“Merkezi Aziýa ýurtlarynda oba hojalyk ýerlerini ösdürmek” atly okuw maslahaty dowam edýär
21Hytaý Halk Respublikasynda 2025-nji ýylyň 9-nji iýulynda başlanan “Merkezi Aziýa ýurtlarynda oba hojalyk ýerlerini ösdürmek” atly okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar “Food Valley International Exchange Center” halkara derejedäki ylmy tejribelilik merkezinde ýurduň oba hojalyk ugrunda uly tejribeleri bolan öňdebaryjy şereketleriniň işleri bilen tanyşdylar. Ýewropanyň, Amerikanyň, Afrikanyň we Aziýanyň 22 döwletinde, şol sanda Türkmenistanda hem häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan we ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan ýokary derejeli ýyladyşhanalary gurmak boýunça işleri geçiren “Lycent agricultural and technology company LTD” kompaniýasynyň wekilleri hem öz tejribeleri bilen paýlaşdylar.
