Ýaşlarda ekologiýa terbiýesi
21 Eziz Diýarymyz ylym-bilimde belent üstünliklere eýe bolýar. Bu günki günde ýaş nesilleri terbiýelemekde, täze bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde oňyn netijeler gazanylýar. Ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar ýaşamaklary üçin iň amatly şertler döredilýär. Hereket edýän dürli ulgamlarda, şol sanda, bilim ulgamynda kämil hünärmenler kemala gelýär. Bilimli ýaşlary kemala getirmekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler bardyr. Esasan hem, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, ata Watanymyza wepaly ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda asylly ýörelgelere eýerilýär. Bu babatda milli terbiýä uly orun degişlidir. Asylly terbiýäniň biri-de ekologiýa terbiýesidir.
Pähimdar pederlerimiz tebigat bilen baglanyşykly ençeme nakyllary döredipdirler. «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Almanyň miwesi agajyndan alys düşmez», «Armyt pudagynda sallanar, ýere düşer ballanar» ýaly nakyllarda toprak, howa we tebigat barada gymmatly pähimler bar. Bu pähimler ýaşlarda ekologiýa terbiýesini kemala getirmek üçin ýörelge bolupdyr. Her bir adam tebigatyň suwdan, gury ýerden, howadan, ýagny atmosferadan ybaratdygyny bilýär. Şonuň üçin hem tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ata-babalarymyzyň ýörelgesi bolupdyr. Bu günki ýaş nesle hem bu asylly ýörelgäni düşündirýäris, tebigatyň gözelliklerine aýawly çemeleşmelidigini wagyz-nesihat edýäris.
Ekologiýa — bu adamyň ýaşaýan gurşawyndan, ýagny daş-töwereginiň arassalygyndan, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyndan başlanýar. Ekologiýa ýagdaýyny durnukly saklamak üçin, ilki bilen, adamlara tebigy gurşaw, ony goramak we baýlyklary tygşytly peýdalanmak ýaly düşünjeleri berip, olarda ekologiýa aňy döredip, bu terbiýäni ösdürmeli. Şonuň üçin hem ýaşlarda bu terbiýe aýratyn ähmiýete eýedir. Esasan hem, nakyllaryň, şekilli suratlaryň üsti bilen bu babatda aýdyň ugurlary görkezmek bolar. Ýaşlar bilen söhbetdeş bolmak, ekologiýa we tebigat baradaky pikirlerini diňlemek hem örän täsirli bolup biler.
Ähli bilim edaralarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça ýaş nesle düşündirilýär. Elbetde, munuň many-mazmuny bilim edaralarynyň derejelerine görä dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Mugallymlaryň, bilim işgärleriniň terbiýeçilik işleri hem günsaýyn ösýär. Häzirki döwrüň talabyna gabat gelýän, ýagny giň dünýägaraýyşly, özbaşdak pikirlenip, netije çykarmaga ukyply ýaşlary kemala getirmek bilim işgärleriniň paýyna düşýär.
Ekologiýa hakynda düşünje bermek orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine görä üýtgeýär. Bu usul ýaş nesliň ekologiýa boýunça çuňlaşdyrylan bilimi almagyna hem-de saýlap alan hünäriniň tebigata ýetirýän täsirini öwrenip, geljekde galyndysyz önümçiligi ösdürmeklige höwes döretmäge we öz işlerini tebigat bilen sazlaşykly gurnamaklaryna mümkinçilik berýär.
Gülälek KEROGLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.