Ýurdymyzyň tebigy ýadygärliklerini goralyň!
51 Tebigy ýadygärlikleri goramak – Türkmenistanyň raýatlarynyň borçlarynyň biri bolup durýar, bu barada Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir. Döwlet ylmy, tehniki we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär. Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär diýip bellenen.
Tebigy ýadygärlikler barada düşünje: Tebigy ýadygärliklere selçeň özüniň gözelligi, ajaýyplygy bilen ünsüňi çekýän tebigy obýektler, ýa-da tebigy şertlerde ajaýyplygy bilen nusgalyk bolan tebigy gurşawyň aýratyn alamatly meýdançalarynyň toparlarydyr. Bu meýdanlar uly bolmadyk aýratyn goralýan tebigy meýdan hökmünde goralýan, şol sanda, köplenç taryhy waka ýa-da şahs bilen bagly geologik jynslaryň açylan ýerleri, gojaman agaçlar, üýtgeşik geň ösümlikler, syrly çeşmeler, täsin gaýalar, pynhan gowaklar we şuňa meňzeş desgalardyr. Tebigy ýadygärlikler Türkmenistanda döwlet tebigy ýadygärlikleriň Düzgünnamasyna laýyklykda goralýar.
Tebigy ýadygärliklerе ylym we bilim, medeni, estetiki we saglyk taýdan gymmatly seýrek duş gelýän ajaýyp tebigy ýerler, el degirilmedik tebigy ýagdaýda emele gelen şeýle hem, adam tarapyndan şol ýa-da beýleki derejede döredilen tebigy ýadygärlikler, üýtgeşik tebigy landşaft toplumlary degişli edilip bilner. Tebigy gelip çykyşly, degilmedik, şeýle hem belli bir derejede adam tarapyndan emele getirlen tebigy ýadygärlikler gorag astyna alynýar.
Mundan başga-da, Aýratyn goralýan tebigy ýadygärlikler – öz çäginde ýerleşen desgalaryň we tebigy hem adam täsiri bilen bolup geçýän hadysalaryň gymmatlygy bilen tapawutlanýan ýerler (wulkanlar, gymmatly ekoulgamlar, seýilgäh sungatynyň ýadygärlikleri) ýa-da daş töwerege oňaýly täsir edýän meýdanlar (emeli tokaýlar) degişli bolup, adatça bu hili ýerler diňe kanun tarapyndan däl-de, eýsem ýörite barlagçylar, goragçylar, tokaý goragçylary tarapyndan hem goralýar.
“Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Döwlet tebigy goraghanalary, döwlet biosfera goraghanalary, milli tebigy seýilgähler, döwlet tebigy çäkli goraghanalar, döwlet tebigy ýadygärlikler, sagaldyş maksatly tebigy çäkler, döwlet botanika baglary we döwlet zoologiýa seýilgähler, dynç alyş-sagaldyş, estetiki ähmiýete eýe bolan ýerler, üýtgeşik tebigy landşaft toplumlary we aýry obýektler şeýle hem, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip gitmek hopy astynda duran ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşleri aýratyn goralmaga degişlidir diýip bellenilýär. Ýokarda görkezilen aýratyn tebigy goralýan ýerlerde olaryň maksatlaýyn niýetlenilişine garşy gelýän işleri geçirmek gadagan edilýär.
Döwlet tebigy goraghanalaryň, döwlet biosfera goraghanalaryň, milli tebigy seýilgähleriň, döwlet tebigy çäkli goraghanalaryň, döwlet tebigy ýadygärlikleriň, düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen olaryň töwereginde amatsyz daşky täsirden aýratyn goragy we goralyp saklanylmagyny üpjün etmek, ýörite düzgünleriň berjaý edilmegini, biodürlüligiň görnüşleriniň, ekoulgamlaryň ekologik, arassaçylyk ýagdaýlaryny gowulandyrmak we gorap saklamak üçin gorag zolaklary döredilýär.
Adatça tebigy ýadygärlikler onlarça inedördül kilometr meýdany eýeleýär, muňa garamazdan onuň goralyp saklanylmagyny üpjün etmek üçin ýörite wezipe sanawy bolmazdan berkidilen edaranyň hasabyna amala aşyrylýar.
Tebigy toplumlary we obýektleri tebigy ýadygärlikler diýlip yglan etmegiň esasy wezipesi - olary ylmy, aň-bilim we estetik maksat üçin tebigy ýagdaýlarda saklap galmakdan ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, goralýan tebigy obýektler aýratynlyklary boýunça tebigy ýadygärlikler we tebigy şertlerde ajaýyplygy bilen nusgalyk bolan aýratyn tapawutlanýan ýerler şu aşakdaky görnüşlerde mälim edilip biliner.:
- tebigy suw obýektlerini aýap saklamak üçin niýetlenen gidrologik (köl, derýa we başgalar);
- ösümlikleriň, haýwanlaryň aýry-aýry görnüşlerini we olaryň seýrek populýasiýalaryň aýap saklanylmagy üçin niýetlenen botaniki we zoologiki - (gymmatly, seýrek we ýitip barýan ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýan ýerleri; adaty bolmadyk ýa-da täsin tokaý ýollary, ýodalary; gadymy seýilgähler, seýilgähler, uzak ömürli ösümlikler, uly ýaşly äpet agaçlar)
- tebigat tarapyndan döredilen relýef görnüşlerini aýap saklamak üçin niýetlenen geomorfologik- (gowaklar, täsin görnüşli relýefler, wulkanlar, wulkan ýa-da meteorit gelip çykyşly kraterler, meteorit; palçyk wulkany; mineral çeşmeler);
- gazylyp alynýan obýektleri aýap saklamak üçin niýetlenen paleontologik – (galyndylary, haýwanlaryň, ösümlikleriň we mör-möjekleriň galyndylaryny, yzlaryny öwrenmek arkaly ýerdäki gadymy durmuşy öwrenmek.);
- geologik we minerologik emele gelmeleri aýap saklamak üçin niýetlenen geologik we minerologik - (ylmy taýdan gymmatly ösümlik we haýwanat dünýäsiniň galyndylarynyň ýerleşýän ýeri; işjeň ýa-da ýitip barýan wulkanlar, gaty lawa örtükleri we akymlary, karst çukury, hin, gowak; aýratyn geň görnüşler, gaýalaryň emele gelmegi; palçyk wulkany, wulkan, gümmez häsiýetli ýerler; galyndy organizmleriň gymmatly galyndylarynyň, gymmatly materiallaryň galyndylary);
- üýtgeşik we aýratyn gymmatly tebigy landşaftlaryň aýap saklanylmagy üçin niýetlenen landşaftlar - (degilmedik we aýratyn ajaýyp tebigat; taryhy we ýaşaýyş ýerlerini emele getirýän tokaý meýdanlary; köl batgalary, gymmatly çeşmeler we bejeriş çeşmeleri, adaty we aýratyn gymmatly tebigy landşaftlary gorap saklamak üçin özboluşly genetiki, biohimiki, taryhy-ýadygärlik, taryhy-etnografik we beýleki häsiýetli zolakly gyrymsy agaçlar);
- aýratyn gymmatly tebigy-antropogen landşaftlaryň ýa-da olaryň bölekleriniň utgaşmalarynyň aýalyp saklanylmagy üçin niýetlenen tebigy toplumlar.
- Türkmenistanyň çäginde tapylan meteoritler hem goralmaga degişlidir.
Her bir tebigy ýadygärlik üçin üç nusgada pasport resmileşdirilýär, pasportyň asyl nusgasy ygtyýarly edarada saklanýar, nusgalarynyň biri tebigy ýadygärligiň ýerleşýän ýerindäki etrap, şäher häkimligine, biri tebigy ýadygärlikleriniň goragyny üpjün edýän gurama berilýär.

