Türkmenistanda Ýaryganatly haýwanlar (Chiroptera) boýunça ylmy-gözegçilikler

57
   Türkmenistanyň ýabany haýwanlarynyň görnüş dürlüliginiň arasynda  süýdemdirijiler toparyna degişli jandarlar bolan ýaryganatlylaryň ylmy tarapdan öwrenilmegi hem dowam edýär. Bu jandarlaryň özboluşly görnüş dürlüligi we  ýaşaýyş aýratynlygy bar. Olar dürli mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Şeýlelikde  oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramakda, şeýle hem dürli keselleri geçirýän çybynlaryň sanyny azaltmakda  uly ähmiýet berýärler. Käbir görnüşleriň uçuş ýagdaýlaryny öwrenmek tehniki ugurlar boýunça hünärmenlerde, ýagny konstruktorlar üçin hem uly gyzyklanma döredýär. Bu jandarlaryň  giňişlikdäki ýaňynyň (eholokasiýa) öwrenilmeginiň amaly-tejribe  ähmiýetiniň bardygyny alymlar belleýärler. Ýaryganatlylaryň gowaklarda ýaşaýan ýerinde toplanan dersleriň düzüminde azot  we fosfor agdyklyk edýär. Ol dersleri miweli baglara we oba hojalyk ekinlere ulanmak bolsa örän peýdaly.  2019-njy ýylda Balkan we Ahal welaýatynyň çäklerinde    Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň we döwlet tebigy goraghanalaryň hünärmenleriniň hem-de Germaniýadan we Türkiýe döwletinden alymlaryň gatnaşmagyna bilelikde ýaryganatlylaryň görnüş düzümini we ekologiýasyny-biologiýasyny öwrenmekde gözegçilikler geçirildi. Daşary ýurtly hünärmenler ýurdumyzyň tebigat gözellikleriniň täsinligini hem-de ýaryganatlylar boýunça toplanan ylmy maglumatlaryň dowam edilmegini bellemek bilen 2024-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda we oňa golaý ýanaşyk ýerlerde iş saparynda bolup gözegçilikleri dürli landşaftlarda  geçirdiler we jemi 16 görnüş barada maglumat topladylar. 2024-nji ýylda toplanan maglumatlarda  Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilen görnüşlerden Uzynganat ýaryganat  (Miniopterus pallidus), Blasiusyň nalburny (Rhinolophus blasii), Günorta nalburny (Rhinolophus euryale), Hazar (Aziýa) ýasygulak ýaryganaty (Barbastella caspica)  hasaba alyndy. Hazar (Aziýa) ýasygulak  ýaryganatynyň ýaşaýan ýeri barada täze maglumatlar toplandy.
  2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan halkara hyzmatdaşlyklaryň çäginde gurnalan iş sapary boýunça daşary ýurtly alymlar Köpetdag we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň çäginde gabat gelýän ýaryganatlylaryň görnüş dürlüligini öwrenmek boýunça ýurdumyza  iş saparyna geldiler.
   2025-nji ýylyň 29-30-njy sentýabrynda   ýaryganatlylar boýunça gözegçilikler Gökderede we Arçabil ýol ugurlarda geçirildi. Netijede 2 günüň dowamynda  ýaryganatlylaryň 10 görnüşi tutuldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Çüli gijeçisi  (Myotis tschuliensis) barada  täze maglumatlar toplandy. Öňki geçirilen barlaglarda gabat gelmedik bu endemik görnüşiň Altyýap derýajygynyň gözbaşynda hasaba alynmagy hünärmenleri örän begendirdi. Şeýle hem Gökderede Gyzyl kitaba girizilen Uzynganat ýaryganatyň  (Miniopterus pallidus) jemi 6 sanysy gabat geldi.  Arçabil ýol ugurda geçirilen barlagda ýaryganatlylaryň 1 görnüşi - Uly nalburun (Rhinoptera ferrumequinum)  hasaba alyndy. 
Her ýylda halkara hyzmatdaşlyklaryň çäginde geçirilýän ylmy barlaglarda täze maglumatlaryň toplanmagy bilen ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligi  barada maglumatlar gorunyň baýlaşýandygyny bellemek wajypdyr. Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ylmy işleriň geçirilmegi goraghanalaryň hünärmenleriniň hünär-bilim derejelerini kämilleşdirmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir. 
  Türkmenistanyň demirgazyk böleginde, Gaplaňgyryň çäklerinde ýaşaýan endemik görnüş bolan Türkmen gulakman ýaryganaty  (Plecotus turcmenicus)   barada  maglumatlary toplamak we suratyny almak daşary ýurtly hünärmenler üçin uly gyzyklanma döredýändigini alymlar bellediler hem-de  Köpetdagyň dagetek ýerlerinde geçiren barlaglaryndan soňra süýreniji haýwanlaryň we ýaryganatlylaryň görnüşleri barada ylmy barlaglary geçirmek üçin 1-nji oktýabrda  Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasyna tarap ugradylar.
  Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň, esasan hem ýaryganatlylaryň görnüşleri barada  Germaniýanyň Tebigaty we taryhy muzeýi - Leýbnis adyndaky Ewolýusiýa we biodürlülik instutitynyň ylmy işgärleri Friedrich Erwin Mayer, Hans Dietz Christian, Mark Oliver Rodel, Türkiýe döwletiniň Istanbul tehniki uniwersitetiniň mugallymy - Emrach Choraman,  Özbegistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň hünärmeni Mariýa Gritsina  ylmy maglumatlary toplamaga uly ýardam berdiler. Biz goraghananyň işgärleri  daşary ýurtly hünärmenleriň geljekde ylmy işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýäris. 
    Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy 
    Aknabat Potaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04