Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 29-y we oktýabr aýynyň 05-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.
41Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+12°С-dan +17...+19°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+23°С-dan +29...+31°С aralygynda maýyl bolar.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+10°С-dan +15...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+22°С-dan +27...+29°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9...+14°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +19...+24°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+13°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+25°С-dan +30...+35°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+13°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+25°С-dan +29...+34°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+11°С-dan +13...+18°С aralygynda maýyl, gündizlerine +18...+23°С-dan +29...+34°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+9°С-dan +9...+14°С aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+17°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-7,0 mm bolmagyna garaşylýar.