Ýabany haýwanlary gorap saklamakda hyzmatdaşlyklar we çemeleşmeler

61
            Türkmenistan diýarymyzyň ähli pudaklarynda beýik özgerişleri we ösüşleri gazanmakda döwlet ähmiýetli, şeýle hem dünýä ähmiýetli işler yzygiderli amala aşyrylýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” şygaryna beslenen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamagyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, döwlet tebigy goraghanalarymyzyň biologik dürlüligini ylmy tarapdan öwrenmek we beýleki ugurlar boýunça  dürli ylmy maslahatlar, okuw sapaklary, onlaýyn gepleşikler gurnalýar, halkara derejesinde duşuşyklar  geçirilýär.
           Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýanyň  (CMS, Bonn konwensiýasy) Sekretariýatynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we  klimatyň üýtgemegi ministrliginiň bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde “Süýdemdiriji haýwanlary gorap saklamak boýunça Merkezi Aziýa başlangyjyna (CAMI)” gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň 3-nji duşuşygy  geçirildi. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň hünärmenleri, ylmy işgärleri we dürli jemgyýetçilik birleşikleriniň, tebigaty goramak boýunça gaznalaryň wekilleri gatnaşdylar. Konwensiýanyň esasy maksadyna laýyklykda bu duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynda we sebitdäki döwletler bilen serhetleşýän beýleki ýurtlarda ýaýran süýdemdiriji haýwanlaryň möwsümleýin göçýän görnüşlerini, esasan hem olaryň serhetüsti göçýän döwründe döreýän käbir päsgelçilikleriň oňyn çözgüdini gazanmak bilen, ol haýwanlary ýaşaýan ýaýrawlary bilen bilelikde gorap saklamakdan ybaratdyr. Sebit boýunça süýdemdiriji haýwanlaryň 15 sany göçýän görnüşleri Konwensiýanyň sanawuna teklip edildi we I-nji Goşundysyna girizildi. Şolardan aýrak ýa-da dag goçy, sugun, gulan, keýik, alajagaplaň, manul ýa-da dag pişigi, geçigaplaň ýurdumyzyň çäginde seýrek duş gelýän, dünýä ýüzünde, goralyp saklanmagy wajyp görnüşlerdir. Şeýlelikde Merkezi Aziýa boýunça süýdemdiriji haýwanlaryň ýitmek howpy abanýan, seýrek  görnüşlerini gorap saklamakda 12 sany geografiki sebitler ileri tutulýan möhüm ýerler hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzyň demirgazyk böleginde – Üstýurt belentligi, günortada Köpetdag we günorta-gündogarda Köýtendag dag gerişleri şeýle möhüm ýerleriň sanawyna girizildi. Bu ýerlerde ýaýran, sany azalýan, seýrek duş gelýän görnüşleri gorap saklamakda Türkmenistan  Bonn konwensiýasyny tassyklan gününden (2020ý), tebigy baýlyklary, şol sanda haýwanat dünýäsiniň täsin wekillerini gorap saklamaga ygrarlydygyny  görkezdi. Bu duşuşykda Konwensiýa gatnaşyjylar geljekde ýerine ýetirilmeli meýilnamalaryň üstünde işlediler. Ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyklaryň esasynda ylmy barlaglaryň geçirilmegi, gorag işleriniň güýçlendirilmegi,  tebigaty goramak hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokarlandyrmagy, onlaýn maslahatlaryň geçirilmeginiň kämilleşdirilmeginiň, şeýle hem ekologik geçelgeleriň geçirilmegi, AGTÝ meýdanlarynyň giňeldilmeginiň wajyplygy ýaly birnäçe wezipelere  seredildi.  Türkmenistanda esasan hem aýratyn goralýan tebigy ýerler, şeýle hem alajagaplaňy ylmy tarapdan öwrenmekde we gorap saklamakda geçirilýän işler barada tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri R.Nuryýew, J.Saparmyradow, ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamakda ýerine ýetirilýän işler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem  ýabany pişikler boýunça halkara ekspert T.Rozen we milli ekspert S.Karryýewa çykyş etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar Konwensiýanyň, şol sanda ýabany haýwanlayň göçýän görnüşleri boýunça Iş Meýilnamasynyň üstünde işlediler, öz aralarynda tejribe alyşdylar, geljekde ýabany haýwanlary gorap saklamakda ileri turulýan ugurlaryny bellediler.  Süýdemdiriji haýwanlary gorap saklamak boýunça Merkezi Aziýa başlangyjynyň (CAMI) geljekki geçiriljek maslahatlarynyň başlyklygyna we başlygynyň orunbasarlygyna  Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilleri bellendi.  

Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy
A.Potaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04