Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-19-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.

13
  Aşgabatda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+13°С-dan +15...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+26°С-dan +29...+31°С aralygynda maýyl bolar.

 Arçabilde: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9...+11°С-dan +13...+15°С aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+24°С-dan +27...+29°С aralygynda maýyl bolar.

 Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine        +10...+15°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +27...+32°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +21...+26°С maýyl bolar.

 Ahal welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+13°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+26°С-dan +28...+33°С aralygynda maýyl bolar.

 Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+13°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl, gündizlerine +23...+28°С-dan +29...+34°С aralygynda maýyl bolar.

 Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7...+12°С-dan +10...+15°С aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+27°С-dan +29...+34°С aralygynda maýyl bolar.

 Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine       +5...+10°С-dan +9...+14°С aralygynda maýyl, gündizlerine +19...+24°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl bolar.

Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-4,0 mm bolmagyna garaşylýar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04