Daraklyk

119
   Daraklyk guşlary howada uçýan kebelek, tomzak, ary ýaly iri mör-möjekleri awlaýar. Ol mör-möjekleri güle, suwa, şirä tarap uçup barýan wagty tutýär. Ganatlaryny ýaýyp, asmanda birnäçe wagtlap arkaýyn saklanyp bilýär. Daraklyga tomus we güýz pasyllarynda, esasanam, Hazaryň kenar ýakalarynda, dagyň depesinde uçup ýören wagty duş gelmek bolýar. 
   Olaryň ýaşyl we altynsow görnüşleri bolup, guşlaryň gelşikli, açyk gök, ýaşyl, sary reňk öwüşginleri bolýar. Olar köplenç agaçlaryň, aragatnaşyk we elektrik simleriniň üstünde, şeýle hem kenar ýakalarynda  gabat gelýärler. Bu guşlaryň uzyn çünki biraz aşaklygyna eglendir. Ganatlary we guýrugy uzyn, gursagy sary, gözüniň gapdalynda gara zolak bolýar. Bu guşlar köplenç topar bolup uçýarlar, käýerlerde iki-ýeke-de gabat gelýär. Goraghanamyzyň Esenguly meýdançasyndaky Delili kölüniň töwereginde mör-möjekler köp bolansoň, ol ýerlerde ýaşyl daraklyga köp duş gelinýär. Olar köpeljek wagty topar bolup uçup, beýik gaýalara tarap çekilýärler we höwürtge ýasamak üçin ýarçykly, köwekli ýerleri saýlap alýarlar. Daraklygyň horazy mäkiýanyndan ululygy boýunça biraz tapawutlanýar. Höwürtge ýasamaga ikisi-de gatnaşýar. Ikibada olar çünkleri bilen höwürtge ýasanjak ýerlerini köwüp deşýärler, soňundan içine girip gazýarlar. Üýşen topragy bolsa, aýaklary bilen daşyna çykarýarlar. Ony gurmak üçin 10-15 gün gerek bolýar. Höwürtge daşyndan ownuk gemrijileriň hinine meňzeýär. Hiniň çuňlugy bir metr, kähalatlarda ondan hem geçýär, guşuň oturjak ýeri biraz giňräk bolýar. Höwürtgäni ýasap gutaransoň mäkiýan guş üç-bäş sany togalagrak ak ýumurtga guzlaýar. Ol ilkinji ýumurtgany guzlanandan basyp oturýar, horazy bolsa oňa iýmit daşaýar. 20-21 günden ýumurtgadan ilkinji jüýje çykyp başlaýar. Jüýjeler ýumurtgadan çykanda, gözleri ýumuk, ýeleksiz, gyzyletene bolýar. Olaryň hemmesi bir wagtda çykmaýar, şonuň üçin olar deň ösmeýär. Käwagt iň soňky çykan jüýje ejiz bolýar. Daraklyk gurçuklary, mör-möjekleri awlap, olaryň daşky gaty gabygyny sypyryp zyňýar we jüýjelerini iýmleýär. Jüýjeler iýermen bolansoň, çalt ulalýarlar, 30-35 günde höwürtgeden çykyp, özbaşdak uçmaga başlaýarlar, ýöne uzak ýere gitmän, öz höwürtgesine dolanyp gelýärler. 
   Daraklyk guşlary mör-möjekleri iýip, ekerançylyga uly peýda getirýärler, ýöne balçylykda bal arylaryny iýip, zyýan edýän wagtlary hem bolýar. Şol sebäpli bal arysy saklanýan ýerlerde olary awlamaga rugsat berlendir. 

Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň iş dolandyryjysy Akgül Käbäýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04