Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýady kämilleşýär

99
  Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň 2025-nji ýylyň 21-nji maýyndaky 99-Ö belgili buýrugy bilen “Gidrometeorologiýa beketlerindäki we gözegçilik nokatlaryndaky gidrometeorologiýa enjamlaryny ulanmagyň gollanmasy”  tassyklandy.
“Gidrometeorologiýa beketlerindäki we gözegçilik nokatlaryndaky gidrometeorologiýa enjamlaryny ulanmagyň gollanmasy” 2024-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasynyň 3-nji bendiniň “e” kiçi bendiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlandy we ol ministrligiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugunyň garamagyndaky gidrometeorologiýa beketlerindäki we gözegçilik nokatlaryndaky gidrometeorologiýa enjamlaryny ulanmak üçin gollanma bolup durýar. 
  Gidrometeorologiýa beketlerindäki we gözegçilik nokatlaryndaky gidrometeorologiýa enjamlary bu ugurdan ýokary, ýörite we başlangyç bilimleri bolan hünärmenler, hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslary tarapyndan ulanylýar.
Şeýle hem, 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň 17-nji maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen  Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň 2025-nji ýylyň 23-nji maýyndaky 100-Ö belgili buýrugy bilen “Tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almagyň, olaryň döwlet tokaý kadastryny, tokaýlaryň we tokaý gurnaýyşynyň monitoringini alyp barmagyň tertibi”  tassyklandy.
Şu tertibe laýyklykda, tokaý gaznasyny abat saklamak, goramak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy döretmek, tokaýdan peýdalanmak, tokaý gaznasynyň mukdar we hil üýtgemelerine yzygiderli gözegçilik etmek hem-de döwlet edaralaryny, gyzyklanýan ýuridik we fiziki şahslary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tokaý gaznasy hakyndaky maglumat bilen üpjün etmek Döwlet tokaý gaznasyny hasaba almagyň maksady bolup durýar.
Tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak amala aşyrylanda, tokaý gaznasyny tükellemek işleri geçirilýär. Tokaý gaznasynyň döwlet tarapyndan hasaba alnyşynyň maglumatlary Döwlet tokaý kadastry ýöredilende peýdalanylýar. Döwlet tokaý kadastry Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan döredilýär we ýöredilýär. Döwlet tokaý kadastry tokaý gaznasynyň hukuk düzgüni, ony tokaý eýelerine paýlamak, tokaý gaznasynyň mukdar we hil ýagdaýy, onuň düzümi, tokaý gaznasynyň ekologik we ykdysady häsiýetnamalary hakynda maglumatlary özünde saklaýar.
Şeýle hem şu Tertipde tokaýlary netijeli dolandyrmak, peýdalanmak, üznüksiz köpeldip durmak, abat saklamak we goramak maksady bilen tokaýlaryň monitoringini geçirmek bilen bagly kadalar giňişleýin beýan edildi. 
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligiň  Baş ýuristi J.Halbaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04