Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda ýaryganatlary öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirildi

38
  Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň guramagy bilen Germaniýaly we Özbegistanly bilermenleriň gatnaşmagynda Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda we oňa golaý ýerlerde (Gaplaňgyr belentligi, Baleýşem obasynyň gapdalyndaky akabanyň ugry, Uzynşor kölüniň meýdany, Ýedihowuz meýdany, Zeňňibaba kölüniň meýdany, Tärimgaýa belentligi, Sarygamyş kölüniň Mergenaşan jary, Bötendag belentligi we onuň demirgazyk tarapyndaky Derýalyk zeý suw akabasynyň ugry, Nalaç Baba gyry, Köneürgenç ýadygärlikler toplumy, Diýarbekir galasy) ýaryganatlary öwrenmek, olaryň görnüşlerini, sanyny hasaba almak, täze görnüşleri aýan etmek boýunça ylmy-barlag we gözegçilik işleri geçirildi.
  Gözegçilik we barlag işi Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Germaniýaly we Özbegistanly bilermenleriň, Gaplaňgyr we Amyderýa döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda alnyp baryldy.
  Geçirilen gözegçilik we barlag işleriniň dowamynda ýaryganatlaryň görnüş düzümi, sany, ekologiýasy we biologiýasy barada gymmatly maglumatlar toplandy. Şeýle-de goraghananyň barylan degişli meýdanlarynda, tebigatyň owadan ýerlerine syýahat edildi hem-de haýwanat dünýäsiniň beýleki wekillerine hem gözegçilik edildi. Geçirilen gözegçiligiň çäginde ýaryganatlaryň 8 görnüşi hasaba alyndy.
Işiň ilkinji güni Gaplaňgyr belentliginden başlandy. Gaplaňgyr belentligi we Baleýşem obasynyň aralygynda akabanyň ugrunda ýaryganatlaryň bar bolan görnüşlerini anyklamak boýunça degişli işleri geçirildi we bu ýerde onuň 1 görnüşi (Ortaýer deňiz ýaryganaty-Средиземноморский нетопырь-Pipistrellus kuhli) hasaba alyndy. Bu ýaryganat goraghananyň sanawynda täze görnüş boldy.
  Uzynşor kölüniň meýdanynda ýaryganatlaryň görnüşlerini anyklamak boýunça barlag işleri geçirilende olaryň 4 görnüşi hasaba alyndy: Buhara nalburny-Бухарский подковонос-Rhinolophus bocharicus, Göýdük ýaryganat-Нетопырь-Карлик - Pipistrellus pipistrellus, Giçki ýaryganat-Поздний кожан-Eptesicus serotinus turcomanus we Tokaý göýdük ýaryganaty-Лесной нетопырь-Pipistrellus nathusii.Ýaryganatlaryň arasynda giçki ýaryganat goraghana üçin täze görnüş bolsa, tokaý göýdük ýaryganaty Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistan üçin täze görnüş hasaplanýar. Bu görnüş Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanyndaky Uzynşor köli sebitinde hasaba alyndy.
Ýedihowuz meýdanyndaky sardoba barlananda ýaryganadyň 1 görnüşi (göýdük ýaryganat) hasaba alyndy. Şol güni agşamyna ýarganatlaryň görnüşlerini anyklamak üçin barlag işleri geçirilende Zeňňibaba kölüniň meýdanynda Gaňňagyr belentliginiň gowagynda ýaryganadyň 2 görnüşi – Buhara nalburny we Gulakman türkmen ýaryganaty-Туркменский ушан-Plecotus turkmenicus hasaba alyndy. Gulakman türkmen ýaryganatyny gözläp tapmak halkara bilermenlerimiziň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi bu görnüş, berilýän maglumatlara görä, 55 ýyl mundan öň hasaba alnypdyr, şondan bäri onuň saklanyp galandygy ýa-da galmandygy näbellidi. Geçen ýarym asyrdan gowurak wagtdan soň häzirki günde türkmen ýaryganaty Zeňňibaba kölüniň demirgazyk-günbatar tarapyny gurşap alýan Gaňňagyr belentliginden tapyldy. Bu bolsa 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda döredilmegi meýilleşdirilen Zeňňibaba döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
  Tärimgaýa belentliginde geçirilen gözegçiligiň netijesinde ýaryganadyň 1 görnüşi (Ortaýer deňiz ýaryganaty) hasaba alyndy. Sarygamyş kölüniň gündogar kenarynda Mergenaşan jarynda geçirilen gözegçilikleriň netijesinde ýaryganadyň 4 görnüşi hasaba alyndy: Buhara nalburny, göýdük ýaryganat, Uly nalburun-Большой подковонос-Eptesicus serotinus we Çöl ýaryganady-Пустынный кожан-Eptesicus ognevi (bottae).
Ýaryganatlaryň görnüşlerini anyklamak boýunça gözegçilik işleri Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag belentliginiň demirgazyk tarapynda Derýalyk zeý suw akabanyň kenarynda ýerleşýän gowakda dowam etdirildi. Alys ýollary arka atyp gelen bu nokadymyz hem ähmiýetli boldy, çünki geçirilen gözegçiligiň netijesinde bu gowak türkmen ýaryganatynyň duşýan ýeriniň ikinji nokadyna öwrüldi. Başga-da buhara nalburny, uly nalburun we göýdük ýaryganat hasaba alyndy. Şeýle-de Nalaç Baba gyrynyň günbatarynda geçirilen gözegçilikde buhara nalburny, Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň günorta-gündogar tarapyndaky Akgala galasynda göýdük ýaryganaty hasaba alyndy.
Goraghananyň we oňa golaý ýerlerde geçirilen ylmy-barlag işleriň netijesinde ýaryganatlaryň 8 görnüşi hasaba alyndy. Olardan Tokaý göýdük ýaryganaty Türkmenistan, şeýle hem bütin Orta Aziýa üçin täze görnüş, Gulakman türkmen ýaryganaty    XX asyryň 70-nji ýyllaryndan soň ilkinji sapar Türkmenistanda tapylan görnüş, Ortaýer deňiz ýaryganaty we Giçki  ýaryganat goraghana üçin täze görnüş hasplanýar.
Berilýän maglumatlara görä, tokaý göýdük ýaryganatynyň bu meýdanlarda hasaba alynmagy onuň ýaýrawunyň has gündogara süýşendigi bellenýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen ýaryganatynyň tapylmagy goraghananyň meýdanynyň, haýwanat dünýäsiniň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, ýaryganatlaryň seýrek duşýan görnüşleriniň ýaşamagy, iýmitlenmegi we köpelmegi üçin ähmiýetlidigini görkezýär, sebitiň biologiki dürlüligini gorap saklamak derejesini artdyrýar.


Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy
Arazmyrat Amanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04