«Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
65 2025-nji ýylyň 11-12-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli halkara derejesindäki giň gerimli çäreler geçirildi. Çäreleriň esasy bölegi hökmünde 12-nji awgustda «Berkarar» myhmanhanasynda «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Hazarýaka döwletleriniň wekilleri, halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilleriniň birnäçesi gatnaşdy.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşýanlara iberen Gutlagy okaldy.
Maslahatda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP), Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramaasynyň (FAO), Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM), Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada howspsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), Bütindünýä bankynyň, hem-de Halkara ummanlar institutynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Maslahatyň dowamynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, Tähran konwensiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goraglylygy, gidrometeorologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem-de ekologik kadalaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin çykyşlar edildi.
Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň gözel tebigatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, medeni gezelençler we döredijilik duşuşyklary gurnaldy. Çäreleriň dowamynda myhmanlara Hazar deňziniň özboluşly gözelligi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň baý syýahatçylyk mümkinçiligi giňden görkezildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine ýüzlenme kabul edip, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.