«Nol Zyňyndy» atly halkara forumy
36 2025-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde daşary ýurt ministrlikleriniň we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekillerini birleşdiren ählumumy ähmiýetli «Nol Zyňyndy» atly halkara forumy üstünlikli geçirildi. Bu forum dünýä derejesinde zyňyndylary azaltmak we durnukly galyndylary dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirmekden ybarat boldy.
Foruma Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumyň giňişleýin işinde dünýäde galyndylary we zyňyndylary azaltmak boýunça ýerine ýetirilýän öňdebaryjy tejribeler we geljekki mümkinçilikler barada çykyşlar diňlenildi.

Forumyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli bölümde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekiliýeti çykyş edip, Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Hususan-da, zyňyndylary dolandyrmak, gaýtadan işlemek we täzeçil tehnologiýalary ulanmak boýunça yzygiderli geçirilýän giň gerimli çäreler aýratyn bellenip geçildi. Bu çäreler ýurdumyzyň bu ugra ygrarlylygyny yzygiderli görkezýär.
Stambul forumy ýurdumyzyň ekologiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we planetamyzyň geljegi üçin zerur bolan "Nol Zyňyndy" hereketine işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýändigini tassyklady.