TEBIGATYŇ ADAM ÜÇIN ÄHMIÝETI

40
...Keremli türkmen topragynyň 
älemgoşar öwüşgünli tebigaty 
ruhy gymmatlyklarymyzy baýlaşdyryp, 
kalbymyzy arassalap, öz topragymyza 
bolan buýsançly söýgimizi oýarýar.


   Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr.
Günbatar Köpetdagda 100-den gowrak agaç we gyrymsy agaç görnüşleri ösýär. Bular çynar, alma, armyt, hoz, nar, arça, pisse, kerkaw, dagdan, horaçeken, alyç, badam, garagaç, söwüt, igde, toraňňy, şep, arnap, behi, seri, gyrk gat, injir, beýik aýlant ýaly agaç, itburun, üçgat, yrgaý, böwürslen, zirk, turşy alçek, garaly, garatiken, tokaý üzümi, garamyk, badamça, teňňez, borjak, tuwulga, ýagylça, haramçybyk, ýaly gyrymsy agaçlar dag tokaýlaryny düzýär.
Ösümlikler tebigatda biosferanyň beýleki janly-jandarlaryň ýada zawod-fabrikleriň, tehnikanyň bitirip bilmejek işini ýerine ýetirýär. Bu işler ösümliklerde bolup geçýän fotosintez hadysasy bilen berk baglydyr. Fotosintez  wagty ösümlikler howany kömürturşy gazyndan arassalap kislorod bilen baýlaşdyrýar. 
    Bütün dünýä ýüzündäki janly organizmleriň köpüsi howadan dem alanda kislorody özüne sorup kömürturşy gazyny howa göýberýär. Howany kömürturşy gazyndan arassalamak hem-de janly organizmleriň dem almagyna zerur kislorody döretmek üçin hem agaç ekmeli. Biziň ýaşyl dostlarymyz bolan agaçlar howadaky kömürturşy gazy özüne sorup, howany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Ekilen baglaryň 1 gektary bir sagatda 8 kg kömürturşy gazy özüne siňdirýär. Bezeg baglary awtoulaglardan bölünip çykýan uglerodyň okisiniň derejesiniň peselmegine, köçeleriň howasynyň täzelenmegine we arassalanmagyna ýardam edýär. Türkmen topragynyň melhemler hazynasyna ýugrulan ösümlik baýlyklaryndan arassa ekologik dermanlar we dermanlyk serişdeler taýýarlanýar.
   Bir düýp agaç 3 adama bir ýyllap ýeter ýaly kislorody howa göýberýär. Jöwen, mekgejöwen, sübselik ýaly ösümlikleriň 1-gektary fotosintez wagty 15-tonna kislorody, ýagny 30 adamyň bir ýyllap dem almagy üçin gerek bolan kislorody howa göýberýär. Gün energiýasyny ätiýaç energiýa öwürýär, şeýle hem tebigatda madda (howa we suw) çalşygyny üpjün edýär. Agaçlar ýeliň güýjüni we sesleri peseldip ýylylygy sazlaşdyrýar. Howany tozandan arassalap, göze görünmeýän mikrobedenjiklerden gorap, çyglygy kadalaşdyrýar. Ösümlikler howanyň arassalanmagyna 20 göterim täsir edip, jaýlaryň diwarlarynyň we beton ýollaryň aşa gyzmagyndan goraýar. Uly agaçlar bir günüň dowamynda 300 litre çenli suwy bugartmaga ukyplydyr. Şonuň netijesinde, baglarda salkyn mikroklimatyň döremegine getirýär. 
   Ösümliklerden janly organizmleriň hemmesi iýmitlenýär. Tomus aýlary agaçlaryň bize berýän salkyn saýasynyň gadyry, hözüri ulydyr. Miweli ýada saýaly bag eken adama miwesinden iýen saýasynda dynç alan adam bagy ösdürip ýetişdirene alkyşlar aýdyp, hormat bilen adyny tutar ekenler. Seniň eken bagyňda guşlar höwürtgeläp, jüýjejiklerini ýetişdirip, dürli owaz bilen saýrasa, tebigatyň bu ajaýyplyklaryndan uzak wagt lezzet alýarsyň. Adamzada ösümlikler iýmit, geýim-gejim, hojalykda zerur gurluşyk harytlary, mebeller, kagyz, boýaglar berýär. Ösümlik örtügi topragyň süýşmeginden, topragyň ýuwulmagyndan, (erroziýadan) tozandan zyýanly seslerden goraýar. Bir gektar tokaý giňeşligi tomusda her gün 40-tonna çenli suwy howa bugardýar, ýer ýüzünde her gün bir trillion kub metr suw bugarýar.
