DAŞKY GURŞAWY GORAMAK – TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRUDYR
120 Klimatyň üýtgemegi – bu ХХI asyryň iň düýpli halkara meseleleriniň biridir.
Bu hadysa has ir başlanan bolsada, soňky 40–50 ýylyň içinde ol örän tizleşdi. Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýyl enjamly gözegçilikleriň taryhynda iň ýyly ýyl boldy we ilkinji gezek senagatyň ösüş döwrüne çenli derejesi bilen deňeşdirilende, dünýä boýunça ählumumy temperaturanyň bir ýyldaky ortaça görkezijisiniň 1,5°C çäginden geçdi. Elbetde, bir ýyldaky görkeziji entek Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygynyň ähmiýetini ýitirendigini aňlatmaýar, ýöne ol ählumumy temperaturanyň häzirki wagtda soňky onlarça asyrlar bilen deňeşdirilende has çalt artýandygynyň ýowuz ýatlatmasy bolup hyzmat edýär.
Planetanyň janly organizmleri, olaryň yzy bilen bolsa wajyp ekoulgamlar klimatyň şeýle okgunly üýtgemegine uýgunlaşyp ýetişmeýärler. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biologiýa taýdan dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we durnukly
peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işleriň geçiriljekdigi barada aýratyn belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň saýlap alan durnukly ösüşiň bu ýoly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan 2025-nji ýylda hem berk hereket edýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýada Aral deňziniň iň gurak zolagynda ýerleşýär.
Tehniki serişdeler arkaly geçirilýän gözegçilikler Türkmenistanda 1950-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli aralykda dünýädäki soňky 100 ýylyň dowamynda 0,8°C bolan umumy görkezijilerinden hem has öňe geçip, atmosferanyň howasynyň 2°C ýokarlanandygyny görkezýär. Bu maglumatlar ýurdumyzyň näzik ekoulgamlarynyň nähili derejede güýçli täsirlere sezewar bolýandygyny we milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini goldamak üçin uýgunlaşmak çäreleriniň durmuşa geçirilmeginiň örän wajypdygyny görkezýär. Klimatyň üýtgemegi, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, çölleşmä we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek hökmany ýagdaýda has ileri tutulýan meselelerdir, sebäbi bu meseleler ykdysadyýetiň pudaklaryna, ilki bilen hem adamlaryň saglygyna, azyk howpsuzlygyna, şol sanda suw üpjünçiligine göni täsirini ýetirýärler. Tebigy baýlyklary aýawly ulanmak, biologiýa taýdan dürlüligi gorap saklamak, çölleşmä we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, klimat hadysalarynyň ýaramaz netijelerine garşy durmak bilen baglylykda daşky gurşawy goramagyň meseleleriniň Türkmenistanyň Hökümetiniň gün tertibinde esasy orun tutýandygyny bellemek hökmandyr. Döwletiň bu meselelere düýpli üns bermegi, ilki bilen, ekologiýa we durmuş-ykdysady taýdan, şeýle hem ýurduň sebit we halkara derejesinde klimatyň üýtgemegine, biodürlüligi we wajyp ekoulgamlary gorap saklamaklyga gönükdirilen düşünjeler bilen kesgitlenýär. Tebigat bilen sazlaşykda, jemgyýetiň durnukly geljeginiň gurulmagyny gazanmakda ýurdumyzyň halkara, sebit we milli derejede edýän tagallalarynyň esasy meselesi bolup durýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň aýtymynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan aýawly peýdalanmak, klimatyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreş, transport we logistika çäklerinde öňe süren başlangyçlary biziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary babatda oňyn syýasatyň tarapdarydygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýete geçmeklige tarap ugur aldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň gol çeken we tassyklan halkara ylalaşyklarynyň we konwensiýalarynyň, maksatnamalarynyň we teswirnamalarynyň sany 25-den geçdi hem-de ýurdumyz bu ylalaşyklaryň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny berk ýerine ýetirýär. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (HÜÇK) teklipleri esasynda, ýurdumyzyň ýerli klimat şertleriniň aýratynlyklaryny we Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen baglylykda öz borçnamalaryny göz öňünde tutup, 2019 - njy ýylda Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi, ol klimatyň üýtgemegi meseleleriniň milli ýagdaýyny göz öňünde tutýar hem-de klimatyň üýtgemegi, onuň täsirleri bilen bagly ýurduň döwlet syýasatynyň kämilleşdirilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasyny düzýär.
Türkmenistanda häzirki wagtda şu Strategiýa laýyklykda ähmiýetli amaly işlere girişilip, klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň soraglaryny ykdysady hem durmuş maksatly strategiýalara, şeýle hem durnukly ösüşiň maksatnamalaryna utgaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işler geçirilýär. Bu maksatnamalaryň we strategiýalaryň durmuşa geçirilmegi ýurduň pesuglerodly ösüşini tizleşdirmäge, şeýle hem BMG-niň HÜÇK-niň, Howa boýunça Pariž ylalaşygynyň hem-de ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna degişli kabul edilen halkara şertnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine ýardam eder. Türkmenistan 2022-nji ýylda Howa boýunça Pariž ylalaşygyna laýyklykda özüniň Milli derejedäki kesgitlenen goşandyny (MDKG) taýýarlady we BMG-niň HÜÇK-niň Sekretariatyna gowşurdy, oňa laýyklykda ýurtda parnik gazlarynyň (PG) zyňyndysynyň ösüş depgini gitdigiçe azaldylar, şeýle hem energiýanyň netijeliliginiň önümçilige has çalt depginlerde ornaşdyrylmagyna garaşylýar. Parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň jemi içerki önümiň (JIÖ) birligine düşýän paýy hem azalar.
