Köýtendagdaky täsinliklere baý - Arnap tokaýjygy

35
      Köýtendag etrabynyň  Köýten obasynyň gündogar böwründe  ýerli ilatyň arasynda “Çilan ata” ady bilen belli öwliýe hasaplanýan Arnap tokaýjygy  ýerleşýär.
    Bu  Arnap tokaýjygy diýarymyzdaky täsinliklere baý ýerleriň biri hasaplanýar. Umumy meýdany 1 ga golaý bolan bu tokaýjyk adyndan belli bolşy ýaly ululy-kiçili  diňe  arnap daragtyndan ybaratdyr. Bu tokaýjygyň döreýşi barada ýerli ilat arasynda şeýle rowaýat bar. Bu rowaýata görä, gadym döwürlerde tomsuň jokrama yssy günleriniň birinde bir  ýagşyzada adam syýahat edip şu ýere gelenmiş. Ol uzak ýoldan ýadap gelip şu ýerde dynç almaga karar edýär. Görse bu ýerde düşlär ýaly suw-da, kölege-de ýok eken. Şonda ol elindäki hasasyny ýere dürtüpdir welin, şol ýerden şypaly suwy bolan çeşmejik döränmiş. Dürtülen hasasy hem şol bada ýaprak çykaryp uly bir daragta öwrülip kölege berenmiş.  Ol keramatly ýagşyzada gidenden soň hem, şol agaç köpelmäne başlapdyr we gowy kölegeli, düşlemek üçin amatly kiçijik bir tokaýjyk döräpdir. Tokaýjygyň gapdalyndan uly bir çeşme hem döräp, ol derýajyk bolup uzaklara akyp ýatanmyş. Tokaýjyk edil uly bir kerwen ýolunyň gyrasynda bolanlygy sebäpli tokaýjykda ötegçileriň ählisi diýen ýaly düşläp, çeşme suwundan ine-gana doýup, kölegede dynç alyp geçipdirler.  Soňa baka bolsa bu ýerde uly bir oba döräpdir. Bu ýerdäki ähli daragtlaryň kybla tarapa egilip ösmegi bolsa bu tokaýjygyň keramatly ýere öwrülmegine ýene-de bir sebäp bolupdyr. Şonuň üçin bu tokaýjyk ýerli ilat arasynda “Çilan ata” öwliýasi hökmünde sylanýar.
Elbetde bu rowaýatyň hakykata ýakyn taraplaryda bar. Sebäbi arnap agajy diňe bir tohumlaryndan däl, eýsem çybygyndan we kök ösüntgilerinden hem köpelip bilýän agaç. Bir sany arnap nahalyny ekseň gowy şert bolan ýagdaýynda 10-15 ýyldan soň, eýýäm şol agajyň düýbünden kök ösüntgilerinden ösen agaçlaryň sany onlarça bolýar. Şeýlelikde şol ýerde ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda tokaýjyk emele gelmegi ikuçsyzdyr. Şol rowaýatda gürrüňi edilýän keramatly ýagşyzadanyň hasasy hem arnap agajynyň bir şahasy bolmagy mümkin. Şol sebäpli hem bu tokaýjykdaky daragtlaryň bir-iki ýyllykdan başlap hat-da  1200 ýyldan hem gowrak ýaşlysyna hem duşmak bolýar. Bu ýerdäki arnap agaçlarynyň kybla tarapa egilip ösmeginiň sebäbi bolsa bu tokaýjygyň gündogarynda we günortasynda beýik dag bolup, diňe günorta-günbataryndan ýagny kybla tarapyndan gün şöhlesiniň bol elin düşmegi bilen düşündirilýär. Şol ýerdäki “Şorbulakata” adyny alan çeşme suwunyň şypaly bolmagynyň sebäbi hem onuň düzüminde kükürtli wodorodyň bolmagydyr. Şeýle suwuň bolsa bilşimiz ýaly dürli deri we aşgazan kesellerini bejeriji häsiýeti bar. Ýerli ilat gadymdan bäri bu çeşmäniň suwundan dürli deri kesellerini bejermekde giňden peýdalanyp gelýär. Tokaýjygyň gapdalyndaky agyz suwly çeşmeden dörän derýajyk bolsa häzirki günde “Garaaryk” diýlip atlandyrylýar we onuň suwy Köýten obasynyň ilatyny    agyz suwy bilen üpjün edýär. Suwuň belli bir mukdary bolsa mellek ýerleri suwarmak üçin peýdalanylýar.  
   Daglyklarda ösýän  garatikenliler maşgalasyna degişli bolan arnap suptropiki miweli agaç hasaplanýar. Onuň watany Hytaý hasaplanylýar. Ol dürli ýerde dürliçe atlandyrylýar: rus dilinde “унаби обыкновенный  ýa-da ююба китайская”, Türkmenistanda “adaty arnap, ýanap, ennap”, Özbegistanda “çilonjida, jilonjiýda”, Täjigistanda “çaýlon”, öz  watany hasaplanýan Hytaýda “szao” ady bilen belli. Ylmy ady bolsa Ziziphus jujube atlandyrylýar. Arnap  Günorta we Gündogar Aziýada, Ýewropanyň günortasynda, Ýaponiýada, Awstraliýada giňden ýaýaran. Gadym döwürlerden bäri medenileşdirilen. Kawkazda we Merkezi Aziýada hem medeni sortlary ýetişdirilýär. 
