. 
Maslahatlarda mallary, balyklary, guşlary ösdürip ýetişdirmegiň, hatda bal aryçylygyň hem daşky gurşawa gowy täsir edýän taraplary ýüze çykaryldy. Biziň ýurdumyzyň gymmatly önümleri: et we süýt, bal we ýüň bolup, olar bilen birlikde ýerli topraklara we howa şertlerine çydamly saryja we garaköli goýunlary, arwan düýeleri, şeýle hem dünýä belli türkmen itleri – alabaý we tazy ýaly beýik jandarlar agzaldy. Şeýle-de, haýwanlaryň belli bir toparyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly ösen milli aşhanamyzyň ähmiýeti bellendi.
  Maldarçylyk pudagynyň beýik goşandy, weterinariýa lukmançylygy arkaly haýwanat dünýäsinde gorag roluny oýnap, zoonotik (adamlara we haýwanlara umumy), parazit, wirus we ýokanç kesellere garşy göreşmekden ybaratdyr. 
  Maldarçylygyň iň wajyp we ähmiýetli ugurlarynyň biri mal galyndylaryny gaýtadan işlemekdir. Olary kompost we wermikompost öndürmek üçin gymmatly organiki madda hökmünde ulanmak; şeýle hem duz batgalyklaryndan netijeli peýdalanyp, öri meýdanlary üçin iýmit berýän, duza çydamly halofit ösümliklerini goşmak arkaly emeli ösümlik biosenozlaryny döretmek geljegi uly ugurlardyr.
Pudagyň girdeji çeşmelerini giňeltmek üçin bolsa, gastronomiki agro-, medeni, etno we ekoturizm ýaly ugurlar kesgitlenildi. Bu ýerlerde maldarçylyk önümlerinden taýýarlanan azyk we senetçilik harytlary, şeýle hem iň gadymy adam kärleri bilen tanyşdyryp biljek özboluşly türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlenip bilner. 
Duşuşygy Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşaw ministrlikleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba Hojalygy Guramasy (FAO) goldady. 

Gülnabat Jumamyradowa,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň 
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04