31-nji iýul bütindünýä Halkara döwlet gözegçileriniň güni
42 31-nji iýulda ýurdumyzda Halkara döwlet gözegçileriniň güni bellenilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Conservation X Labs guramasynyň gatnaşmagynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasynda Halkara döwlet gözegçileriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu baýramçylyk öz ömürlerini tebigy baýlyklary we medeni gymmatlyklary gorap saklamaga sarp edýän edermen zenanlara we erkeklere bagyşlandy. Bu gün tutuş ýer ýüzünde, biodürliligi gorap saklamak we köpeltmek boýunça döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wagtlary howply ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan goraghanalaryň we tebigy seýilgähleriň döwlet gözegçileriniň durmuşdaky wajyp ornuny aýdyň ýatladýan gün bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanda bütindünýä Halkara döwlet gözegçileriň günini belläp geçmek we döwlet gözegçileriň işini höweslendirmek, şeýle-de tebigaty goramak we üznüksiz köpeltmek işine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Conservation X Labs guramasy bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki geçirilen çärä Döwlet tebigy goraghanalaryndan we welaýat Daşky gurşawy goramak müdirlikleriň aýratyn tapawutlanan döwlet gözegçileri çagyryldy. Çärä gatnaşyjylar aýratyn goralýan tebigy ýerlerde daşky gurşawy goramak we üznüksiz köpeltmek boýunça alnyp barylýan gorag işleri barada tejribe alyşdylar. Şeýle hem, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň mysalynda fotogapanlary ulanmak bilen biodürliligi gorap saklamak boýunça geçirilen işleriň netijelerine baha berildi. Mundan başga-da, çärä gatnaşýan myhmanlar Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň tebigat muzeýi bilen tanyşdyryldy we malhanasyna gezelenç guraldy. Çäräniň ahyrynda Döwlet tebigy goraghanalaryň we welaýat Daşky gurşawy goramak müdirlikleriň aýratyn tapawutlanan döwlet gözegçileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy we şahadatnamalar gowşuryldy.