“Altyn asyr” Türkmen kölüniň demirgazyk köl ulgamy we olaryň suw-batgalyk guşlary gorap saklamakdaky ähmiýeti

30
  Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletinde dünýäni haýran ediji beýik işler amala aşyrylýär, Garagum çölüniň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen köli döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek, daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan ekologiýa syýasaty mähriban diýarymyzyň gözel tebigatyny öwrenmek we syýahatçylygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär we bu babatda täze açyşlary etmäge itergi berýär.
  Türkmenistan tebigaty goramak baradaky birnäçe konwensiýalara, şol sanda suwly-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyna goşuldy. Ýerli we milli çäreleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ähli suwly-batgalyk ýerleri gorap saklamak we durnukly peýdalanmak bu konwensiýanyň maksady bolup durýar. 2009-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistan Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Türkmenbaşy aýlagynyň nominasiýasy bilen konwensiýanyň 159-njy tarapy diýlip ykrar edildi. 
  Demirgazyk Türkmenistanyň suwly-batgalyk ýerleriniň arasynda Ramsar konwensiýasynyň halkara ähmiýetli suwly batgalyk ýerleriň sanawyna girizip boljak Sarygamyş we geljekde – “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suwly-batgalyk ýerleri  degişli bolup durýar. Bu ýerleriň aglaba böleginiň gorag derejesi bolup, tebigaty goramak we onuň baýlyklaryny rejeli ulanmak nukdaýnazaryndan hem-de ýylyň dürli paslynda, esasan gyşda, suw guşlarynyň ýaşaýan ýeri hökmünde diňe bir milli däl-de, eýsem sebit ähmiýeti hem bar.
  Geografik tarapdan Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi Turan pesligine degişlidir. Ol pesligiň çäklerinde bir-birinden tapawutlanýan ýer üsti görnüşiniň 3 hili aşaky zolagy ýerleşýär: üçünji döwür düzlügi, çägeli çöl we mele toprakly dag etek düzlükleri. Demirgazyk Türkmenistanyň çägeli çöl aşaky zolagyna degişli bäş sany uly suw aýtymlary bar – Aýböwür (başgaça ady - Kerneý), Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor we Atabaýşor kölleri. Altynjy suw aýtymy – “Altyn asyr” Türkmen köli – täze döredilýär. Aýböwür köli demirgazykda, Sarygamyş – demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Beýleki köller – Zeňňibaba, Uzynşor, Atabaýşor we Türkmen köli – demirgazyk-gündogardan günorta-günbatar ugry boýunça bir hatarda ýerleşýärler we olary “Altyn asyr” Türkmen kölüniň demirgazyk köl ulgamy (TKDKU) diýip atlandyryp bolýar. Bu köller guşlaryň uçup geçende düşlemegi, dynç almagy, iýmitlenmegi, köpelmegi we gyşlamagy üçin amatly ýer bolup durýar.
Zeňňibaba köli Sarygamyş kölüniň 40 kilometr günorta-gündogarynda, Goýungyrlan çulbasynyň (beýikligiň) ýanyndaky çöketlikde ýerleşýär.
Häzirki Zeňňibaba köli Malýap şor suw akabasynyň akmagy esasynda 1981-nji ýylda döredi. Kölüň umumy meýdany 2470 gektar bolup, suw sygyjylyk möçberi 140 mln. m3, çuňlugy 16 metre ýetýär. Akarlar arkaly özara birleşýän köl ulgamy bolup durýar. Kölüň minerallaşmasynyň ortaça möçberi 14 g/l deň.
  Häzirki wagtda kölüň daşyndan aýlaw akabasy gurlup, Malýap akabasynyň suwy Türkmen kölüne akdyrylýar. Zeňňibaba kölüniň suwy täzelenip durar ýaly, Malýabyň suwunyň bir bölegi köle goýberilýär. Kölde balyklaryň 10-dan gowrak görnüşi (teňňe balyk, çapak balyk, sile garabalyk, lakga balyk, çortan balyk, adaty ýylankelle, şemaýa balyk, kümüş reňkli daban balyk, taran balyk we başgalar) duşýar. Olaryň arasynda köpçülikleýin tutulýan teňňe balyk, taran we çortan balyklar esasy orny tutýar. Günorta we gündogar kenarlaryň çägeli meýdanlarynda kserofit ösümlikleri, esasan, çerkeziň we beýleki şoralaryň gatnaşmagynda ýowşanlyklar ösýär. Pesliklerinde we kenaryň boýunda suwy söýüji ösümlikler – gamyş, käbir ýerlerde ýylgyn, akbaş we ýandak duşýar. Suwda ösýän ösümlikleriň esasyny suwotular düzýär (esasan, naýada).
