2026-2030-njy ýyllarda tokaý hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýol kartasy.
11 Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 16–17-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýar. Goňşuçylyk we durnukly ösüş ýörelgelerine taraplaryň üýtgemez ygrarlygyny tassyklaýan gepleşikleriň dowamynda strategik ähmiýetli ylalaşyklara gol çekildi.
Daşky gurşawy goramak ugrunda duşuşygyň esasy netijesi 2026–2030-njy ýyllar üçin tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk boýunça ýol kartasynyň gol çekilmegi boldy. Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrligi bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilen bu resminama, sebitde ekoulgamlary dikeltmek hem-de howanyň
üýtgemegine garşy bilelikdäki hyzmatdaşlygy tassyklaýar.