   Ösümlikler fotosintez hadysasy wagty howadan 6 molekula kömürturşy gazy alyp, kök ulgamlarynyň ýerden alýan 6 molekula suwuny, 674 kkal günden alýan energiýasynyň kömegi bilen 1molekula (180 g) glýukoza (uglewod) emele getirip 6 molekula kislorody howa bölüp çykarýar. Bu hadysa howanyň düzümindäki kömürturşy gazynyň mukdarynyň azalmagyna, kislorod bilen bolsa baýlaşmagyna getirýär. Janly-jandarlaryň dem almagy üçin zerur bolan kislorody diňe ösümlikler fotosintez hadysasy wagty howa göýberýär.
Adamlar tebigatdan alýan miwe we gök önümlerini ýylyň islendik wagtynda ter görnüşinde saklamagy öwrendiler. Gowaçanyň her 100 kg-dan 150-170 metr mata, 8 kg pagta ýagy, 23 kg künjara, çigidinden margarin, gliserin, sabyn, selýuloza, kardon we başga önümler alynýar.
   Tebigatdan alýan arassa howa, gözel tebigatyň nepisligi, ekologik taýdan arassa derman otlar, derman serişdeler, ýokumly iýmit, ýaramly geýimler, jana tenekär agyz suwy, şypaly mineral bejergi suwlar, sagdyn ýaşaýyşyň, uzak ömrüň kepilidir.
Mahlasy tebigat adamzadyň we janly jandarlaryň ýaşaýan gurşawydyr. Arassa howa, ekologik arassa iýmit, dermanlyk serişdeler (gök-önüm, miwe, sakyz, şepbik, bal, reňk-boýag, süým, efir ýagy, zyýanly mör-möjekleri gyryjy, ürküziji, awuly serişde) salkyn saýa, arassa agyz suwy, geýim-gejim, gurluşyk enjamlary, kagyz, reňk, stol-stul, şkaf hemme zatlar tebigatyň ösümlikleriň bize eçilen nygmatlarydyr we baýlyklarydyr.
Biziň daşymyzy gurşap alýan haýwanat dünýäsi hem adamzadyň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedir. Ynsanlaryň ýaşaýşy üçin zerur bolan iýmit çeşmesi haýwanat dünýäsiniň önümleridir. Adamlar gadymy döwürlerden başlap ýabany haýwanlaryň belli bir bölegini eldekileşdiripdirler we öý haýwanlarynyň köp sanly tohumlaryny döredipdirler. Şol haýwanlar adam üçin zerur et, süýt, ýag, ýumurtga ýaly iýmit önümlerini; ýüň, deri, ýüpek, per, ýaly hojalyk hajatlary üçin önümleri berýär. Ýabany haýwanlar hem et deri ýaly zerur önümleri berýärler. Ynsanlar öý haywanlaryny hersiniň öz gerek ugurlaryny we maksatlary özüçe ullanyp ýagny (et, süýt, ýag, ýumurtga, ýüň) berýän tohumlaryň üstünde işläp kämilleşipdirler. Bulardan başga-da kesellere çydamly iri tohumlary, adamzada haýyrly ýuwaş hyzmat ediji ugurlary seçip alypdyrlar.
   Guşlaryň oba hojalygyna berýän peýdasy bimöçberdir. Ýyrtyjy guşlar oba-hojalyk ekinlerini gemrijilerden goraýar, ownuk guşlar bolsa zyýanly mör möjeklerden ygtybarly goragçydyr. Garasar guşlary bolsa zyýanly çekirtgelerden goraýar.
Ata-babalarymyz ýabany jandarlar höwüre gelýän, jüpleşýän, ýumurtgalaýan, köpelýän döwürleri awa çykmandyrlar we ürküzip bimaza etmändirler. Ýabany haýwanlar hem ýaşaýan gurşawynda adamzadyň howandarlygynda aga-ýana gezipdirler we tebigy deňagramlygy saklapdyrlar. Geçen asyrda ýaşuly obadaşlarymyň biri goýun bakyp ýörkäm bir süri dag goçy gelip goýun sürüsine goşulyp, esli wagtdan soň saýlanyp gitdi diýip gürrüň bereni ýadymda galdy. Garry enelerimiz injir, çynar agaçlarynyň ösýänlerini çapmak gadagan edip, hat-da guran odunlaryny hem ýakdyrmazdylar, günä bolar diýerdiler. Ýaşuly gojalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşandyklary, ýabany tebigata juda akylly başly çemeleşendikleri nesilden nesle geçip däp bolup biziň şu günlerimize gelip ýetipdir.
   Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak häzirki ösen döwrüň talabydyr. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanda global, sebit, ýerli ekologik meseleleri çözmek, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ekologiýa taýdan howupsuz iş şertlerini döretmek, ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekolog hünärmenleri taýýarlamagy, ekologiýa meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, ekologiýa terbiýesini bermeklige döwlet derejesinde uly üns berilýär. 
   Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda watanymyzyň, sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen ähli başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar merkezini döretmek, Aralýaka sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky teklipleri halkara derejesinde giňden goldanylýar.
Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy baýlaşdyrmak işi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň töwereklerinde, welayatlaryň, şäherleriň, etraplaryň, obalaryň gyralarynda, “Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynda tokaý zolaklary döredilýär. Tokaý zolaklary ýurdumyzy lälezarlyga öwrüp eşretli durmuşda ýaşamaga, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga şert döredýär. Agaçlar janly jandarlaryň ýaşamagy üçin hökmanydyr. Hatda tebigy hadysa bolan ýyldyrym urmakda-da agaçlar ýyldyrym sowyjydyr, beýik agaçlar ýyldyrymyň urgusyna sezewar bolmak bilen, ýyldyrymyň 100 urgusynyň 54-si dub, 24-si derek, 10-sy arça agaçlary hasaba alynypdyr. Açyk ýerde ýeke-ýalňyz ösýän agaçlar ýyldyrymyň ilkinji nyşanydyr. Agaçlar golaýyndaky jaýlary we beýleki desgalary ýyldyrym urmakdan goraýarlar.
   Türkmen topragy jana tenekär gawunlary, datly miweleri, guş gursak ak bugdaýy bilen şohratlanypdyr. Indi ýylyň islendik paslynda ter gök we miwe  önümlerinden bazarlarymyz dolup dur.
Ýurdumyzyň şaherlerini we ýaşaýyş jaý toplumlaryny bagy-bossanlyga öwürmekdäki üstünlikler bezeg-baglary ylmy esasda dogry saýlanmagy, ekiljek ýerleriniň toprak-howa şertleri bilen ösümlikleriň biologik we ekologik häsiýetleri hasaba alnyp baglanyşdyrylanda, olaryň durnuklylygyna ömrüniň uzaklygyna uly ýardam edýär.
  Adam biosferanyň bölegidir we onuň gorlaryna bütinleý baglydyr. Tebigaty goramak bu adamyň özüniň goragydyr. Ekologiýanyň arassalagy ynsanyň kadaly iýmitlemegine kesellerden goraglylygyna, saglygyna baglydygy unydylmasyz hakykatdyr.
  Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak we aýawly gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak mahlasy tebigaty goramagyň işlerini ylmy esasda gurnamak Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, geljegi nazarlaýan döwlet syýasatynyň özenidir.
   Türkmen halky hem Dünýä siwilizasiýasyna ajaýyp Ahalteke we Ýomut bedewleri, Alabaý iti, Saryja goýny, Arwana düýesi, türkmen tazysy, elguşlar, ýaly tohumlary döredip, öz goşandyny goşandyr. Elguşlar, tazylar awçylyk sungatynda janly tebigat bilen gatnaşykdaky paýhasly nusgadyr.
   Bütindünýäde ykrar edilýän Milli seýilgäh döredilse, ildeşleimiziň we syýahatçylaryň tebigy baýlyklarymyza söýgi, taryhy medeni arheologik gymmatlyk bilen tanyşyp ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrjak aýratyn goralýan tebigy ýerleriň täze görnüşidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekdäki beýik işlerini türkmen halky goldaýar we makullaýar. Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyny, keremli dag täsinligini, gözel sähralaryny, gojaman Hazar deňziniň gaýtalanmajak biodürliligini tebigy ýagdaýda aýawly saklamak, goramak, baýlaşdyrmak we geljekki nesillere ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.


Çaryýar TAGYÝEW
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04