  Uzynşor köli adybir çöketlikde Malýap akabasynyň suwunyň akdyrylmagy netijesinde 2005-nji ýylda döredi we onuň suwy “Altyn asyr” Türkmen kölüne akdyrylýar. Ol Zeňňibaba kölüniň 35 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Berilýän maglumatlara görä, kölüň uzynlygy 21 kilometre, ini – ortaça 2,0 kilometre golaýlaýar, çuňlugy 6 metre barabar, suw sygyjylyk möçberi 193,5 mln. m3 töweregidir. Köl demirgazyk-günbatardan günorta-gündogarlygyna uzaýar. Köl akar suwly bolup, onda esasan süýji suwda ýaşaýan balyklar (adaty akmarka, çortan balyk, çapak balygy, teňňebalyk we başgalar) duşýar. Topragy toýunsow-çägeli. Kenarlary ýalpak bolup, kenar ýakalarynda gara sazak, çerkez we beýleki şoralar duş gelýär. Pesliklerinde suwy söýüji ösümlikler (gamyş, seýrek ýylgyn, akbaş we ýandak), suwda ösýän ösümliklerden, esasan, suwotular (naýada) ösýär.
  Atabaýşor köli hem “Altyn asyr” Türkmen kölüne akdyrylýan akabanyň ugrunda 2006-njy ýylda döredi. Ol Uzynşor kölüniň 35-40 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Berilýän maglumatlara görä, kölüň uzynlygy 10,0 kilometre, ini 1,8 kilometre ýetip, çuňlugy 2 metre barabar, suw sygyjylyk möçberi 20 mln. m3 töweregidir. Bu kölde hem Uzynşordaka meňzeş balyklaryň görnüşleri ýaşaýar. Günbatar kenarlarynda beýikligi 1,5-2,0 metre ýetýän ýylgyn, gamyş ösýär. Kölüň töweregindäki alaňlarda we olaryň eteginde gara sazak, çerkez, selin, gandym, köwreýik, gum ýylagy, astragal, gyrtyç, akbaş, ýowşan, çomuç we beýleki çöl we şora ösümlikleri ösýär.
Köller demirgazykdan günorta we yzyna uçup geçýän guşlaryň migrasiýa ýolunda ýerleşip, olarda suw-batgalyk guşlaryň 30-dan 70 aralykda görnüşi duş gelýär. Bu kölleriň suw-batgalyk guşlaryň düşlemegi, dynç almagy we iýmitlenmegi, şeýle-de sanynyň dikelmegi üçin ähmiýeti ulydyr. Bu bolsa bu ýerde guşlaryň dürli görnüşleri üçin iýmit gorunyň dörändigini tassyklaýar, ot bilen iýmitlenýän guşlar suwotularyny, çarlaklar we beýleki balyk bilen iýmitlenýän guşlar bolsa balyk iýip lezzet alýarlar.
  “Altyn asyr” Türkmen kölüniň demirgazyk köl ulgamynyň (TKDKU) suw-batgalyk guşlaryň ýaşaýşynda möhüm ähmiýeti bardyr. Sebäbi bu köl ulgamy guşlaryň migrasiýa ýolunda bir ugurda ýerleşmek bilen, olaryň düşlemegi we toplanmagy, hatda gyşlamagy üçin has amatly meýdan bolup durýar. Demirgazyk Türkmenistanda suw-batgalyk ýerleriň giňelmegi bilen guşlaryň görnüşiniň we sanynyň köpelmegi üçin amatly şertler döreýär. Mundan başga-da, olar sebitiň biologiki dürlüliginiň seýrek görnüşlerini gorap saklamak we dikeltmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Arazmyrat Amanow,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04