TILKIÇAÝ- dermanlyk ösümlikdir

9
  Günorta-Günbatar Köpetdag tebigatynyň täsinligi, ösümlik we haýwanat görnüşleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýandyr. Bu sebitde 1300-den gowrak ösümlik görnüşleri aýan edilendir. Günbatar Köpetdagda ösýän ösümlikleriň aglaba köpüsi dermanlyk we peýdaly ösümliklerdir. Dermanlyk ösümlikleriň biri-de tilkiçaýlardyr.
  Tilkiçaýlaryň Türkmenistanda 4 görnüşi ösýär. Şolaryň 2 sanysy biziň sebitimizde gabat gelýärler. Lawanda ýaprakly tilkiçaý-stachys lavandulifiolia-dodakgüllüler maşgalasyna degişli köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Lawando ýaprakly tilkiçaýyň ýapragy baldakda nobatlaýyn ýerleşen tüýjagazlar bilen açyk gülgüne reňkli gyrymsyja wekil. Günbatar Köpetdagda 1730-1800 m deňiz derejesinden belentliklerde hasaba alyndy. Olaryň boýlary 5-17 sm çenli ösüpdir. Tilkiçaý 5х3=15 m2-aralykda 31-sany gülläp oturanlary bellenildi. Bu ösümligiň kök ulgamlary 9-20 sm çenli uzaýar. Tilkiçaý daşly-çagylly eňňitlerde topbak bolup ösmegi halaýar. Ol aprel-maý aýlary gülleýär. Tilkiçaý arçalyklarda günorta gündogar eňňitlerde köpçülikleýin. gabat gelýärler Günbatar Köpetdagda Ýelligaýada, Şeýtan köpride hasaba alyndy. Ösümlige melhemçaý hem-de generalçaý diýilýär. Bu ösümlik esasanda Merkezi Köpetdagda Duşakda Bakçada, Sülüklide köp ýaýrandyr. Tilkiçaýlaryň köp ýaýranlarynyň biri-de Türkmen tilkiçaýydyr. Bu tilkiçaýyň boýy 10-35 sm çenli boý alýar. Ýarym gyrymsyja tilkiçaý aprel maý aýlary gülleýär we daşly çagylly eňňitlerde topbak bolup ösmegi halaýar. Türkmen tilkiçaýy Parhaýda,        Sünt-Hasar daglarynda, Batyda, Irmede Aýderede  we olara ýanaşyk ýerlerde hem-de Könekesiriň üstlerinde köpçülikleýin ýaýrandyr.
  Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dermanlyk ösümlikleriň birnäçeleriniň bejerjilik häsiýetleri ylmy taýdan tassyk edilendir. Halkymyzyň bu biologik taýdan arassa dermanlyk ösümliklere islegi ýokarydyr.
Dag derman ösümligi gülländen soň melhemlik çig mal hökmünde güli-baldagy ýygnalýar. Irki döwürlerden bäri tilkiçaýy rahatlandyryjy hökmünde gan basyşyny kadalaşdyrmakda, ukysyzlykda peýdalanylypdyr. Ylmy medisinada bagyr sökelliklerinde, süýji kesellerde, aşgazan we ýürek kesellerini bejermekde ulanylýar. Türkmen tebipler bu ösümligi  agşam ýatanlarynda ýassygynyň aşagynda goýup nerw dartgynlygy çowşatmakda we ukysyzlykda peýdalanypdyrlar. Çaý hökmünde demläp içeniňde gan başyny sazlamakda, ýürek agyryda  haýyrlanypdyrlar.
  Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghananyň ylmy bölümiň işgärleri bu dermanlyk ösümligiň biologik we ösüş aýratynlyklaryny öwrenip başgada ösýän ýerlerini aýan edip tebigatdaky sanyny dikeltmekde birnäçe işleri amala aşyrýarlar. Günbatar Köpetdagyň ajaýyp dag gözelligini geljekki nesillere ýetirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyz çäksizdir. 
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň  agzybir işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrümizde ýaşaýşyň gözbaşy, bereketiň çeşmesi, bolçulygyň girewi hasaplanýan gözel tebigatymyzyň, gadyr-gymmatyny has-da belende götermek we tebigy ýagdaýynda gorap saklamak, Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatyny halk köpçüligine wagz etmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Çaryýar TAGYÝEW
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04