Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň döwlet gözegçileri

50
  Türkmenistanda her ýylyň 31-nji iýulynda Halkara döwlet gözegçileriniň güni bellenilýär. Şol gün ýurtda tebigy goraghanalaryň işgärleriniň işiniň we tebigaty goramagyň ähmiýetine bagyşlanan çäreler geçirilýär.
Esasan-da, Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan gurnalan dürli çäreler geçirilip, bu ýerde daşky gurşawy goramak we daşky gurşaw kanunçylygynyň bozulmagyna garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Göreldeli işgärlere gymmatbahaly baýraklar we sowgatlar gowşurylyp, tebigy goraghana işgärleriniň çekýän zähmetlerini belläp geçip,  mundan beýläk hem uly depginlere eýe bolmagyna goşant goşýar.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň döwlet gözegçileri  tarapyndan hem, Hazar deňziniň biodürliligini, tebigy baýlyklaryny adatdan daşary ýagdaýlardan gorap saklamak boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Tebigata zyýan ýetirýän düzgün bozulmalaryň öňüni almak  hem-de düzgün bozulmalaryň üstini açmak boýunça zerur bolan çäreler geçirilýär. 
  Goraghananyň dürli görnüşli, baý tebigaty türkmen tebigatynyň ajaýyplyklarynyň biridir. Ony goramak, gözel görnüşiniň gözelligini öňkiden-de artdyrmak, seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan görnüşlere, aýratyn üns bermek, tebigatyň janly-jandarlaryna aýawly göz  bilen seretmek, şol gözellikleri we baýlyklary gelejeki nesillere ýetirmek   goraghananyň işgärleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. 
  Goraghananyň düzüminde bir sany çäkli goraghana (zakaznik) bar. Ol Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasynyň ýerlerini eýeleýär. Onuň döredilmeginiň esasy maksady juda seýrek haýwanlaryň biri hasap edilýän keýikleri ýarymerkinlikde  saklap, köpeldip, soňra az-kemden ülkämiziň dürli ýerlerine  göçürmekdir.Gojaman  Hazaryň tämiz suwlary bilen gurşalan Ogurjaly adasy janly tebigata iň baý künjekleriň biridir. Ol ýerde dürli suw-batgalyk guşlaryň hem mesgen tuitan ýeridir. Bu ýerde ördekler, çarlaklar, çärikler, çuluklar, garajagazlar höwürtgeläp köpelýärler. Adasynyň daş-töwereginde leňňeçleriň we balyklaryň dürli görnüşleri ýaşaýarlar. Şol sebäpli hem bu adanyň keýikleri ýarymerkinlikde saklamaklyga saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Ýeri gelende Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň özüniň öňünde ilkibaşda goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýändigini belläp geçmek gerek. 
Goraghananyň döwlet gözegçileri köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetleri, alyp baran gorag we biotehniki çäreleri öz miwesini berýär. Tebigatyň hyzmatyna ykbalyny örklän Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň gorag bölüminiň işgärleri öz borçlaryna aňry ýany bilen düşünip, bu işde hemişe yhlas başarnyklaryny gaýgyrmazlar.

Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň 
ylmy bölüminiň laboranty Azatgül Namatowa 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04