“Gaýnarbaba” döwlet tebigy ýadygärligi

“Daraýdere” döwlet tebigy ýadygärligi

“Köýtendäki gojaman çynar 1” döwlet tebigy ýadygärligi

“Köýtendäki gojaman çynar 2” döwlet tebigy ýadygärligi
Tebigy ýadygärlikleriň ýerlerinde we gorag zolaklarynyň çäklerinde goralýan tebigy toplumlaryň we obýektleriň ýagdaýlaryna we abatlygyna howp salýan islendik hojalyk we beýleki işler çäklendirilýär ýa-da gadagan edilýär.
Her bir tebigy ýadygärlikleri peýdalanmagyň rugsat edilen görnüşleri, olaryň häsiýetlerine, ýagdaýlaryna baglylykda bellenilýär we pasportlarynda görkezilýär.
Anyk bir tebigy ýadygärligi tebigaty goraýyş maksatlarda peýdalanmak üçin rugsatnamalar ygtyýarly edara tarapyndan berilýär.
Tebigy toplumlary we obýektleri tebigy ýadygärlikler diýip yglan etmek degişli ýer bölekleriniň (suw obýektleriniň) olaryň eýelerinden we peýdalanyjylardan alynmaýar.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda dürli ylmy hünärmenler tarapyndan geçirilen barlaglarynyň we ylmy-derňewleriniň netijesinde üns merkezine almaga we goramaga mynasyp tebigy ýadygärlikleriň sanawyna goşup boljak 250-ä golaý obýektler hasaba alyndy.
Ähli tebigy ýadygärlikler 8 derejä (kategoriýa) ýagny: Geologiki, Geomorfologiki, Gidrogeologiki, Botaniki, Zoologiki, Tebigy taryhy Landşaftlar we Toparlaýynlara bölünýärler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda tebigy ýadygärlikleriň resmi hukuk ýagdaýyny (status) alan 17 sany tebigy desgalar bar.
Türkmenistan üçin uly ähmiýeti bolan tebigy ýadygärlikler döredilse, ilatymyza, milli hem-de daşary ýurtly syýahatçylara, alymlara, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen gyzyklanýan hünärmenlere bu ýerleriň tebigatyny giňden öwrenmäge, ekologik syýahatçylygy ösdürmäge şeýle-hem sebitiň gymmatly tebigy ýadygärlikleri bilen tanyşmaga we tebigy ýadygärlikleriň täsin ýerlerini açyp görkezmäge uly ýardam eder.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, gaýtalanmajak gözel ýerlerini düýpli öwrenmek, dünýä ýaýmak meselelerini netijeli çözmek baradaky berlen tabşyryklardan ugur alyp, Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyny, keremli dag täsinligini, gözel sähralaryny, gaýtalanmajak biodürliligini tebigy ýagdaýda aýawly saklamak, goramak, baýlaşdyrmak we geljekki nesillere ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Rejepgeldi Amanow
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň,
Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň baş hünärmeni