Ykdysadyýetiň ösüş meýilnamasy 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün edýär, şol bir wagtda hem, parnik gazlarynyň ösüş depginleri içerki jemi önümiň ösüş depgininden has yza galar. Türkmenistan Ählumumy Metan Borçnamasyna goşulyşdy we metanyň zyňylmagyny azaltmak maksady bilen, ony durmuşa geçirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyna girişdi. Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda täze tehnologiýalary işe ornaşdyrmak we nebit bilen ugurdaş gazy gaýtadan ulanmagyň göwrümini artdyrmak hemde çykarylanda, daşalanda, saklananda we gaýtadan işlenende ýitgileri azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär. Geçirilýän anyk işler ýurtda ekologiýa ýagdaýynyň oňatlaşmagyna we halkara ylalaşyklaryň hem-de konwensiýalaryň çäklerinde öz borçlaryny ýerin eýe tirmeklige ýardam edýär. Türkmenistan 2025-nji ýylda Howanyň üýtgemegi barada ilkinji ikiýyllyk we Aýdyňlyk barada ilkinji ikiýyllyk hasabatlaryny taýýarlady, şeýle hem BMG-niň HÜÇK-si boýunça Klimatyň üýtgemegi barada dördünji Milli hasabatyny taýýarlamaklygy tamamlap barýar. Uýgunlaşmak boýunça ählumumy tagallalary bütinleý goldamak bilen, BMG-niň HÜÇK-niň Taraplarynyň Maslahatynyň 26-njy mejlisinde Türkmenistan Tokaýlar we ýerden peýdalanmak boýunça Glazgo Jarnamasyna goşulyşdy. Ýurtda agaç ekmek boýunça uly gerimli işler ýaýbaňlandyryldy, tokaýlary dikeltmek işleri umumymilli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Milli tokay maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, oňa laýyklykda ýurdumyzda her ýylda agaçlaryň pürli we ýaprakly görnüşleriniň, şeýle hem miweli baglaryň hem-de üzümiň 3 milliondan az bolmadyk düýpleri ekilýär. Bu asylly işleri amala aşyrmakda ilatyň ähli gatlaklary, hem-me döwlet we hususy düzümleri gatnaşýarlar. Soňky doly bolmadyk 30 ýylyň içinde 162,5 million düýp agaç nahallary ekildi, umumylykda 228 müň gektarda täze emeli tokay zolaklary peýda boldy, ähli ýerlerde durnukly ýer ulanylyşy ornaşdyrylýar, tebigy ekoulgamlar dikeldilýär. Tokaý hojalygynyň klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagy üçin köpsanly uýgunlaşmak çäreleri meýilleşdirildi, olar parnik gazlaryny ýygnaýjylar hem siňdirijiler hökmünde tokaýlary goramak we hilini oňatlaşdyrmak; tokaý hojalygyny alyp barmagyň amatly usullaryny ulanmak arkaly tokaýlary dikeltmek we tokaýlaşdyrmak; tokaýlaryň täze meýdanlaryny döretmek hem-de beýleki çäreleri öz içine alýar. Türkmenistanyň biologiýa taýdan dürlüligi tebigy baýlyk bolup, ýurduň ykdysadyýetinde, medeniýetinde we halkyň däp-dessurlarynda möhüm orny eýeleýär. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň tutýan meýdany ählumumy ähmiýetli ekologiýa sebitleriniň birine girýär we onuň çäklerinde biologiki we genetiki dürlüligiň iki sany uly möhüm nokatlary – Köpetdag-Horasan (Köpetdag, Uly we Kiçi Balkan daglary) hem-de Merkeziaziýa (Köýtendag) daglyk ýerleri ýerleşýär. Balkan dagynyň ösümlikleriniň görnüş düzüminiň 16% çenlisi milli ýa-da sebitiň endemigi hasaplanylýar, Köpetdagyň ösümlikleriniň endemikliginiň derejesi bolsa 18% ýetýär. Bu daglar aýrak, sakally umga, alynkyaziýa alajagaplaňy ýaly seýrek görnüşleriň ýaşaýan mekanydyr.
Alajagaplaňyň sebitdäki ýaýrawynyň çäginde Köpetdagda iň uly populýasiýasy ýaýrandyr, onuň sany Uly Balkanda hem artýar, galybersede ol özüniň ýaýrawyny hem giňeldýär, ýagny ýurduň demirgazyk-günbatarynda –Günorta Üstýurtda, hatda biziň ýurdumyzyň çäklerinden daşynda – Gazagystanyň çäklerinde-de hasaba alyndy. Häzirki wagtda, bu ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, Uly we Kiçi Balkanda hem-de Günorta Üstýurtda täze aýratyn goralýan tebigy ýerleri (AGTÝ) döretmek boýunça işler geçirilýär. Aslynda, biodürlüligi goramagyň
has netijeli ýoly hökmünde AGTÝ-iň ulgamynyň giňeldilmegine ýurtda uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde, ýokarda agzalan Balkan goraghanasyndan başga hem ýenede üç sany – Daşoguz welaýatynda Zeňňibaba, Lebap welaýatynda Pitnek we Tallymerjen döwlet çäkli goraghanalarynyň döredilmegi bellenildi. Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň 45-nji mejlisinde “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly transmilli hödürnamanyň birnäçe obýektleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi .
Gazagystanyň we Özbegistanyň obýektleri bilen bir hatarda, bu sanawa “Bereketli Garagum” we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň, şeýle hem Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň goşulmagy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň tebigy baýlyklary bolan – ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak we artdyrmak boýunça edýän tagallalarynyň halkara derejesinde uly goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnaly
Jumamyrat Saparmyradow Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty,biologiýa ylymlarynyň kandidaty
Altyn Kakageldiýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti