Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynda “Harmanyňyza bereket edermen babadaýhanlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

14
   Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlyk-şowhunlara beslenýär. Diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ähli halk derejesinde bellenilýän Hasyl toýy ähli babadaýhanlaryň alyn derini seçip çekýän halal zähmetine, mähriban topragymyza siňdirýän päk yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, kalplarymyzy heýjana getirýär...
   Şol zähmetiň oňyn miweleri rysgal – bereketiň altyn täji bolup, milletimiziň agzybirlik suprasyny bezeýär. Watan harmanyna guşgursak gallanyň, ak altyn egsilmez baýlygy bolup goşulýan bu hazyna halkymyzyň göwün ganaty, geljekki buýsançly ösüşlerimiziň binýady, bagtyýar geljegimize  barýan ýolumyzyň altyn menzilleridir. Biz bu toýlary tutuş halkymyz bilen bilelikde toýlanymyzda, agzybirligimiziň halal hem tämiz gözbaşyna gaýtadan dolanýarys, eziz topragymyzyň gadymy hem müdimi bitewilik ýolunyň gursaklarymyzda mizemezligini beýan edýäris. Ýurdumyzyň edermen daýhanlary bu ýylda hem Hasyl baýramyna uly ýeňişleri bilen geldiler.
  Agzybirlikde çekilen joşgunly zähmetiň, ýetilen ajaýyp sepgitleriň egsilmez şatlygyny, buýsanjyny bu günki günde, tutuş halkymyz baýram edip toýlaýar. Berkarar Watanymyzyň şäherdir obalarynda, her bir öýde, döwletli ojaklaryň başynda ýazylan giň saçaklar täze hasyldan taýýarlanan toý nygmatlary bilen bezelip, zähmetsöýer ilimize, Hormatly Prezidentimize tükenmez alkyşlar aýdylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi göniden-göni oba  hojalyk işgärleriniň üstünlikleri bilen baglanşyklydyr.
  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly saklamak tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak bilen bagly wajyp wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Sebäbi, bu ugur Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa babatdaky abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda binalardyr desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagy ekologik kadalaryň saklanmagy we uzak möhletleýinliginiň göze geliwliginiň göz öňünde tutulmagy wajyp wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerinde dünýä derejesinde öň hatara çykýan daşky gurşawy goramak ugrunda döwletimiziň işjeňlik görkezýän ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazardan milli ýörelgämize, asylly däplerimize eýerilip ýaş nesle ekologiýa biliminiň çuňňur berilmegi, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetiniň pugtalandyrylmagy ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.         
Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tutuş türkmen halkymyzy, watanmyzyň edermen babadaýhanlaryny Hasyl toýy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň ýolbaşçysynyň kätibi 
Dawut Aşyrbaýew

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04