ÝARGANATLAR

76
   Gijäniň ýaşaýjylarynyň arasynda ýarganatlar has hem syrly we täsindirler, olaryň hakyky keşplerini bilýänler seýrek bolsa gerek. Adatça olaryň jyňňyldylaryny eşidýäris ýa-da çalasyn uçup geçen gara kölegesini görüp galýarys. Bu uly bolmadyk jandarlar köp adamlar üçin aýylganç, howply bolup görünýärler. Türkmenistanda ýarganatlaryň ýa-da golganatlylaryň (bu süýdemdirijileriň bir otrýady şeýle arlandyrylýar) 22 görnüşi hasaba alyndy, ýer ýüzünde bolsa olaryň 1000-e golaý görnüşleri duş gelýär. Öň aýaklarynyň barmaklaryny, öňki we artky aýaklaryny birleşdirýän gaýyş perdesi hem-de guýrugy onuň asmanda gowy uçup bilmegini üpjün edýär. Ýokary ökdelik bilen uçmagy we üstünlikli aw etmegi giňişlikde ýaňa gönükme (eholokasiýa) ulgamynyň gowy ösendigini bilen häsiýetlendirilýär. Jandaryň çykarýan sesi belentlikden ýa-da mör-möjekden yzyna serpigýär hem-de hereket edýän duýgur gulaklary bilen tutulyp alynýar. Ýurdumyzda duş gelýän golganatlylaryň göwreleriniň ululygy onçakly uly bolmaýar, ýygrylan ganatlary bilen bilelikde zordan ýumulan ýumrukda ýerleşip bilýär. Muňa garamazdan, bu jandarlar öz azatlygy ugrunda mertlerçe durup bilmäge ukyply. 
   Köp görnüşler kesgitlenen sesleri bilen häsiýetlendirilýär. Kelte we uzyn jyňňyldy, jyrryldy, jürküldeme, käwagtlar adamyň gulagy eşitmeýän uzyn ses çykarýarlar. Alymlar eýýäm ýarganatlaryň sesleriniň üsti bilen görnüşlerini kesgitleýän abzal oýlap tapdylar. Bu jandarlaryň bolýan ýerlerigaçybatalgalary her dürlüdir. Käbir görnüşler müdümilik salkyn ýerlerde ýaşamak üçin gowaklary saýlap alýarlar. Beýlekiler üçin oýluk, gaýadaky jaýryklar ýada bolmasa, agajyň köwegi hem ýeterlik bolýar. Görnüşleriň bir bölegi adamlaryň salan jaýlarynda mesgen tutýarlar. Gaçybatalgalar hökmünde gadymy galalar, häzirki döwürde gurlan desgalar hyzmat edýär, hatda golganatlylar çöl bilen hem öwrenişendirler. Birnäçe görnüşleri ýekelikdäki durmuş görnüşini ýöredýän bolsalar, beýlekileri dürli sanlardaky uly bolmadyk toparlardan köp müňlerçe toplumlary döredýärler. Golganatlylar üçin gyş ukusyna gitmek häsiýetlidir, emma biziň şertlerimizde howanyň maýlamagy bilen olar gyş ukusyndan oýanyp, oýanan mör-möjekleri tutup iýýärler. Garaňky galtaşanda ýa-da gijelerine has hem işjeň bolsalar-da, käwagtlar gündizine uçmaga öwrenişendirler. Ýarganatlar dürli görnüşli mörmöjekler – tomzaklar, kebelekler, çybynlar, çirkeýler, çekirtgeler, teneçirler, jyzlanlar bilen iýmitlenip bilýärler. Çalasynlyk bilen aw edip, bir sagadyň dowamynda 500–600 sany mörmöjegi tutup bilmegi haýran galdyrýar. Ýarganatyň iýen iýmitiniň agramy öz agramynyň 35–40% çenlisini tutýar. Suwy bolsa uçup barýarkalar dürli howdanlaryň üstünden içýärler. Ýarganatlar ýylda bir sapar köpelişmäge ukyply. Dürli görnüşleriň göwresinde çaga götermeklik möhleti iki ýa-da üç aýlykdyr. Golganatlylar üçin 1–2 çaga dogurmaklyk häsiýetlidir, ýöne käbir görnüşleriň 3 çaga dogurýandyklaryny alymlar anykladylar. Bir görnüşleriň ýaňy doglan çagalary enesine ýapyşýarlar, eneleri bolsa belli wagta çenli olary özünde göterýärler, soňra bolsa çagajyklary gaçybatalgada galyp, eneleri çagajyklaryny iýmitlendirmek üçin awa çykýarlar. Beýleki görnüşlerde bolsa çagasy doglan badyna enesinden aýry bolýar. 
