Tokaýlaryň biodürlüligi boýunça sebitleýin teklipleri işläp düzmek we ulanmak hem-de Milli strategiýalara we hereketleri meýilnamalaryna girizmek boýunça okuw maslahaty
28 Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň we şol ministrligiň “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynyň redaksiýasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 11-13-nji noýabry aralygynda Turkiýe döwletiniň Trabzon şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar.
11-nji noýabr Turkiýanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Trabzon şäherinde hem Milli agaçlandyrma gününe bagyşlanyp ýörite ýaş bag nahallaryny oturtmak çäresi geçirildi. Bu çärä okuw maslahatyna baran iş topary hem gatnaşdylar. Bu çärä 2019-njy ýylda Turkiýanyň Prezidenti tarapyndan yglan edilip her ýylyň Noýabr aýynyň 11-ne, 11-sagat, 11-minutda hökümet ýolbaşçylary tarapyndan badalga berilýär. Çärä hökümet ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýokary we orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, çagalar bagynda terbiýelenýän ýaş nesil hem gatnaşdy.

Soňra Türkiýede goralýan ýer bolan Altyndere milli seýilgähine tanyşdyrylyş we gezelenç gurnaldy. Altyndere milli seýilgähi Trabzonyň şäher merkezinden takmynan 50 km günortada, Magka etrabynda ýerleşýär. 1987-nji ýylda Milli seýilgäh diýlip yglan edilen we Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministrligi tarapyndan dolandyrylýan bu ýer ajaýyp geomorfologiýany ösümlikleriň ajaýyp dürlüligi bilen utgaşdyrýar. Onuň iň meşhur nyşany Altyndere jülgesiniň günbatar ýapgydynda, deňiz derejesinden takmynan 300 metr beýiklikde ýerleşýän Sumela Buthanasydyr. Seýilgäh her ýyl ýüzlerçe müň syýahatçylary özüne çekýär.

Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjy döwletleriň wekilleri tarapyndan ýurdunyň tokaýlarynyň biodürlüligi boýunça taýýarlanan prezitasiýalary diňlenilip sorag-jogaplar arkaly özara pikir alşyldy hem-de toplanan iş tejribeleri bilen tanyşyldy.
“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak žurnalynyň”
Baş redaktory Myratberdi Akyýew.