Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 30-y we iýul aýynyň 06-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.
19Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24°С-dan +25...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35°С maýyldan +39...+41°С aralygynda yssy bolar.
Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22°С-dan +23...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+33°С maýyldan +37...+39°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+41°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30...+35°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36°С maýyldan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36°С maýyldan +39...+44°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+34°С maýyldan +36...+41°С aralygynda yssy bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-3,0 mm bolmagyna garaşylýar.