   Ähli süýdemdirijiler ýaly, golganatlylar hem çagajyklaryny süýt berip bakýarlar. Iki aý töweregi bolan ýaşajyk jandarlar eýýäm özüçe ilkinji aw etmäge synanyşýarlar. Nalburunlar görnüşi, umuman duýgur bolany üçin guraklyga we çendenaşa yssa çydaman, heläk bolýarlar. Halkalamagyň hem-de erkinlikde däl ýagdaýda saklanylmagynyň kömegi bilen alymlar ýarganatlaryň uzak ömür sürýändiklerini anykladylar. Adatça olar 10–20 ýyl ýaşamaga, käbirleri 30, hatda 40 ýyla çenli ömür sürmäge ukyplydyrlar. Gündizine aw edýän ýyrtyjy guşlaryň ýa-da baýguşlaryň awlamagy, dürli keseller olaryň ömür tanapyny üzüp biler. Ýaşajyklarynyň ölümine köp halatlarda gaçybatalganyň beýik sütünlerinde saklanyp bilmän, ýere gaçmagy sebäp bolýar. Zäherlenen mörmöjekleri iýen golganatlylaryň birnäçesi heläk bolup bilerler. Käwagt olaryň gaçybatalgalaryny ýumrup, ölümine adamlaryň sebäp bolýan wagty hem duş gelýär.
   Bäş görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşirine girizildi. Olaryň ýok bolup gitmezligi üçin köp tagalla gerek bolmaýar, tersine olaryň özi bize kömek edýärler. Golganatlylaryň goňşy bolup ýaşamagy çybynlaryň azalmagyna, melleklerde, baglarda zyýanberijileriň ýok bolmagyna getirer. Gowaklara baranyňyzda, ilki bu ýerlerde adamdan hem öň mesgen tutan, kiçijik ejiz jandarlaryň ýaşaýandygyny unutmaly dälsiňiz. Iňňän köp gowaklary golganatlylar ýüz ýyllyklaryň dowamynda öz mesgenine öwrüpdirler, netijede olaryň dersleri uly üýşmekleri emele getiripdir. Ýarganatlaryň birnäçe görnüşleri öz ýataklaryna kiçijik deşijekden arkaýyn emedekläp girip bilýärler. Nalburunlar görnüşi bolsa emedekläp bilmeýärler, olar üçin giň girelge gerekdir. Eger adamlar gowaklaryň girelgelerini petikläp goýsalar, onda gowakdaky howanyň hereketi, çyglylygyň hem-de temperaturanyň özbaşdak sazlaşygy bozulýar, bu gowagyň gelejekde golganatlylar tarapyndan ulanmagyna bökdençlik döredýär. Şeýle hem köp sanly syýahatçylaryň gowaklarda bolmagy hem bu jandarlaryň sanynyň kemelmegine getirýär. Birahat edilmegi, ynjadylmagy sebäpli köp sanly golganatlylar öwrenişen gowaklaryny taşlap gitmäge, başga ýaşamaga oňat şertleri bolmadyk gowaklaryň gözlegine çykmaga mejbur bolýarlar, ýöne onuň öňküsi ýaly oňat bolmazlygy mümkin. Bu bolsa, öz gezeginde jandarlaryň we olaryň nesilleriniň ýok bolmagyna getirýär.
"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnaly
Ýewgeniý AgryzkowAmyderýa döwlet tebigy goraghanasy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04