Grek hozy
20 Günorta-Günbatar Köpetdag ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Bu ýerde ösýän ösümlikleriň biri-de grek hozudyr. Uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna girýän, dermanlyk we azyklyk häsiýeti bolan grek hozy beýlekilerden has peýdalydygy bilen tapawutlanýar. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hozuň maňzynda 45-77 göterime çenli ýag bolup, alymlar her gün grek hozuny iýýän adamlaryň ýürek kesellerinden az ejir çekýändigini, infarktyň ösmek howpunyň pesdigini aýdýarlar. Maňzynyň kaloriýasy sygyr etine garanyňda 7 esse köpdür. Agajyň köki çuň gatlaklara uzap gidip, ygaly sorup alýar. Netijede, howanyň çyglylygyny artdyrýar, temperaturany pese düşürýär.

Grek hozy goraghanamyzyň meýdanynda Galalygözde, Ýolderede, Hozluda, Garaňkyderede, Irmede, Aýderede köpçülikleýin ösýär. Ol gür şahaly, boýy 20 metre ýetýän uly agaç bolup, aprel aýynda gülläp başlaýar we sentýabr-oktýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri gymmatly agajyň tohumyny ekip, nahalyny aýratyn nahalhanada ýetişdirýärler. Nahallaryň boýy 2-3 ýyldan 1 metre çenli, köki bolsa 60-80 santimetre çenli ösýär. 6-7 ýyldan soňra miwe berip başlaýar. Taýýarlanylan hoz nahallary tebigatda Aýderede we Sünt-Hasardagyň jülgelerinde ekilýär. Bu bolsa ajaýyp tebigatymyzyň gözelleşmegine ýardam edýär.
Berdinyýaz AŞYRNYÝAZOW,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.