Döwlet ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär

32
  Ekologiýa ugry ählumumy derejedäki durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidir. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş boýunça geçirilýän ýokary derejedäki sammitlerde edýän taryhy çykyşlarynda hem Bitarap Türkmenistan döwletimiziň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen teklipleri uly goldawa eýe bolýar. 
  Elbetde, Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  durnukly ösüşi gazanmak, milli ykdysadyýeti ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän uly wezipeler döwletiň ekologiýa syýasatyny ylmy-amaly taýdan esaslandyrmakda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Daşky gurşawy gorap saklamak, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak,ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýedir.
  Bilişimiz ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy döwlet derejesinde geçirilýän çäreleriň birine öwrüldi. Ählihalk bag ekilşik dabaralarynyň  geçirilmegi bolsa arassa gurşawy döretmek, biologiýa köpdürliligi gorap saklamak we ösdürmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ozon gatlagynyň goraglylygyny üpjün etmek babatda halkara guramalardan gelip çykýan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyz Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjy Tarap bolmak bilen, ondan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýändigine ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýar. 
  Ýurdumyz bilelikdäki ekologiýa taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, özara tejribe alyşmak, bilimleri paýlaşmak, bu ulgamda täze çemeleşmeleri, tehnologiýalary, çözgütleri ornaşdyrmak ugrunda işjeň çykyş edýär. Muňa mysal edip, Biziň ýurdumyzda Önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak bilen bir hatarda, önümçilige ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ýaşyl ykdysadyýete uly üns berilýär, okuw maslahatlaryň birnäçesi sanly ulgam arkaly geçirilýär.
  Döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize abadan ýurdumyzda erkana ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys.


“Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri Jemal Aýhanowa


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04