Hazar deňziniň türkmen bölegindäki balyklar

163
   Ýurdumyzda bar bolan 9 sany döwlet tebigy goraghanalaryň arasynda  Hazar döwlet tebigy goraghanasy ýeke-täk deňiz goraghanasydyr. Sebäbi onuň tutýan meýdanynyň 70 göterimi golaýy deňiz suw giňişlikleri eýeleýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň esasy baýlyklaryň biri hem balyklardyr.
   Hazar deňziniň türkmen böleginde balyklaryň dürli görnüşleri we şol sanda, senagat taýdan özleşdirilýän gymmat bahaly bolan balyklar duş gelýärler. Deňizde ýaşaýan balyklaryň köp görnüşleri üçin kesgitli bir araçäk ýokdur. Onuň demirgazyk böleginde ýaşaýan görnüşler belli bir möwsümde günorta bölegine ýa-da tersine, günortadakylar demirgazyk bölekde duş gelip bilýärler. Şeýle göçüşler balyklaryň esasan köpeliş, iýmitleniş we gyşlaýyş migrasiýalary bilen arabaglanyşyklydyr.
Hazar deňziniň suw derejesiniň döwürleýin üýtgemegi hem suw ýatagynyň ekologiýasyna we käbir görnüşleriň ýaşaýyş arealyna belli bir derejede täsirini ýetirýär.
Hazar deňziniň türkmen böleginde duş gelýän balyklaryň jemi 15 topary (otrýad) bar. Şol toparlara girýän görnüşleriň aglabasy senagat taýdan özleşdirilen gymmatbahaly balyklaryň hataryna degişlidir. Olara mysal edip dokyny, tiranany, rus bekresini, pars bekresini, ak azatmahyny, kepir, çapak we beýlekileri görkezmek bolar. 
   Balyklaryň käbir görnüşleriň köpeliş ýagdaýy deňze gelip goşulýan derýalar bilen arabaglanşyklydyr. Mysal üçin bekre balyklaryň ähli görnüşleri, azatmahylar, takgazlardan wolga takgazy, arkasy gara takgaz, kefirler, çapaklar we beýlekiler işbil taşlap köpelmek üçin ýaz aýlarynda deňze gelip goşulýan süýji suwly derýalara girýärler. Olaryň işbilleri şol derýalarda biraz ösüp ulalandan soňra açyk deňze çykýarlar. 
   Beýleki käbir görnüşleri bolsa mysal üçin kefallar, takgazlaryň käbir görnüşleri, çortanlar külke balyklary we beýlekiler açyk deňziň şor suwunda ýaşaýarlar hem-de şol ýerlerde işbil taşlap köpelýärler.
Türkmen suwlarynda täze görnüşleriň ýüze çykarylmagy ugrundaky ylmy-barlag işlerini mundan beýläk hem dowam etdirmeli. Şeýle hem göçüp gelýän görnüşlerini aýap saklamak ugrunda gorag çärelerini amala aşyrmaly.
 
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň uly laboranty A.Namatowa 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04