Güýze gyzgylt öwüşgün berýän daragt
19 Her bir pasylda tebigatymyzda dürli öwüşgünleri görýäris. Ynha altyn güýzüň gelmegi bilen öz donuny möwsüme görä çalyşýan daragtlara gözüň düşýär. Güýz paslynda uzak aralyklardan dag derelerde gyzgylt öwüsýän agajy görenler onuň nahili daragtdygyny bilesi gelýär. Tebigaty güýzde gyzgylt ýapraklary bilen bezeýän bu daragt – türkmen kerkawy. 2025-nji ýylda beýleki ýyllar bilen deňeşdirilende kerkaw agajyna howanyň has gyzgynlygynyň uly täsirini ýetirendigini geçiren gözegçiliklerimizde anykladyk, daragtyň ýapraklary bir aý öň çemesi gyzaryp başlady.
Türkmenistanda kerkaw agajynyň (Aceracea) tebigy 2 görnüşi ösýär. Türkmen kerkawy (Aсer turсomaniсum) – Günorta-Günbatar Köpetdagda we Merkezi Köpetdagda, sütükli kerkaw (A. pubescens) – Köýtendagda ýaýrandyr. Biziň ýurdumyzda kerkawyň dürli görnüşleriniň başga ýurtlardan getirilip Aşgabat şäheriniň seýilgählerinde, Baýramalyda, Arçabilde, Aşgabat şäherindäki Botanika bagynda, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda (öňki Bütinsoýuz ekinçilik institutynda) ekilendigi baradaky maglumatlar alym K.W.Blinowskiý ylmy kitabynda (1938ý.) görkezýär. Medeni zolaklarda, seýilgählerde amerikan kerkawy (A.negundo) bezeg agaçlarynyň biri hökmünde giňden ýaýrandyr. Bu agajyň ösüş ýagdaýy üçin biziň ýurdumyzyň toprak- howasy amatly şertleriň biridir.


(Goraghananyň işgäri Ý.Akmämmedow türkmen kerkawunyň tohumyny ýygnaýan pursady)
Türkmen kerkawy Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Merkezi Köpetdaga degişli çäklerinde ösýär, şeýle hem Bekrewe we Bäherden tokaý hojalyklarynyň meýdanlarynda giňden ýaýrandyr. Meýdanlarda ylmy gözegçilikler geçirilende kerkawyň tohumyndan köpelýän ýagdaýlaryna aýratyn gözegçilik edilýär. Şeýle gözegçilikler Gökderede, Garaýalçyda, Mürzedagynda, Bakjada geçirildi we ýaz aýlary uly agaçlaryň aşagynda tohumyndan gögeren ýaş kerkawlaryň bardygy bellenildi. Howanyň ýokary derejede gyzýan şertlerinde tohumyndan gögeren ýaş kerkawlaryň guraýandygy hasaba alyndy, şeýle bolsada ösüşini dowam edýän düýpler boýunça aýratyn gözegçilik geçirilýär. Meýdan gözegçilikleri geçirilende goraghananyň ylmy we gorag işgärleri ygal suwlarynyň köp saklanmagy üçin ýaşajyk tebigy şitilleriň düýplerine çukurlary gazýarlar. Mürzedagyň derelerinde 4-5 ýyllyk ýaşajyk kerkawlaryň ösüş ýagdaýy yzygiderli barlanýar. Türkmenistanyň Milli Tokaý maksatnamasynyň meýilnamasyna laýyklykda tebigy agaçlary köpeltmek boýunça Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda ylmy-synag işleri geçirilýär. Häzirki wagtda türkmen kerkawunyň tohumunyň doly ýetişen ýagdaýyna gözegçilik geçirilip meýdanlardan tohumyny ýygnamak işleri dowam edýär. Bu agajyň tohumyny öz wagtynda ýygnamak örän wajyp, tohumy bişip dökülenden soňra onuň “ganatlyja” diýip atlandyrylýan tohumyny çöplemek ýeňil iş däl, tohumy taýýar bolan agaçlaryň tohumy ýeliň güýjüne çalt dökülýär we ýaýraýar. Daragtyň hasylyny awgust aýynda ýygnamaly, ekilmeli wagty dekabr we ýanwar aýlary, tohumyny 3 gün suwda ezip, 5-10 sm çuňlukda ekmeli. Bu agajy ösdürip ýetişdirmek hem uly zähmedi talap edýär, ýöne tebigatymyzyň derelerinde tebigy şertleriň dürli ýagdaýlaryna garamazdan uly düýpleriniň we ýaş kerkawlaryň tebigatymyz üçin sazlaşykly ösüşi dowam edýändigini görýäris. Ýerli ilatyň arasynda “odunyň gowusy kerkawdyr” diýip belleýärler. Emma her ýylda az-kem boý alyp ösüşüni dowam edýän bu daragtyň uly düýp bolýança näçe ýyllaryň gerekdigini göz öňüne getireliň hem-de tohumyndan ekip görüp hakykatdan hem agajy gorap saklamagyň wajypdygyny belläliň. Türkmenler her bir ösümligiň, ýa-da täsinje guşlaryň gözelligine we başga häsiýetlerine aýratyn baha berip çagalaryna at dakypdyrlar, şolaryň arasynda «Kerkaw» ada hem gabat gelýäris. Dünýä ýüzünde ösýän kerkaw agaçlarynyň dürli görnüşiniň gymmatlygy barada bellenilýär. Ýagny kerkaw agaçlary bezeg agajy hökmünde we melhemlik serişdeleri almak üçin ulanylýan bolsa, käbir görnüşleri bal ýygnamakda balçylary hem örän gyzyklandyrýar. Tebigata özüniň amatly sazlaşygyny döredýän bu agajyň ýene-de näçe syrlarynyň bardygyny öwrenmek ylmy tarapdan bolsa örän gyzykly.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy
Aknabat Potaýewa