Türkmenistanda  ýabany görnüşde Günorta-günbatar we gündogar Köpetdagda hem-de Köýtendagda duşýar.   Köplenç hojalyklarda medeni sortlaryny ýetişdirýärler, bol hasyl alýarýar. Arnap toprak dannamaýar.  Mylaýym howany halaýar, guraklyga we doňaklyga çydamly. Onuň agajynyň uzynlygy gaty ýokary däl (3-12 metr). Ýapraklary näzik, gülleri iki jynsly. Gögümtil sary gülleri maý aýynda açylýanlygy üçin baharda aňsat sowuk urmaýar. Oturdanyňdan soň, üçünji ýyl hasyl berip başlaýar. Miwesi awgust-sentýabr aýlarynda  bişýär, miwesi ýylmanak, goýy gyzyl reňkli. 
Bir metr çuňluga aralaşýan köki 10-12 metre çenli gapdala ýaýraýar. Gapdala ýaýran köklerinden ösüntgi döräp, şol ýerden täze nahaly ösüp çykýar. Boýy örän haýal ösýär. Dört ýylda 1 metr, 20 ýylda 3 mert boý alýar. Ýüzlerçe ýyllap hasyl berýär. Bu agaç örän uzak ýaşaýar. 
   Botanik-alym K. Z. Blinowskiniň geçen asyryň ellinji ýyllaryndaky bu tokaýjykda geçiren ylmy-gözegçilik işleriniň netijelerine görä, bu tokaýjyk bu ýerdäki agaçlaryň ýaşy we ululygy buýunça  Merkezi Aziýada ýeke-täkdir we şol döwürdäki maglumatlara görä şu ýerde  ululy-kiçili arnabyň 4500-den gowragy ösýän eken. 
Arnap biziň şertlerimizde aprel-maýda gülläp, awgust-sentýabrda  miwesi (igdesi) bişýär. Arnap örän haýal ösýär,  ýöne ýüzlerçe  ýyllap gowy hasyl berýär.
   Bu tokaýjygyň ýagdaýy boýunça   Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan ýyl dowamynda diýen ýaly ylmy gözegçilik işleri alnyp barylýar.  
   Bu ýerde biziň geçiren ylmy gözegçilik işlerimiziň netijesinde arnap agajynyň häzirki wagtda 5000-den gowrak düýbiniň ösýänligi mälim boldy, şolardan 20-e golaýy   bolsa ýaşy 300 ýyldan geçen agaçlardygy anyklandy. Bu tokaýjykda her ýyl ýaş nahallaryň ösüp ýetişýändigi bellendi. Şeýlelikde Arnap tokaýjygynyň meýdanynyň ýyllar dowamynda giňelýändigi bellemek gerek. Bu ýerdäki iň gojaman  arnabyň ýaşy bolsa 1200 ýyldan geçendigi anyklandy.   
Ylmy işgärler tarapyndan bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duşýan Jennet guşy atly täsin guşuň höwürtgelemek üçin uçup gelýändigi we bur ýerde olaryň 3 jübütiniň duş gelýändigi bellige alyndy.
Bu ýerdäki esasy täsinlikleriň ýene biri hem gojaman arnap agaçlarynyň esasy sütünlerinde her hili görnüşdäki şekilleriň döremegidir. Bu şekillere ünsli seredilende gören adamy haýran edýär. Sebäbi bu şekilleriň käbiri haýsydyr bir haýwanyň gözüne, piliň gulagyna ýa-da haýsydyr bir haýwany ýatladýan keşblere eýedirler. Arnap tokaýjygynyň keramatly hasaplanýanlygy üçin, agaçlaryň sütünindäki  keşpler bilen baglanyşykly gadym döwürlerde il arasynda dürli ynamlar döräpdir, mysal üçin  göze meňzeş şekili bar bolan agajy gujaklasaň “gözüň ýitelýär we hiç haçan göz derdine duçar bolmarsyň, gulak şekili bar bolan agajy gujaklasaň gulak derdinden saplanarsyň ýa-da gojaman daragty gujaklasaň uzak ýaşarsyň” diýlen ynamlar bar. Şol sebäpli hem agaç sütünindäki bu keşplere gudrat hökmünde seredilipdir. 
