GARAGUM SÄHRASYNYŇ ÖZLEŞDIRILMEGI

50
   Gözel tebigatymyzy goramak, onuň baýlyklaryndan aýawly we paýhasly peýdalanmak, ösüp gelýän ýaş nesillerde, ata Watanymyza, türkmen tebigatyna çäksiz söýgüni döretmek wezipesi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn çözgüdine eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň parasatly alyp barýan ekologiýa syýasaty bu günki gün durmuş hakykatyna öwrülýär. Ol syýasatdan gelip çykýan ýörelgeler ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwrüp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmaklyga eýerýär. Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatynda alnyp barylýan işler oňa doly şaýatlyk edýär.
   Bilşimiz ýaly, çölleşme diýip howanyň üýtgemegi we dürli sebäpler netijesinde gurak, çyglylygyň az bolýan sebitlerinde, ýerleriň ýaramazlaşmagyna aýdylýar. Onuň täsiri netijesinde ösümlik örtükleriniň zaýalanmagy we öz-özünden köpelmek mümkinçiligini ýitirmegine getirýär. Şeýle hadysalar tebigata adamlaryň aýawly garamak zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu dogrusynda Gahryman Arkadagymyz: “Gadymdan bäri ekerançylygyň kämil nusgalaryny döredip gelen ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, sahawatly ýaýlalarymyzy ýaşyl meýdanlara öwürmek üçin yhlas bilen zähmet çekipdirler. Muňa türkmen düzleriniň, sähralarynyň, daglyk zolaklarynyň köp ýerlerinde gurlan we döredilen guýularyň, kärizleriň, howdanlaryň, akabalaryň, derýalaryň, kölleriň, ýaplaryň we beýleki suw desgalarynyň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar.” diýip,  ata-babalarymyzyň hem çölleşmä garşy göreşip, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ugrunda möhüm işleri alyp barandyklaryny beýan edýär. 
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde Garagum çölümiz gün-günden gülzarlyga öwrülýär. Umumy meýdany 350 müň inedördül kilometre barabar çägi eýeläp oturan çölüň üsti hem, asty hem hazynadyr. Onuň jümmüşinde gurlan “Altyn asyr” Türkmen köli bolsa halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Şor suw akabalarynyň uzynlygy 2600 kilometrden gowrak, umumy göwrümi 132 kub kilometre barabar bolan bu emeli köl tebigatymyza öňyn täsirini ýetirip, BMG-niň kabul eden 
Konwensiýalaryndan gelip çykýan ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak bilen bagly çäreleriň biri bolup durýar. Bu taslama diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin iňňän uly ähmiýetli desgadyr. Bu kölüň gurulmagy
Garagum sährasynyň ähli künjegini dürli görnüşli mallary bakmak we köpeltmek üçin 1 million 300 müň gektaryny döretmäge mümkinçilik açdy.
   Garagum sährasynda ösümlikleriň 293 görnüşine gabat gelmek bolýar. Bilermenleriň tassyklamagyna görä, olaryň 210 görnüşi adam bedeninde gabat gelýän keseller bilen göreşmekde dermanlyk häsiýetine eýedir. Ol ösümlikleriň her biriniň häsiýetli aýratynlyklary, dürli keselleri bejermekdäki melhemlik ähmiýeti we olaryň tebigatymyzda gabat gelýän ýerleri barada Alym Arkadagymyz özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomluk ylmy eserinde giňişleýin beýan edýär.
   Türkmenistanda Garagum sährasyny özleşdirmek boýunça işleriň uly depginler bilen alnyp barylmagy energetika ulgamyna energiýanyň adaty däl we gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini girizmäge mümkinçilik açdy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäde öndürilýän energiýanyň takmynan 50% energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň kömegi bilen öndürilip, onuň 34% golaýy gün we ýel energetikasynyň paýyna düşer.
   Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda we onuň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019–2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde uly işler alnyp barylýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenarynda kuwwatlylygy 10 MWt bolan gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny gurnalyp, energetika boýunça işleýän  hünärmenler onuň işine gözegçilik edýärler hem-de oňyn netijeleri görkezýärler.
   XXI asyrda Merkezi Aziýada suwuň ýetmezçilik edýän meselesi has giňden duýulmagy çaklanylyp, ol ýagdaýlar dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Onuň şeýledigini 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda geçen “Bitewi suw” sammiti hem aýdyň görkezdi. BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş boýunça  Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen bu “Bitewi suw” sammitine Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşyp, ýurdumyzda onuň bilen bagly durmuşa geçirilýän işler dogrusynda çykyş etdi. Ol geçirilýän işleriň ählisiniň ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün etmeklige gönükdirilýändigini we Watanymyzyň degişli ugurlardaky milli tagallalarynyň uludygyny dünýä ýüzüne jar etdi. 

"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnaly
Ahmet Geldiýew,
Abdy Abdyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04