2025-nji ýylyň awgust aýynyň 6-8 aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Issyk-Kul kölüniň kenarynda kriosfera degişli özara maglumat alyşmak boýunça geçirilen sebitleýin maslahaty

60
   Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 4-8 aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Issyk-Kul welaýatynda kriosfera meselelerine degişli 4-nji sebitleýin maslahaty bolup geçdi. 4-nji sebitleýin maslahatyna Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan bilim, ylym pudaklarynda, oba we suw hojalygynda, tebigaty goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenler, alymlar, şeýle hem ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri bilen meşgullanýan halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 
   Sebitleýin maslahatyna Türkmenistandan bilim ulgamynyň, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynyň, tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşiginiň wekilleri – Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty P.A.Kepbanow, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K.Durdyýew, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň agrar özgertmeler, oba hojalyk ylymlary we bilim müdirliginiň baş hünärmeni, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Ýusupow, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň «Tebigy kuwwat» durmuş kärhanasynyň ýer we suw serişdelerini dolandyrmak boýunça maslahatçysy, alym-kätibi, Orhus merkeziniň Türkmenistandaky Maglumat we serişdeler merkeziniň jogapkäri, geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty G.Öwezmyradow, şeýle hem Ählumumy Ekologiýa Ganasynyň (GEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) «Durnukly ösüşiň we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň toplumlaýyn usullaryny işläp düzmek üçin garly-buzly ulgamlaryň çygryndaky sebitleýin hyzmatdaşlygyna ýardam bermek ýoly arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak» («Merkezi Aziýada kriosfera üçin taslamasy») atly taslamasynyň Türkmenistandaky milli utgaşdyryjysy D.Çaryýewa gatnaşdylar.
         ž  
   Sebitleýin okuw maslahaty Ählumumy Ekologiýa Ganasynyň (GEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESCO) tarapyndan maliýeleşdirilýän «Durnukly ösüşiň we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň toplumlaýyn usullaryny işläp düzmek üçin garly-buzly ulgamlaryň çygryndaky sebitleýin hyzmatdaşlygyna ýardam bermek ýoly arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak» («Merkezi Aziýada kriosfera üçin taslamasy») atly taslamasynyň çäginde guraldy. Bu sebitleýin taslama klimatyň esasy şertleri tarapyndan dörän Ýer togalagynyň kriosfera gatlagyndaky buzluklaryň, köp ýylky buzlaryň we gar örtüginiň üýtgemegi bilen baglanyşykly örän wajyp meseleleriniň çözgüdini tapmaklyga gönükdirilendir.     
    Issyk-Kuluň kenar ýakasynda geçirilen sebitleýin maslahatyň birinji güni – 6-njy awgustda taslamanyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de halkara guramalarynyň bilermenleriniň gatnaşmaklarynda bilim ulgamynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň – Merkezi Aziýa ýurtlarynda kriosfera babatynda ýokary bilimi pugtalandyrmak boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasyny ara alnyp maslahatlaşyldy.    
Sebitleýin maslahatynyň dowamynda kriosfera çygrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ulgamynda bar bolan möhüm meseleleriň, ylaýtada, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de pedagogik işgärleriň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek, okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, özara tejribeleri alyşmak boýunça öňde durýan wajyp wezipeleri çözmegiň netijeli ýollaryny işläp düzmek maksady bilen, okuw maslahatlaryna gatnaşyjylar kiçi toparlara bölünişip işlediler we özara pikir alyşmalary guradylar.
    Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän syýasatdan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy yzygiderli amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Bu ägirt uly suw desgasynyň gurulmagy netijesinde zeý suwlaryny toplamak we Garagum sährasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän «Garaşor» çöketligine ugrukdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Baş şor suw akabasynyň we onuň Daşoguz golunyň bir bitewi ulgama birikdirilendigi, netijede, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň yzygiderli gowulanýandygy, zeý suwlarynyň Amyderýa akmagynyň, öri meýdanlary suw basmagynyň öňüniň alynýandygy barada nygtap bellediler. Şunuň bilen birlikde, suwuň ätiýaçlyk gorlarynyň döredilendigi, olary tebigy şertlerde arassalamak hem-de häzirki zaman tehnologiýalary arkaly oba hojalyk pudagy, şol sanda täze ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak we tehniki hajatlar üçin peýdalanyp bolýandygyna maslahata gatnaşyjylara gürrüň berdiler.
Sebitleýin okuw maslahatynyň ikinji gününde – 7-nji awgustda oňa gatnaşyjylar Kriosfera göz ýetiriş – 2050-niň (Cryosphere Vision-2050) aşakdaky maksatlaryna (jemi 5 sany maksat) ýetmek üçin, Bilelikdäki sebitleýin hereketleriň maksatnamasynyň taslamasyny, bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli işleri hem-de Hereketleriň milli maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmegiň wezipeleri barada özara pikir alyşdylar, kiçi toparlara bölünişip bilelikde işlediler:
1-nji maksat. Kriosferany öwrenmegiň we oňa gözegçilik (monitoring) etmegiň usulyýetleriniň bir bütewi ulgamyny uýgunlaşdyrmak we peýdalanmak.
2-nji maksat. Kriosfera gözegçilik (monitoring) etmegiň ulgamyny giňeltmek, gaýtadan dikeltmek we kämilleşdirmek.
3-nji maksat. Bilelikdäki hyzmatdaşlyk ylmy barlaglary ösdürmek.
4-nji maksat. Ilatyň, guramalaryň, olaryň hünärmenleriniň we wekilleriniň kriosferanyň olara edýän täsiri barada habardarlylygyny üpjün etmek. 
5-nji maksat. Hünärmenleri okatmagyň maksatnamalaryny kämilleşdirmek. 
 8-nji awgustda, ýagny sebitleýin maslahatynyň üçünji gününde oňa gatnaşyjylar üçin Týan-Şan halkara dag stansiýasyna hem-de deňiz derejesinde 2560 metr belentlikde ýerleşen Çon Kyzyl-Suu meteorologik stansiýasyna tehniki okuw gezelenji guraldy. Ol sebitleýin maslahatyna gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu ylmy-barlag we gözegçilik edaralarynda ýerli we daşary ýurtly (Ýaponiýa, Hytaý, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Awstriýa, Belgiýa) alymlaryň we hünärmenleriň gije-gündiziň dowamynda Ýer togalagynyň kriosfera gatlagyny öwrenmek boýunça üznüksiz suratda alyp barýan ylmy-barlar işleri, olaryň taryhy, usulyýeti, esasy ugurlary, ylmy-barlaglary alyp barmak üçin döwrebap innowasion tehnologiýalaryň we kämil enjamlaryň ornaşdyrylyşy, hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşy, bu möhüm ugurlar boýunça ýola goýulan işjeň halkara hyzmatdaşlygy bilen ýakyndan tanyşdylar.  
  
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş 
bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň 
doktory, dosent S.K.Durdyýew

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04