Türkmenistanyň wekiliýeti “EcoExpoCentralAsia 2025” sergisine gatnaşdy

177
  2025-nji ýylyň 19–21-nji iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen “EcoExpoCentralAsia 2025” sergisine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary N.Jumaşowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Serginiň baş maksady – ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, howanyň üýtgemegi bilen bagly innowasion çözgütleriň we ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmegiň mümkinçiliklerini ilerletmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybarat boldy.
Serginiň açylyş dabarasynda türkmen wekiliýetiniň adyndan edilen çykyşda, Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň wajyplygy nygtaldy. Şol sanda Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Merkezi Aziýa sebiti üçin Sebit merkeziniň döredilmegi baradaky Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň “EcoExpoCentralAsia 2025” sergisine gatnaşmagy, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, tebigatyň durnukly ösüşini üpjün etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça alyp barýan syýasatynyň nobatdaky möhüm ädimidir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04