GARAGUM-HAZYNA,HUM

37
       Sähraýy göwünli halkymyz tebigaty goramaga, ony aýawly saklamaga hemişe uly üns berip gelipdir. Tebigaty goramak her bir ynsanyň raýatlyk borjudyr. Türkmen edebiýatynda tebigat temasy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy döredijiliginde tebigatyň waspyny:

— Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň
diýip ýazypdyr.

      Garagum sährasynyň ösümlikleriniň ylmy taý-dan öwrenilişi barada söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny bellemek gerek. Milli Liderimiz bu kitabynyň XIV jiltinde şeýle belleýär: «Türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikler türkmen halk lukmançylygynda ulanylýar, olaryň 500-den köpräk görnüşleri Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýar». Şol dermanlyk ösümlikleriň ençemesi Garagum sährasynda hem ösýär. Milli Liderimiz «Döwlet guşy» atly romanynda: «Türkmen topragy—mertligiň, gaýduwsyzlygyň topragy. Türkmen topragy — rysgal­berekediň topragy. Bu toprak kalplara özi deýin giňlik hem salykatlylyk berýän toprak. Bu toprakda beýik pederlerimiziň yhlasy, arzuw-telwaslary, ömür menzilleri özlerine kökerip ýatyr. Türkmen topragy — biziň şu bagtyýar günümiziň, beýik geljegimiziň güwäsi.
      Tebigata mahsus ähli ajaýyplyklar biziň topragymyzda bar. Bir tarapy Köpetdag, beýleki tarapy Köýtendag, Garagum çöli bolsa şol daglara berkidilen sallançaga meňzeýär. Bir seretseňem, çägesine altyn garylan Garagum türkmeniň mukaddes desserhanyna çalym edip dur» diýip belleýär.
      Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan—melhemler mekany» atly kitabynda Garagumuň gyzgyn çägeleriniň hem melhemlik häsiýetiniň bardygyny beýan edýär. Milli Liderimiz: «Suw—ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Durmuşa geçirilen iri we täsin taslamalaryň arasynda ýene bir ägirt uly
desga bar. Ol hem özboluşly gidrotehniki toplum bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasydyr. Bu köli biz Garagumuň jümmüşinde öz güýjümiz bilen gurduk» diýip ýazmak bilen, Garagumy özgertmek syýasatynyň dabaralanýandygyny belleýär. Tebigat ylmy baradaky şeýle möhüm maglumatlar alym Arkadagymyzyň Garagum sährasy bilen baglanyşykly eserleriniň gymmatyny artdyrýar.

Oguljeren NURYÝEWA
«Bereketli Garagum» döwlet tebigy
goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04