EKOLOGIÝA MESELELERI BABATDA TÄZE BAŞLANGYÇLAR
24 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly türkmen halky üçin abadançylygyň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň ýyly bolmak bilen, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň guwandyryjy tapgyryna öwürýän möhüm wakalara, şanly senelere beslenýär. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30-ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Watanymyzy uzak geljegi nazarlaýan tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişliginde möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň üstünlikli geçmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli umumy mejlisinde eden çykyşy sebitde we halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi - häzirki wagtda Türkmenistanyň ileri tutýan strategiýa ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiz abraýly guramanyň belent münberinden dünýäniň üns merkezinde durýan ekologiýa meseleleri babatda täze başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine saldamly goşant goşar diýip hasaplaýarys. Häzirki wagtda çölleşme dünýä derejesinde ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleriň biri bolup, BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy tarapyndan gurak, ýarym gurak we çygly zolaklarda birnäçe täsirleri, howanyň üýtgemeginiň we adamyň alyp barýan işleriniň täsiri netijesinde ýerleriň zaýalanmagy diýlip kesgitlenendir.
BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň berýän bahasyna görä, dünýäniň gurak sebitleriniň meýdanynyň 69-göterimi çölleşme hadysasyna sezewar bolupdyr. Merkezi Aziýa sebiti bolsa, özüniň medeni we taryhy ösüşiniň umumylygy bilen häsiýetlendirilýär hem-de çölleşmegiň düýpli serhetüsti meseleleri bolan gurak we ýarym gurak zolagy emele getirýär. Bu sebit özüniň gurak we ýarym gurak ekoulgamlary sebäpli howanyň üýtgemeginiň täsirlerine has gowşak sebitleriň sanyna girýär. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň tarapdarydyr. Konwensiýanyň Düzgünnamasyna laýyklykda Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça hereketleriniň milli maksatnamalary taýýarlanyldy. Şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleşmäge garşy göreş boýunça hereketleriniň sebitleýin maksatnamasy taýýarlanyldy we kabul edildi. Çölleşme hadysasynyň we gurakçylygyň serhetüsti meselelerdigi sebäpli olaryň garşysyna göreşmek üçin bilelikdäki hereketler örän möhümdir. Beýleki halkara konwensiýalar we degişli ýuridik şertnamalar, şeýle-de çölleşmäge we gurakçylyga garşy göreş bilen bagly sebitleýin we global maksatnamalar bilen özara baglanyşyk üpjün edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, çölleşme hadysalarynyň sebitde ýerleriň zaýalanmagyna we çölleşmäge garşy göreş boýunça hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen hem-de çöl ekoulgamlaryny dikeltmegiň, gorap saklamagyň wajyp meseledigini göz öňünde tutup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjililki başlangyjy bilen Türkmenistan “Merkezi Aziýa we onuň bilen goňşy döwletler üçin çölleşmäge garşy göreşmek boýunça sebit merkezini” döretmegi teklip edýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ekologiýa meseleleri boýunça öňe süren anyk teklipleriň bolmagy biz – daşky gurşawy goramak ulgamynyň agzybir işgärlerini çäksiz buýsandyrýar.
Berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli başlangyçlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Jemal Aýhanowa,
“Bereketli Garagum" döwlet tebigy goraghanasynyň, ylym bölüminiň Uly ylmy işgäri.