Tebigat we adam
54 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň halkara güni mynasybetli “Tebigat we adam” atly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: “Ýurdymyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan, ony geljekki nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr” diýen sözleri bu çäräniň baş şygary boldy. Şeýle-de, uniwersitetiň Ylmy kitaphanasynyň baý gaznasyndaky gözel tebigatymyza, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine, daşky gurşawy gorap saklamagyň meselelerine degişli kitaplardan giň göwrümli kitap sergisi hem-de gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak boýunça dünýä we milli tejribeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp alnyp barylýan işler barada kitaphanaçylaryň çykyşlary guraldy. Ýurdumyz BMG-nyň daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýalaryna hem işjeň ýagdaýda goşulyşýar.Türkmenistan bu ugurda dünýäniň ençeme döwletleri, şeýle hem BMG, Ýewropa Bileleşigi, Dünýä ekologiýa gaznasy ýaly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen daşky gurşaw we ekologiýa meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny öňe sürýär. Türkmen halkynyň özboluşly milli aýratynlyklary ,däp-dessurlary,öz tebigatyna mahsus bolan edep-kadalary bar. Daş- töweregimizi ,tebigatymyzy arassa saklamak, ekologiýa terbiýesi bilen gurşalmak , ösümlik dünýäsine söýgi bilen garamak ýaly pähim-düşünjeler dürli nakyllarda, hekaýalarda, eserlerde öz beýanyny tapypdyr. Ekologiýa ýörelgeleri arassaçylygy, tygşytlylygy, aýawlylygy talap edýär. “Suw damjasy, altyn dänesi” diýip hasaplan pederlerimiz akar suwy hapalamazlyk, suwy bisarpa tutmazlyk, ýagyn suwlaryny tygşytly peýdalanmak maksady bilen örän köp däp-dessurlary we yrym-ynançlary döredipdirler.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çapdan çykdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik hem haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň” çäklerinde öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bereketli türkmen topragyndan rejeli peýdalanmak, onuň gözelligini gorap saklamak, ösdürmek we geljekki nesillere geçirmek Türkmenistanyň her bir raýatynyň mukaddes borjudyr. Çünki, mähriban tebigatymyzyň aladasyny etmek halkymyzyň gadymyýetden gelýän asylly däpleriniň biridir. Ekologiýa medeniýetiniň esasy maksady – jemgyýetiň aýratyn hem ýaş nesliň ekologiýa düşünjesini, milli terbiýesini kämilleşdirmek, tebigat bilen adamzadyň özara gatnaşygynyň terbiýesini ösdürmekdir. Şeýle çäreler adamyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini kemala getirmäge ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny has-da kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Ylmy kitaphanasynyň usulyýetçisi Bossan Geldimyradowa