   Hakykatda bolsa  daragtlaryň sütüninde şeýle keşpleriň döremegine esasan agaç we gyrymsy agaçlaryň biologiki aýratynlyklary sebäp bolýar.  Agaçlarlaryň käbir görnüşlerinde esasy sütüniniň gabygynyň aşagynda, kambiý gatynda ukydaky (düwünçek) pyntyklar bolýarlar. Bu pyntyklar köplenç agajyň esasy sütüniniň ýokarky bölegine zyýan ýeten ýagdaýda, ýa-da has ygally amatly şertler dörän halatynda oýanýarlar.  Ýöne olaryň käbiri  esasy sütüniň eýýäm galyňlaşan gabyklaryny ýaryp çykyp bilmeýärler we netijede olar gabygyň aşagynda spiral görnüşinde aýlanyp ösmäge başlaýarlar. Şeýlelikde sütüniň galyň gabygynyň tegelek we beýleki görnüşlerde çişip, dürli şekilleriň emele gelmegine sebäp bolýar. Şeýle şekiller kähalatlarda agaçlara mehaniki zeper ýeten halatynda hem döreýärler. Bu ösüntgiler ylmynda Kap diýlip atlandyrýarlar. Şeýle ösüntgiler kähalatlar agaçlaryň köklerinde hem döreýärler. Agaçlaryň ýaşynyň ulaldygyça bu ösüntgiler hem öz görnüşlerini üýtgedip, dürli keşplere eýe bolýarlar.
   Arnap tokaýjygynyň şeýle keramatly ýere öwrülmeginiň ýene bir sebäbi hem   onuň dermanlyk ösümlik bolmagydyr. 
  Ylmy edebiýatlaryň  maglumatlaryna görä arnabyň köküniň gabygynyň düzüminde eý maddalary, piptid arkaliodleri, ýapragyndan anestizirleýji (agryny aýyrýan) maddalar, 700 mg C witamini, 4% sakyz, 1.77% glýokozidler, peptid alkaliodleri, saponinler, fitonsidler, 2.5% şeker, korotin, 1.6% rutin, 7.5% eý hem-de beýleki biologiki işjeň maddalar saklanylýar. Esasanam miweside 20-30 % çenli şeker, 2.5% organiki kislotalar, 33% ýag, 500-600 mg %  C witamini, 3.5% korotin, rutin bilen sitostearinler, bitulinler, belok, efir ýagy, dürli duzlar, eý maddalar köp. Ösümligiň kökündäki, ýapragy bilen miwesindäki dürli biologiki işjeň maddalaryň  birleşmesi örän  ýokary bejeriş häsiýete eýe. 
Şonuň üçin  arnabyň miwesidir, ýapraklaryny derman hökmünde dürli näsaglygy bejermekde esasan hem gipotenziw (gan basymyny peseldýän) serişde hökmünde owaldan ulanylypdyr. 
  Arnap ösümligi halk arasynda gadymdan bäri peýdalanylýan dermanlyk ösümlik hökmünde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmensitanyň Dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem öz ajaýyp beýanyny tapdy.
   Bu
   Bu arnap tokaýjygyny gadym döwürden bäri ýerli ilat keramatly ýer hökmünde gorap saklapdyrlar, gerekli wagtynda ideg edip, suwaryp durupdyrlar. 
  Häzirki wagtda bu täsin tokaýjyk tebigy ýadygärlik hasaplanýar we Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan berk gorag astyna alnan. Bu ýerde  ýylyň her möwsüminde goraghananyň işgärleri tarapyndan ideg we arassaçylyk işleri geçirilýär. Golaýda hem bu ýerde tomusky arassaçylyk işleri we gözegçilik işleri geçirildi. Netijede bu ýerdäki arnap agaçlarynyň ýagdaýynyň kanagatlanarlydygy anyklandy. 
2010-njy ýylda arnap agajynyň Köýtendaglarynda ýene-de bir ýabany ösýän ýeri ýüze çykaryldy. Hojagarawul döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň Gorgan atly ýerinde ylmy gözegçilik işlerini geçirip ýören wagtymyz bu ýerdäki deräniň düýbünde, daşly-çagylly eňňitde deňiz derejesinden 1020 m beýiklikde Arnap agajynyň ösüp oturan ýeri tapyldy. Bu ýerde 34 sany Arnabyň ösýänligi hasaba alyndy. Olardan 10 sanysy uly ýaşly, 9 sanysy orta ýaşly, 15 sany ýaş nahallar, 2 sanysy miweleýän agaçlardygy anyklandy. Bu ylmy täzelik barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň “Çölleri özleşdirmegiň meseleleri” atly ylmy halkara  žurnalynyň 2015-nji ýyldaky 1-2 sanynda doly maglumat berildi. Bu agaçlaryň ählisi bir ýerde, ýagny 60 m inedördül meýdanda ýerleşipdirler. Bu ýagdaý, belki geçmişde Köýtendaglarynda arnap giňden ýaýran bolmagy mümkin diýip çaklamaga mümkinçilik berýär. 
Arnap agajynyň gurakçylyga we doňakçylyga çydamlydygy sebäpli, gurak we suw ýetmezçilik edýän ýerlerde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek üçin onuň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerekdir.

Şaniýaz Meňliýew 
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04