Tebigatyň sazlaşykly dünýäsi

99
    Ýakymly pütün ösümligi açyk melewşe gülleri bilen dag derelere täsin bezeg berýär. Pütün ösümligi dodakgülüler maşgalasyna degişli bolup, onuň boýy 120 sm çenli ýetýär. Bu görnüşiň dermanlyk häsiýetleri, ýaýran ýerleri barada gymmatly ylmy maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” baradaky ylmy kitabynda aýratyn bellenilýär. Türkmenistanda pütüniň iki görnüşi: Köýtendagda “Köýtendag pütüni” (Perovskia scrophulariifolia),  Köpetdagda “Ýakymly pütin”  (Perovskia abrotanoides) ösýär. Ýakymly pütün Uly Balkan we Kiçi Balkan daglarynda, Kürendagda, Günorta-Günbatar Köpetdagda, Merkezi Köpetdagda, Gündogar Köpetdagda ýaýrandyr. Häzirki wagtda ýakymly pütün köpçülikleýin gülleýär, hat-da oktýabr aýynda hem  gülleýän düýplerini görmek bolýar. Bu ösümligiň gülleri mör-möjekleriň dürli görnüşi üçin esasy iýmit bolup hyzmat edýär. Mör-möjekleriň görnüş dürlüligini öwrenýän hünärmenler-entomologlar üçin pütüniň gülleýän döwri ylmy maglumatlary ýygnamakda amatly pursatlaryň biri. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Garaýalçy hoz tokaýlygynyň deresinde 2025-nji ýylyň  iýul aýynda geçirilen ylmy gözegçiliklerimizde bu ösümligiň gül şiresinden iýmitlenýän birnäçe mör-möjekleriň, esasan hem Perdeganatlylara, Teňňeganatlylara degişli görnüşleriň agdyklyk edýändigi anyklandy, şeýlelikde kebelekleriň dürli görnüşiniň ylmy adyny kesgitlemäge we surata düşürmäge uly mümkinçilikler döredi. Garaýalçy deresinde entomolog alymlaryň öň geçiren (W.W.Dubatolow, 1990) hem-de soňky  ýyllarda biziň geçiren gözegçiliklerimiziň netijesinde kebelekleriň serhoş kebelekler ýa-da bražnikler maşgalasyna degişli  3 görnüşi:  Günorta seudek kebelegi - (Hyles nicaea, южный молочайный бражник) Garaýalçyda, Mürzedagda, Bakjada, Duşakerekdagda, Uly Balkan dagynda seudek ösümliginde gurçuklary hem-de  hortumlyja adaty bražnik (Macroglossum stellatarum L.,- хоботник обыкновенный) we   Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň sanawuna girizilen Aýypisint ýa-da Üç gat serhoş kebelegi  - (Hemaris fuciformis L. – Шмелевидка жимолостневая) hasaba alyndy. 
  Bu kebelekleriň pütüniň gülünden iýmitlenýän pursadyny synlamak hem täsin, olar ösümlige gonmazdan, howada saklanyp,  uzak aralyklardan holtumjygy bilen gül şiresi bilen iýmitlenmegi başarýarlar. Olaryň ýokary tizlikde edýän hereketlerinden surata düşürmek hem aňsat iş däldi. Şeýle bolsa-da Gyzyl kitaba girizilen owadanja Üç gat bražnigiň dürli uçuş ýagdaýdaky hereketiniň suraty alyndy. Pütüniň gülünde Mahmal pisint kebeleklere (Satyridae), Mawy kebelejilklere (Lycanidae), Ak kebeleklere (Pieridae), Nimfalidlere (Nimphalidae) degişli görnüşlere duş geldik. Şeýle hem Arylaryň dürli görnüşi üçin pütüniň gülleri uly ähmiýete eýedir. Balarylar maşgalasyna degişli görnüşleri güýz aýlary hem pütüniň güllerinde görmek bolýar. Gül şiresinden owazly iýmitlenýän Perdeganatlylar otrýadynyň Antoforidler maşgalasyna degişli görnüşler hem hasaba alyndy. Bu maşgala degişli Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Melewşe balarysynyň (Xylocopa violaceae) ýeke-täk bellenilen ýeri Günorta-Günbatar Köpetdag, Ýoldere jülgesi. Melewşe balarysynyň hem bu çäklerde, ýagny Merkezi  Köpetdag bilen Günbatar Köpetdagyň sebitleşýän çäklerinde, Garaýalçy deresinde ýaýran ýerlerini öwrenmegiň wajyplygyny belläp gözegçiliklerimizi dowam edýäris. Kiçi Balkan dagynda hem 2024-nji ýylyň güýz aýynda pütün ösümliginiň gülünde yşykçy kebelekleriň Crambidae maşgalasyna degişli görnüşi -  Spoladea recurvalis barada täze maglumatlar toplandy. Şeýlelikde oňurgasyz haýwanlaryň görnüşiniň birnäçesi üçin  ýakymly pütüniň uly ähmiýet berýändigini bellemek bilen ýurdumyzyň biodürlüliginiň baýlaşmagynda tebigatymyzyň özünde sazlaşykly ösüşiň dowam edýändigine ýene-de göz ýetirýäris.

Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň 
Ylmy bölümiň başlygy A.Potaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04