Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 07-13-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.

14
 Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24°С-dan +27...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35°С maýyldan +39...+41°С aralygynda yssy bolar.

 Arçabilde: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-11-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22°С-dan +25...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+33°С maýyldan +37...+39°С aralygynda yssy bolar.

 Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+41°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31...+36°С maýyl bolar.

 Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36°С maýyldan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.

 Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.

 Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С-dan +39...+44°С aralygynda yssy bolar.

 Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +22...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+34°С maýyldan +36...+41°С aralygynda yssy bolar.

Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-3,0 mm bolmagyna garaşylýar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04