Daşoguz welaýatynda täze döredilýän Zeňňibaba döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi.

13
  Zeňňibaba kölüniň sebitinde döredilýän döwlet tebigy çäkli goraghanasy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli çäreleriň biridir. Täze döredilýän döwlet tebigy çäkli goraghanasy, özüne mahsus tebigy aýratynlyklary we täsin ekoulgamy bilen ünsi çekýär. Bu goraghananyň maksady – sebitde düş gelýän ähli tebigy baýlyklary goramak we bu ýerleriň biodürliligini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýerde ösümlikleriň we haýwanlaryň dürli görnüşlerine duşmak bolýar we olaryň ýaşaýşy üçin doly şertler bar.
  Zeňňibaba köli we oňuň töwereginiň landşafty, dürli ekologik ulgamlaryň birleşenligi bilen tapawutlanýar. Zeňňibaba köli, Gaňňa gyr üsti tekiz belentligi, Tärimgaýa üsti tekiz belentliginiň gaýa sebitleri, döredilýän döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň tebigatyny we tebigy baýlyklaryny has-da baýlaşdyrýar. Bu ýerleriň her biri, tebigy  ekoulgamlarynyň görnüşi boýunça özboluşly aýratynlyklara eýedir. 
Sebitiň ösümlik dünýäsi ösümlikleriň 18 maşgala degişli 45 görnüşini özünde jemleýär. Olardan 30-a golaýyna Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik işinde ýazgy berilýär. Ösümlik dünýäsiniň esasyny düzýän gara sazak tokaýlyklary bu sebitiň möhüm ekoulgamynyň biri bolup durýar. Gara sazakly-ýylakly ösümlik toparlanmasy bu sebitde giňden ýaýran we agdyklyk edýän görnüş bolup, ýabany haýwanlaryň ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde we sebitiň ekologik deňagramlylygyny saklamakda ähmiýeti örän ulydyr. 
  Zeňňibaba köli we onuň sebitleri ýurdumyzyň üstünden uçup geçýän guşlaryň göçýän ýolunda ýerleşenligi, olaryň käbir görnüşleriniň bu ýerde gyşlaýanlygy, bahar, tomus aýlarynda höwürtgeläp köpelýänligi sebäpli “Goýungyrlan” ady bilen Türkmenistanyň möhüm ornitologik ýerleriniň sanawyna hem goşulan.
  Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylan ylmy gözegçilikleriň netijesinde, döredilýän Zeňňibaba döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň gury ýer bilen baglanyşykly haýwanat dünýäsi 533 görnüşden ybaratlygy anyklandy. Sebitde oňurgasyzlaryň 345 görnüşi duş gelip olardan 1 görnüş ýagny wažžyldawuk antiýa tomzagy, guşlaryň 150 görnüşi duş gelip, olardan 17 görnüşi, süýdemdirijileriň 24 görnüşi duş gelip olardan 6 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilen görnüşler bolup durýar. Bulardan başgada süýrenijileriň-12, ýerde suwda ýaşaýanlaryň-2  görnüşine duş gelmek bolýar.
Tebigy çäkli goraghananyň meýdanlarynda XVII-XVIII asyrlara degişli bolan “Garawul diň”, b.e. öň IV- b.e IV asyrlara degişli bolan “Gaňňa gala”, b.e. öň VI-IV asyrlara degişli bolan “Tärimgaýa I”, b.e. öň II-b.e. II asyrlaryna degişli bolan “Tärimgaýa II”, we “Tärimgaýa III” ýaly taryhy arheologik ýadygärlikleriň 5 sanysynyň bolmagy bu ýerlerde syýahatçylygy ösdürmekde ähmiýetini has-da giňeldýär. 


Tirkeşow Baýramberdi 
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04