Arkadag şäherinde "Tebigat durmuşyň gözelligidir" atly söhbetdeşlik geçirildi.
15 Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek barada alyp barýan ekologiýa syýasaty esasynda her ýylda döwlet derejesinde geçirilýän ähli halk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegi tebigaty, daşky gurşawy goramakda edilýän aladalaryň nyşanydyr. Halkymyzda irki döwürlerden bäri bag ekmek, ideg etmek işleri sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Şol sebäpli mundan birnäçe müň ýyl ozal hem, baryp Gorkut ata eýamy döwründe bag barada olary köpeltmek barada birnäçe aýtgylar, pähimler parasatly sözler döräpdir. Hemmämize mälim bolan Gorkut atanyň “Bir nahal ekseň, ömrüň baky”, Bir şahany döwdügiň, eliňi aýagyňy döwdigiňdir” ýaly bag barada aýdan pähimleri muňa şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda çapdan çykan “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda hem bag barada birnäçe paýhasly sözler ýerleşdirilipdir: “Bag barsyz bolmaz-at timarsyz”, “Bagym bar barym bar”, “Bag ekeniňki ýap çekeniňki”. Bu aýtgylary we atalar sözleri okanymyzda baglaryň adam durmuşynda nähili orun tutýandygyna düşünüp bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başyny başlan döwletli tutumlarynyň netijesinde, ýylyň iki möwsüminde ýaz we güýz aýalarynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, ynsan ýaşaýşynda ýokary ähmiýeti bolan arassa howa gurşawyny döretmekde möhüm orun eýeleýär. Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen milli we ähli umumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda esasan hem ýurdumyzda ilatly ýerleriň köpelýändigini şeýlede daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa düzüminiň ýokary depginler bilen ösýändigi bilen baglylykda ýaşyl zolaklary we tokaýlary giňeltmek göz öňünde tutulýar. Bilşimiz ýaly, her ýylda ýurdumyzda dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň 4 paslynda hem gök öwsüp durýan pürli agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar. Еkilýän bag nahallarynyň dürli sebitleriň toprak howa şertlerine has durnukly görnüşlerini saýlap almaga hem uly ähmiýet berilýär. Alymlaryň we hünärmenleriň maslahatyna görä, ýollaryň ugrunda hem-de şäherleriň we obalaryň golaýynda ekilýän pürli agaçlaryň daşky gurşawa zyýanly gazlardan we tozan garyndylaryndan çalt arassalaýandygy, adamlaryň saglygyna oňat täsir edýändigini nygtaýarlar. Umuman türkmen halkymyz bag ekmegi sogap iş hasaplaýar. Bag barlyk bakylyk, bag bolçulyk bagt. Goý eziz watanymyz hemişe bagy bossanlyga bürenip, özgerişiň galkynyşyň dabaralanýan ojagyna öwrülsin.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bize görelde bolýan, ekologiýa taýdan arassa şäher Arkadag şäherimizde işlemäge, ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm müdiri
Amangül Arabaliýewa