“OZON WE KLIMAT” YLMY-DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI

75

Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli “Ýaş
tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat
Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş
Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik
bäsleşigini yglan etdiler.



Bäsleşige Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta
mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylary
gatnaşyp biler. Bäsleşigiň baş maksady mekdep okuwçylarynyň ozon gatlagyny
goramak baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, ekologiýa medeniýetini kemala
getirmekden, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat bolup
durýar.



Gatnaşyjylar «Ozon
gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin
adamlar näme edip biler?»
diýen tema boýunça görkezme esbap (maket) we
taslama işini taýýarlamaly. Görkezme esbap klimaty we ozon gatlagyny goramak
babatda öňe sürülýän çäreleri aýdyň şöhlelendirmeli. Taslama işiniň göwrümi
bolsa degişlilikde 5-10 sahypalyk tekstden ybarat bolmaly.



Bäsleşige gatnaşyjylar taýýarlan işlerini 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 26-na çenli
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasyna tabşyrmaly. Işlere ýörite düzülen
topar tarapyndan kesgitlenen ölçeglere laýyklykda baha berler.



Gatnaşyjylaryň ählisine guramaçylar tarapyndan sertifikatlar,
ýeňijilere höweslendiriji ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.



Salgy: Aşgabat şäheri,
Köpetdag etrabynyň Azady köçesiniň 61-nji jaýy



Habarlaşmak üçin
telefonlar:
94-03-26(19), +99364268432

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04