Itaýynyň durmuşyndan

74
   Türkmenistanda bu haýwana itaýy diýilýär. Göwresiniň ölçegi boýunça sakartorsuga meňzeş. Orta ululykdaky, gysga aýakly güýçli we berk penjeli haýwan. Torsuga çalymdaş bolsa-da, onuň ýüzi gysgarak we togalagrak, gulaklary örän kiçi. Maňlaýyndan başlap, tä guýrugyna çenli çalymtyl ak reňkli tüýleri bar. Bedeniniň galan ýerleriniň tüýi gara reňkde bolýar. Onuň şeýle sypaty üçin oňa “azmangulak” hem diýýärler.
Itaýy gaty köp wagtdan bäri ýer ýüzünde ýaşaýar. Bu görnüşiň esasy arealy Afrikada  hem-de Aziýada ýerleşendir. Türkmenistan onuň duş gelýän çäginiň azajyk bölegini tutýar. Itaýy çölüň berk gumaksy we baýyrly ýerlerini, dag eteklerini, dag jülgelerini hem derýa ýakalaryny ýaşamak üçin amatly ýer hasaplaýar. Garagum sährasynda adatça duş gelýär. Onuň sakartorsukdan uzyn hem giň, oklukirpiniňkiden uly bolan aýak yzlaryna duş gelmek mümkin. Ädimläp ýörän wagty edil süýrenijiler ýaly çaýkanyp ýöreýär. Ol iýmitiň gözlegine çykanda, 10-15 kilometr ýoly geçip bilýär. Awa golaýlaşan mahaly ol süýrenýär. Onuň gahary gelende bolsa, guýruguny galdyryp, doňuz ýaly hokramasy bardyr. Itaýy duşmanyndan goranmak üçin samyrlar ýaly özünden porsy ys bölüp çykarýar. Şol sebäpli hem olary haýwanat baglarynda saklamak kyndyr.
   Bu ýyrtyjy haýwan boýunyň gysgalygyna seretmezden, özünden uly ýyrtyjy haýwanlara topulyp bilýär. Suwda ýüzýän balyklary tutmaga-da gaty ukyplydyr. Bu haýwan zäherli ýylanlar bilen hem iýmitlenýär. Onuň bedeni ýylanlaryň zäherine garşy dogabitdi immunitete eýedir. Meselem, itaýy zäherli kepjebaşy awlanda ýylan ony çakýar. Itaýy huşundan gidip, ep-esli wagtlap gymyldaman ýatýar. Birnäçe wagtdan soňra, turup ýene-de şol awlan kepjebaşyny iýmegi dowam etdirýär.
Itaýy hat-da öz arealynyň demirgazyk böleklerinde hem gyşky ukusyna gitmeýär. Ýylyň yssy döwürleri ol gijesine hereket edýär, gyş aýlary bolsa gündizine hem-de agşamlaryna işjeň bolýar. Bu haýwanyň haýran galdyrýan ýeri hem onuň hin gazmaklyk ukybydyr. Uzynlygy 5 metre ýetýän ýodasy bolup, ”höwürtge kamerasy” 1,5 metr çuňlukda ýerleşýär. Meýdany 25 inedördül metre çenli uzalan birnäçe girelgeli, kiçiräk “şäherjigi” emele getirýän hini bolýar. Oklukirpi ýaly itaýy hem örän arassaçyl haýwan bolup, onuň hininde ýörite hajathana üçin ýeri bolýar.
  Köpeliş döwri her ýyl güýz aýlarynda başlanýar. 6-7 aý göwrelilikden soňra 1-2 sany çaga dogurýar. Çagajyklary köp wagtlap hinden çykmaýarlar. Awgust-sentýabr aýlarynda ýaşajyk itaýylar bile bolýarlar hem-de gezegende şekiline geçýärler. Gyşyň başlarynda bolsa özbaşdak ýaşamaga başlaýarlar.
Afrikada hem-de Günorta Aziýa ýurtlarynda itaýy ýabany arylaryň höwürtgelerinden bal alyp iýýär. Süýji zadyň gözleginde olar agaçlara hem çykýarlar. Itaýynyň berk penjeli aýaklary agaja dyrmaşyp çykmaga hem-de  guşlaryň höwürtgelerindäki ýumurtgalaryny alyp iýmegine uly ýardam edýär.  Bu haýwan gawundyr-garpyzy dadyp görmekden hem gaýtmaýar. Emma, esasy iýmitlenýänleri: pyşbagalar, hažžyklar, suwulganlar, ýylanlar, gulakly kirpiler, çekirtgeler, tomzaklar bolýar. Gyşyna bu ýyrtyjynyň ukudaky pyşbagany 60-70 santimetrlik çuňlukdan tapyp bilmegi bellärliklidir. Bu işde oňa gazmak üçin niýetlenen 4-5 santimetrlik penjeli öňki aýaklary hyzmat edýär. Ýumranlara hem-de alakalara aw edende 2 metr çemesi ýerasty geçelge gazmaga ukyply bolýar.
  Itaýy seýrek duş gelýän görnüş hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilip, olary awlamak gadagan edildi. Az sanlydygy hem-de ýaşamak üçin çäklendirilen ýerleriniň bolmagy bu haýwanyň ýitmegine howp salýar. Şoňa görä, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri bu haýwany goramak barada yzygiderli alada edýärler, ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Hormatly Prezidentimiziň eziz  Diýarymyzyň  ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda edýän aladalaryna jogap edip, goraghanamyzyň ähli işgärleri öz başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.


Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri,                                             
Şukrullaýewa Zarina

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04