Kelif tebigy çäkli goraghanasynyň ajaýyp tebigaty
80 Diýarymyzda gözel tebigatymyzyň haýran galdyryjy täsin künjeklerini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetiki gaznasyny gorap saklamak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna degişli bolan Kelif çäkli goraghanasynda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Kelif tebigy çäkli goraghanasy 1970-nji ýylda Türkmenistanyň gündogar böleginde uçup geçýän, gyşlaýan suw-batgalyk guşlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak, olaryň köpelmegine amatly şertler döretmek maksady bilen döredildi. Meýdany 102594 gektar. Ol Garagum derýanyň sakasyndan 40 km aşakda, Kelif kölleriniň sebitinde ýerleşýär, onuň tutýan meýdanynyň uzynlygy demirgazykdan günorta çenli 46 km, gündogardan günbatara çenli 40 km.
Kelif tebigy çäkli goraghanasynyň çäginde Garagum derýanyň iki tarapyndaky oýluklarda derýadan suwlaryň syzyp çykmagy bilen köp sanly ululy-kiçili köller döräpdir. Olaryň köpüsi suwuň ýokary galmagy we ygalyň düşmegi bilen bir-birleri bilen birleşdiripdir. Olardan esasylary: Türkmen köli, Gargaly, Petdeli, Garaşor, Garamätniýazdyr.
Kelif tebigy çäkli goraghanasynyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, täsinlikleri we gözelligi bar. Onuň ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde toprak-howa şertlerine laýyklykda demirgazyk we günorta bölekleriniň ösümlik toplumlarynyň tapawutlydygy anyklanyldy. Demirgazyk böleginde esasan sözen, borjak, sazak, gandym we beýleki çöl ösümlikleri agdyklyk edýär. Günorta böleginde dürli ösümlikler köpçülikleýin ösýär, ösümlik dünýäsine has baýdyr.
Pasyllaryň soltany bolan bahar aýlarynda sähralar, çöller täze lybasa girýärler. Ýakymly bahar ýagyşlary ene ýeri we howany nemleýär, tebigaty täzeleýär. Ýaýlalarda çomuç, irisleriň dürli görnüşleri, gyzyl gülälek, sary solmaz we beýlekiler gür ösüp meýdanlary doldurýar, ýaýlym mahmal ýazylana dönýär. Kösükliler, däneliler, selmeler we çylşyrymlygüllileriň wekilleriniň gülleriniň hoşboý yslary sährany doýundyrýar. Bu meýdanlara tebigat çöl sähralarda ösýän ähli güllerini, gözelliklerini ýygnapdyr. Bütin ýaýla gülzarlyga öwrülipdir. Owadan öwüşgin ganatly kebelekler gülden güle gonup ýaýnaýarlar. Dürli otlaryň tohumlaryndan doýgun mes bedeneleriň saýraşyp, yzly-yzyna uçuşlary, tebigatyň gözelligini has-da artdyrýar. Beýle gözellikler ýylda bir gezek gaýtalanýandyr. Ene tebigat gözellik döretmek agdyklygynyň barlygyny görkezipdir, ol tagzym etmäge mynasypdyr.

Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi esasan Garagum derýanyň suwy bilen bagly. Suw sebitiň ekologiki ulgamlaryny düýpli özgerdip, onuň tebigy baýlyklarynyň artmagyna şert döredipdir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi, guşlary, balyklary, gymmat baha derili haýwanlary Çäkli goraghananyň tebigy hazynalarynyň esaslaryny düzýär.
Çäkli goraghananyň çäginde çöllük we çägelik meýdanlarda beýik sütünli we gyrymsy agaçlar, dürli köpýyllyk we bir ýyllyk otlar bilen örtülen gür jeňňellikler duş gelýär. Kelifiň ösümlik dünýäsi köp dürlidir. Garagum derýanyň, ululy-kiçili kölleriň kenar ýakalarynda we ýanaşyk meýdanlarda dürli ösümlikler duş gelýär. Olardan petde, igde, garagaç, söwüt, ýylgyn, gamyş, hyşa, buýan we başgalar ösýärler. Olaryň arasynda petde agajy Tebigaty Goramagyň Halkara Guramasynyň Gyzyl sanawyna girizilen. Bu ýerde kösükliler maşgalasyna degişli bolan süýji buýan owadan gülleri bilen meýdanlary gözelligi öwürýär we şonuň bilen bir hatarda topragy mesleşdirýär, onuň köki derman öndürmekde uly ähmiýete eýedir.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri Kelif tebigy çäkli goraghanasynyň tebigy toplumyny gorap saklamak, tebigy resurslaryny artdyrmak we geljekki nesillerimize artygy bilen miras galdyrmak üçin ähli tagallalary edýärler.
Huseýinow Umytjan Muratowiç
Amyderýa döwlet tebigy
goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
