ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň "Aram guşakly Turan çöller" atly serhetara obýekty boýunça Sebitleýin utgaşdyryjy işçi toparynyň 2-nji duşuşygy barada maglumat.

62
  2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň mejlisler zalynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň "Aram guşakly Turan çölleri" atly Sebitleýin utgaşdyryjy Işçi toparynyň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ÝUNESKO boýunça milli komissiýalarynyň, Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň, Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Tebigaty goramak boýunça Mihail Zukkow gaznasynyň we “Conservation X Labs” guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çöl goraghanalary halkara derejesinde ykrar edildi we 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna "Aram guşakly Turan çölleri" serhetara obýekty hökmünde girizildi. Türkmenistanda Aram guşakly Turan çöllere Repetek döwlet biosfera goraghanasy, Bereketli-Garagum döwlet tebigy we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalary girýärler.
Sebitdäki işleri utgaşdyrmak üçin Sebitleýin utgaşdyryjy Işçi topary döredildi. Sebitleýin utgaşdyryjy Işçi toparynyň ilkinji ýygnagy 2024-nji ýylda wideoaragatnaşyk görnüşde geçirilipdi. Ikinji ýygnagyň maksady, Sebitleýin utgaşdyryjy Işçi toparynyň Düzgünnamasyny, sebitleýin maksatlary we "Aram guşakly Turan çölleri" obýekty boýunça Bütindünýä mirasynyň ýerlerini dolandyrmakda üç ýurduň öňünde durýan meseleleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň kätipligine Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasynyň tertibine laýyklykda bilelikdäki hasabaty taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. 
Duşuşykda "Aram guşakly Turan çölleri" atly serhetara obýektiniň milli böleklerini gorap saklamakdaky öňegidişlikler we kynçylyklar barada hasabatlar diňlenildi we sebitdäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, Tebigaty goramak boýunça Mihail Zukkow gaznasy tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde tebigaty goramak boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň tejribesi barada hasabat berildi. Gazagystanly kärdeşler Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Günbatar Týan Şan” obýektini dolandyrmak boýunça öz tejribeleri barada çykyş etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar Sebitleýin Işçi toparynyň Düzgünnamasyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitleýin Işçi toparynyň düzümi, emele geliş tertibi we wezipeleri barada teklipler berildi we Düzgünnama gol çekmegiň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky "Aram guşakly Turan çölleri" obýektiniň serhetara dolandyryşyň konsepsiýasyny we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetine indiki bilelikdäki hasabatyny taýýarlanmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. 
Duşuşygyň ikinji güni, 18-nji oktýabrda, Sebitleýin utgaşdyryjy Işçi toparynyň duşuşygyna gatnaşyjylary 2021-nji ýylda döredilen we enjamlaşdyrylan, arassa gün energiýasy bilen işleýän “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň Çalyş-Bereketli synag meýdançasynda ýerleşýän maglumat merkezine baryp gördüler. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar maglumat merkeziniň hem-de goraghananyň alyp barýan ylmy işler bilen tanyşdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04