«Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň we Gorag ähmiýetli beýleki ýerleriň netijeliligi»

57
 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň mejlisler zalynda Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň netijeliligi barada, Conservation X Labs guramasy bilen hyzmatdaşlykda maslahat geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, hemme Döwlet tebigy goraghanalarynyň,  Balkan welaýat  Daşky gurşawy goramak müdirliginiň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň wekilleri, şeýle hem halkara taslamalarynyň bilermenleri gatnaşdylar.
   Maslahatyň maksady Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB/IUCN), Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň we gorag ähmiýetli beýleki ýerleriň (GÄBÝ/OECM) netijeliligini gowulandyrmaga gönükdirilen, «Ýaşyl sanaw» atly programmasy bilen tanyşdyrmakdan ybarat. Maslahata gatnaşyjylar AGTÝ-leri we GÄBÝ/OECM -leri «Ýaşyl sanawa» goşmagyň esasy ülňüleri we saýlap almak işleri, dolandyrmagyň netijeliligine baha bermek usulyýeti (IBEX), şeýle hem GÄBÝ/OECM -leri aýan etmegiň talaplary we tertibi bilen tanyş boldular. Duşuşygyň ikinji ýarymynda maslahata gatnaşyjylar tejribe alyşdylar we toparlara bölünip GÄBÝ/OECM -lere degişli edilip boljak ýerleri kesgitlediler. Ýagny adaty düşünjede aýratyn goralýan tebigy ýerlere  degişli bolmadyk, ýöne adalatly dolanyrylanda uzak möhletleriň dowamynda biodürlüligi gorap saklamaga ukyply geografik meýdanlary saýladylar.
  


















   Bu çäreleriň geçirilmeginiň netijesinde, Türkmenistanyň 1996-njy ýyldan bäri gatnaşýan, Biologiki dürlülik barada Konwensiýanyň Kulmin-Monreal global   programmasynyň 3-nji maksatnamasyna ýetmek üçin, Türkmenistanyň goralýan tebigy ýerleri barada maglumatlar täzelener we gorag ähmiýetli beýleki ýerler (GÄBÝ/OECM) aýan ediler. Taslamanyň çäreleri, şeýle hem, ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam bermek bilen zoonoz keselleriň döremeginiň mümkinçiligini  azaltmaga, işgärleriň bilim derejesini artdyrmaga, käbir ýerleriň tehniki üpjünçiligini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04